Milli ykdysadyýetimiziň kuwwaty ýokarlanýar

Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan öndengörüjilikli ykdysady syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde bazar ykdysadyýetiniň kemala gelmeginde uly ösüş gazanylýar, düýpli sepgitlere ýetilýär. Maýa goýum syýasaty ýurdumyzyň mundan beýläk hem ýokary depginli ösüşini üpjün etmäge, täze iş ýerlerini döretmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde maýa goýumlaryň artmagy jemi içerki önümiň ösüşine uly täsirini ýetirýär. Bu görkeziji netijeli häsiýete eýe bolup, ol belli bir hojalyk subýektine goýlan maýa goýumyň netijesinde, şol subýektiň önümçiliginiň ýokarlanmagyna hem uly ýardam edýär. Maýa goýumlaryny çekmek we olary netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Maýa goýumlaryň maksatlaýyn ugrunyň möhümdigini bellemek zerurdyr. Ýurdumyza daşyndan çekilýän we içinde özleşdirilýän maýa goýumlar, bularyň ikisi hem, halkyň bähbidine, abadan ýaşaýşyna, milli ykdysadyýetiň ösüşine gönükdirlendir. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläkde has-da gowulandyrmak maksady bilen, milli Liderimiz «Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasyny» kabul etdi. Bu kabul edilen Maksatnamany üstünlikli durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy ulgamyň paýy hem uly boldy. Hususy ulgamyň wekilleri senagat kärhanalaryň döredilmegine, häzirki zaman döwrebap önümçilikleriň, söwda merkezleriniň, durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň, täze ýaşaýyş jaýlaryň gurluşygyna işjeň gatnaşýarlar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň paýtagtynda we sebitlerinde yzygiderli açylyp ulanmaga berlen täze ýaşaýyş jaýlary, söwda merkezleri we durmuş-medeni maksatly binalardyr desgalar munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň telekeçileri tarapyndan täze döwrebap innowasion tehnologiýalary milli ykdysadyýetimize işjeň ornaşdyrylýar, ekologiýa taýdan arassa, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ukyply harytlar öndürilýär. Ýurdumyzda önümçilikleri artdyrmakda we öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmakda hususy ulgamyň agzalary üstünlikli netijeleri gazanýarlar.

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň ýokary depginde ösmegini üpjün etmek, işjeň maýa goýum syýasatyny yzygiderli dowam etdirmek döwrüň talabydyr. Ýurdumyzda ylma-bilime we täze innowasiýalara esaslanýan, ykdysady, durmuş we ekologiýa taýdan amatly döwrebap tehnologiýalary özünde jemleýän kärhanalaryň sany yzygiderli artýar. Halkara ülňülerine laýyk gelýän we gurlup ulanylmaga berilýän dürli ugurly önümçilik desgalar muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Maýa goýum işjeňliginiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem, maýa goýumlaryny giňden çekmek bolup durýar hem-de bu ýagdaýy nazara almak bilen, köptaraply işewür gatnaşyklarynyň çägini yzygiderli giňeltmek üçin zerur şertler we giň mümkinçilikler döredilýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalary ykdysady we täjirçilik taýdan bähbitli bolmak bilen, sebitdäki we onuň çäklerinden daşyndaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirmäge, durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilendir. Bularyň ählisi, döwletimiziň uzakmöhletleýin ösüşini üpjün etmekde ygtybarly esas bolup durýar. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň pudaklaýyn we eýeçilik görnüşleri babatynda diwersifikasiýalaşdyrmak işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýete uýgunlaşdyrýan bazar gatnaşyklarynyň özgertmelerini amala aşyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek, milli ykdysady kuwwaty has-da berkitmek babatda alnyp barylýan işler has-da guwandyryjydyr. Berkarar Diýarymyzda erkin telekeçiligiň, harytlaryň, hyzmatlaryň hem-de işleriň maliýe serişdeleriniň erkin hereket etmegi, maýa goýujylaryň, sol sanda, daşary ýurtly maýa goýujylaryň hukuklarynyň we bähbitleriniň goragyny kepillendirýän netijeli kanunçylyk binýady emele getirildi. Işewürligi we maýa goýum işjeňligini ösdürmek, döwlet dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy usullary ornaşdyrmak hem-de täze iş orunlaryny döretmek babatda üstünlikli amala aşyrylýan beýik işler, gazanylýan oňyn netijeler ösüşleriň mundan beýläk hem rowaçlyklara beslenjekdigini şertlendirýär.

Milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän mähriban Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Güljan ATAÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/19281