Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny durmuşa geçirýän Türkmenistanyň milli ykdysadyýeti barha ösýär. Mähriban ýurdumyzyň beýik ösüşleri, ykdysady kuwwaty halkymyzyň abadan durmuşyna, bagtyýarlygyna gönükdirilýär. Şeýle hem geljegimiziň has-da ösüşli bolmagyny, döwrebap mümkinçilikleriň döredilmegini nazara alýar.
Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze maksatnamada ykdysadyýetiň ähli ugurlary aýdyň beýan edilýär, möhüm maksatlar öňde goýulýar. Berkarar Watanymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän täze sepgitler hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň, durmuşa geçirilýän belent maksatlaryň rowaçlanýandygyny görkezdi. Gazanylan beýik ösüşler ýurdumyzyň aýdyň ýollardan barýandygyny we röwşen geljeginiň has-da ösüşlidigini dünýä aýan etdi. Döwür öňe tarap barýar, durmuş ösýär, özgerýär, täze sepgitlere eýe bolýar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda gazanylýan beýik ösüşler buýsançly wakalar bolup kalba dolýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi, sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy döwrebap üstünlikleri üpjün edýär. Ýurdumyzyň dürli pudaklarynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri ýokarlanýar, iň döwrebap usullar ýola goýulýar. Bu bolsa ösüşiň tizligini, işleriň kämilligini has-da ýokarlandyrýar. Şeýle döwrebap işleri kämil alyp barmakda hünärmenleriň hem kämilliginiň möhümdigini bellemek gerek. Şunda ýaş nesilleriň döwrebap bilimli, ösen aň-düşünjeli bolmagyny gazanmak baş maksat bolup durýar. Şonuň üçin hem bilimli ýaşlary kemala getirmek, olaryň döwrebap bilimlere eýe bolmaklaryny gazanmak üçin uly işleriň durmuşa geçirilýändigini hem bellemelidiris. Häzirki döwürde ýaşlar hakynda uly aladalar edilýär. Şeýle beýik işleriň alnyp barylýandygyna hormatly
Prezidentimiziň parasatly sözlerinden hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Hormatly
Prezidentimiz şeýle belleýär: «Milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler».
Şundan görnüşi ýaly, kämil hünärmenleri ýetişdirmek, sanly ykdysadyýeti sazlaşykly, döwrebap ösdürmek üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň esasy ugry hökmünde hünärmenleriň başarnygy, kämilligi nazara alynýar. Şunda kämil hünärmenleri ýetişdirmek, zehinli ýaşlara giň mümkinçilikleri döretmek esasy ugur bolup durýar. Şonuň üçin hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrümizde ylym-bilimiň ösdürilmegi, ilki bilen, kämil hünärmenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmek üçin we döwrebaplaşdyrmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ykdysadyýet ähli pudaklaryň ösüşini we möhüm ugurlaryny özünde jemleýär, çünki ösüşiň ýokarylygy ykdysadyýetiň kuwwatlylygy bilen berk baglanyşdyrylýar. Şonuň üçin hem milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň ähli ugurlary ylmy esasda öwrenilýär we giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Munuň özi ýurdumyzyň ösüşini has-da ýokary derejelere ýetirýär.
Aşyrdurdy TOÝRYÝEW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.