Milli Liderimiz ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
6-njy fewralda döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi.
Geçen ýylda ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk ulgamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan iş maslahatyny açyp, hormatly Prezidentimiz bu ugruň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaý zerarly bu pudaklarda käbir kynçylyklar ýüze çykýar, bu bolsa olaryň önümçilik we maliýe görkezijilerine ýaramaz täsir edýär. Şoňa görä, iş maslahatynda ulag we aragatnaşyk ulgamynyň ösüş depginlerini ýokarlandyrmak maksady bilen, işleri sazlaşykly guramaga degişli meselelere seredildi.
Şoňa görä, milli Liderimiz degişli yzygiderlilikde «Türkmendemirýollary», «Türkmenaragatnaşyk», «Türkmenawtoulaglary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň başlyklarynyň ýolbaşçylyk edýän ulgamlarynda geçen ýyl boýunça ýerine ýetirilen işleriň ýagdaýy baradaky hasabatlaryny diňledi. Döwlet Baştutanymyz degişli ulgamlaryň işini kämilleşdirmek bilen bagly wezipelere ünsi çekip, anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamyna gözegçilik edýän wise-premýeri göni wideoaragatnaşyga çagyryp, Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň rektoryna söz berdi. Rektoryň hasabatynda bellenilişi ýaly, ýokary okuw mekdebiniň bilim portaly, elektron web-saýty döredildi. Kazanyň milli barlag tehniki uniwersitetiniň hem-de Astrahanyň Deňiz we derýa ulaglary Hazar institutynyň arasynda Özara düşünişmek hakynda gol çekilen Ähtnamalara laýyklykda, netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Hasabaty diňläp, milli Liderimiz institutda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi we rektora birnäçe tabşyryklary berdi.
Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň rektorynyň hasabatynda döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde «Türkmenaragatnaşyk» agentligi bilen institutyň hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän «Sanly çözgüt — IT meýdança» hojalyk jemgyýetiniň döredilendigi, dünýäniň abraýly ugurdaş ýokary okuw mekdepleri, bilim edaralary we kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk edilýändigi bellenildi. Hasabaty diňläp, hormatly Prezidentimiz institutda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirip, «TürkmenÄlem 520E» milli emeli aragatnaşyk hemrasynyň ikinji nobatdakysyny äleme çykarmak bilen baglanyşykly taýýarlyk işlerine möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy, bu babatda anyk tabşyryklary berdi.
Ulag we kommunikasiýa toplumlaryna gözegçilik edýän wise-premýer 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we şu ýyl üçin bellenen meýilnamalar barada hasabat berdi. Şu döwürde toplumyň önümçilik meýilnamasy 123 göterim berjaý edildi. Milli Liderimiz ulgamda işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň depginleriniň pesdigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi, anyk tabşyryklary berdi.
Ykdysadyýet we maliýe ulgamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň düzümleriniň maliýe-ykdysady ýagdaýy, pudagara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz bu wezipeleriň amala aşyrylyşyna berk gözegçilik etmek barada tabşyryklary berdi.
Maslahaty jemlemek bilen, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini netijeli ýola goýmak üçin ýygnananlaryň ählisiniň zerur çäreleri görmelidigini aýtdy. Toplumyň edara-kärhanalarynyň önümçilik görkezijilerini ýokarlandyrmak, girdejilerini artdyrmak üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini ýatlatdy. Milli Liderimiz bellenilen ilkinji nobatdaky wezipeleri ýerine ýetirmek üçin maslahata gatnaşyjylara anyk tabşyryklary berdi.
Sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny jemläp, döwlet Baştutanymyz oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
"Nesil".