Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy ähli taraplaýyn ösdürmegi maksat edinýän milli maksatnamalar, durmuş-ykdysady özgertmeler ykdysady ösüşiň çaltlanmagynda oňyn şertleri üpjün edýär. Bu ugurda kabul edilen «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeler okgunly durmuşa geçirilýär. Ykdysady ösüşiň gazananlarynyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmaga gönükdirilmegi ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgeler esasynda adam hakynda edilýän aladanyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 24-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşynda: «Durnukly ykdysady ösüş biziň uzak möhletleýin strategiýamyzyň baş maksady bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzy hem-de özgertmelerimizi üstünlikli amala aşyrýarys. Döwlet maýa goýum syýasatynyň netijeliligini hem-de işjeňligini has-da ýokarlandyrmak üçin zerur işleri alyp barýarys. Gaýtadan işleýän we önüm öndürýän senagat pudaklaryny çalt depginlerde ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberini yzygiderli artdyrýarys» diýip belläp geçişi ýaly, daşary ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmekde hem tutumly işler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň binýatlyk pudagy bolan ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, söwda, senagat ugurlaryndaky özara netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Hut şu nukdaýnazardan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine hem-de ýörelgesine daýanmak bilen, ýurdumyz halkara maýa goýum mümkinçiliklerini netijeli ulanmak, maýa goýum möçberlerini artdyrmak meselelerine we daşary ýurtly işewürler bilen hyzmatdaşlyga aýratyn üns berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşary ýurtlara amala aşyrýan saparlarynyň dowamynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak we hil taýdan täze derejelere çykarmak babatda gazanylýan ylalaşyklary munuň subutnamasy hökmünde görkezmek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň şu ýylyň sentýabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasyna iş saparynyň çäklerinde Türkmen-german işewürlik maslahatyna gatnaşmagy täze taryhy döwürde iki ýurduň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge oňyn itergi berdi. Işewürlik maslahatynyň esasy maksady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmakdan we geljekki netijeli gatnaşyklary meýilleşdirmek üçin möhüm teklipleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Ulag-aragatnaşyk ulgamynda, şeýle hem suw serişdelerini dolandyrmak, himiýa pudagy, senagat we gurluşyk önümçiligi hem-de beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen ylalaşyklaryň ençemesine gol çekilmegi iki ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, özara bähbitli we netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam eder.
Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň oktýabrynda Türkiýe döwletine saparynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýan döwletara gatnaşyklarynda, iki döwletiň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlykda wajyp ähmiýete eýe bolandygyny aýratyn bellemek gerek. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda geçen Türkmen-türk işewürlik maslahaty maýa goýumlar, energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy, senagat pudaklary, ylym we tehnika ulgamlaryny ösdürmekde bilelikdäki tagallalaryň durmuşa geçirilmegine täze badalga berdi. Şol bir wagtda hem umumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde aýgytly ädim boldy. Umuman aýdanyňda, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak we ata Watanymyzy ykdysady taýdan has ösen döwletleriň hataryna çykarmak, ýurdumyzyň önümçilik-ykdysady binýadyny berkitmek we döwrebaplaşdyrmak döwlet ykdysady syýasatynyň mazmunyny düzýär.
Bedew bady bilen ösüşlerden-ösüşlere barýan eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy ugrunda uly tutumlary durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!
Şirin ARRYKOWA,
Türkmenistanyň Merkezi bankynyň welaýat şahamçasynyň ykdysady seljeriş we jemleýiş bölüminiň baş hünärmeni.