Önümçiligiň durnukly we ýokary ösüş depginleri milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda diýen ýaly aýdyň görünýär. Ýurdumyzyň söwda we hyzmatlar ulgamynda, hemişe bolşy ýaly, ýokary ösüş depginleri saklanylyp gelinýär. Munuň özi bu pudaklarda işleriň sazlaşykly guralmagynyň aýdyň netijesi bolup durýar.
Türkmenistanyň energetika ulgamynyň düzümleri umumy önümçilik ösüşine mynasyp goşant goşýar. Gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde bolsa, okgunly ösüş saklanýar. Olaryň ýokary görkezijilere eýe bolmagy Türkmenistanyň ähli künjeginde gurluşyk işleriniň batly depginlerde dowam etmegini şertlendirýär.
Ykdysadyýetimize bazar gatnaşyklary guralyny ornaşdyrmagyň, onuň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň gatnaşmagynyň pugta we ygtybarly kadalaşdyryjy-hukuk binýady döredilýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty köpugurly ykdysady we serişde mümkinçilikleri bilen bilelikde, öňde durýan möhüm wezipeleriň oňyn çözgüdini üpjün edýär. Şeýlelikde, milli kanunçylygyň döwrebaplaşdyrylmagy halk hojalygy toplumynyň ähli pudaklarynda hil taýdan täze netijeleri gazanmakda milli we halkara ähmiýetli wajyp meseleleriň oňyn çözülmegine giň mümkinçilikleri açýar.
Döwlet edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlik derejesini artdyrmagyň, önümçiligi we eksporty köpugurly esasda ösdürmegiň hasabyna sazlaşykly we durnukly ykdysady ösüşiň möhüm guralyny döretmek häzirki döwrüň baş wezipesi bolup durýar.
Ykdysady syýasatyň täze tapgyry maksatnamalaýyn we uzak möhletleýin bähbitleri göz öňünde tutmak, ykdysady mümkinçilikleri artdyrmak maksady bilen, onuň maýa goýum ýagdaýynyň döredilmegi ykdysady we dolandyryş ähmiýetli çözgütleriň kabul edilmegini nazarlaýar. Şunlukda, bäsdeşlik esasynda döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek ähmiýetli bolup durýar.
Arkadag Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary netijesinde ýurdumyzyň sebitlerini hemmetaraplaýyn ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Durmuş-ykdysady taýdan ösüş, ilatyň abadançylygyny we ýurdumyzyň ekologiýa derejesini gowulandyrmak, welaýatlaryň ilatynyň durmuş derejesini ösdürmek, önümçilik pudaklaryny dolandyrmakda netijeliligi ýokarlandyrmak işlenip taýýarlanylan maksatnamalaryň baş wezipeleridir. Täzeçil usullara esaslanýan döwlet kadalaşdyryş ulgamynyň hil babatdaky görkezijilerine baha bermäge mümkinçilik döredýän bitewi ulgamyň emele gelmegi welaýatlary ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.
Döwletimiziň ýokary makroykdysady görkezijilere eýe bolýandygyny bellemek bilen, ýurdumyzyň milli baýlyklarynyň toplanmagyny we olaryň netijeli peýdalanylmagyny höweslendirýän häzirki zaman salgyt ulgamynyň döredilmegine gönükdirilen salgyt syýasaty ykdysady strategiýa döwletiň we jemgyýetiň bähbitlerini utgaşdyrmaga, durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Telekeçiligi ösdürmek milli Liderimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň hemmetaraplaýyn goldawy we kiçi hem-de orta telekeçiligiň höweslendirilmegini nazarlaýan başlangyçlary netijesinde, ýurdumyzda telekeçilik ulgamynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berildi. Häzirki döwürde hususy bölegiň wekilleri daşary ýurt kompaniýalary bilen bir hatarda, gurluşyk pudagynda, gurluşyk serişdeleriniň önümçiliginde möhüm taslamalary durmuşa geçirmäge, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen wezipeleri çözmäge işjeň gatnaşýarlar, gazanan serişdelerini öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan önümçilige gönükdirýärler. Olar dünýäniň bazar ykdysadyýetiniň ýagdaýlaryny işjeň öwrenip, täze ugurlarda giň möçberli işleri amala aşyrýarlar. Bu bolsa önümçilik kuwwatynyň artmagyna, olaryň hiliniň ýokarlanmagyna we harytlaryň elýeterliliginiň, şeýle hem täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berýär. Döwlete dahylly bolmadyk pudagyň maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanmagyny, ýurdumyzyň hususyýetçileriniň we daşary ýurt maýadarlarynyň kärhanalaryň döwrebaplaşdyrylmagyna çekilmegini şertlendirýän oňaýly ýagdaýyň döredilmegi, şeýle hem iri önümçilik we durmuş maksatly taslamalara döwlet tarapyndan goldaw berilmegi wajyp wezipeleriň üstünlikli çözülmegi üçin ygtybarly binýady emele getirýär.
Soňky ýyllarda Türkmenistan dünýäniň dürli döwletleri, öňdebaryjy maliýe we ykdysady düzümler bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldip, halkara gatnaşyklary ulgamyndaky eýeleýän ornuny pugtalandyrdy. Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýleki iri maliýe edaralar bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu bolsa maliýe-bank ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, ýurdumyzyň halk hojalygy toplumynyň birnäçe pudaklaryna maýa serişdeleriniň çekilmeginiň möhüm şertidir.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ykdysadyýetiň sanly ulgama geçmegini çaltlandyrmak möhümdir. Dünýä tejribesi döwlet ösdügiçe, onuň durmuşynda maglumat tehnologiýalarynyň möhüm orun eýeleýändigini görkezýär. Türkmenistanda bu ulgamy we täzeçil maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar, maglumat-tehnologiýa ulgamy boýunça ýokary hünärli işgärler taýýarlanylýar. Sanly ulgam boýunça işgärleriň sowatlylygyny ýokarlandyrmak üçin ýörite maksatnama taýýarlanyldy. Ýokary okuw mekdepleriniň we okuw merkezleriniň hünäri kämilleşdiriş merkezlerinde bu ugurdan okuwlar geçirilýär.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň ykdysadyýetinde amala aşyrylýan işler döwletiň we işewürlik düzümleriniň özara gatnaşyklarynyň sazlaşygyny döretmekde, häzirki zaman ylmyny we tehnologiýasyny ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty we ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasy möhüm wezipeleri üstünlikli çözmegiň wajyp şertini emele getirýär.
Serdar ARAZOW,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Ykdysady meseleler baradaky komitetiň başlygynyň orunbasary.