Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalar durmuşa geçirilip, belent sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini gazanmak üçin öňe ädilýän ädimler özüniň oňyn netijesini berýär. Bazar gatnaşyklarynyň çalt depginler bilen ösýän häzirki zaman şertlerinde bu babatda alnyp barylýan beýik işler aýratyn nygtalmaga mynasypdyr. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan durmuş-ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň biri-de telekeçilik ulgamyny hemmetaraplaýyn ösdürmekden we onuň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Bazar ykdysadyýeti şertlerinde işewürlik we hususy telekeçilik işi giň gerime eýe boldy. Ilata edilýän hyzmatlaryň möçberi artýar. Dünýä işewürliginde gazanylýan oňyn netijeler, tejribeler we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ulgamyň işini kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.
Häzirki wagtda ilatyň ösen isleglerini kanagatlandyrmakda, önümleriň hilini gowulandyrmakda, ýokary hilli önümleri taýýarlamakda we alyş-çalşy ýokarlandyrmakda, hyzmatdaşlygy ösdürmekde maksada okgunly işler durmuşa geçirilýär. Kiçi we orta telekeçilik bu pudagyň kuwwatyny artdyrýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda oba hojalyk we azyk önümleriniň öndürilişiniň ösüşi 136 göterimden gowraga, senagat önümleriniň ösüşi bolsa 119 göterime deň boldy. Bu ykdysady görkezijilerden çen tutsaň, onda bazar ykdysadyýeti şertlerinde önümçilik kuwwatynyň möçberiniň ep-esli artyp, önümiň öndürilişiniň, girdejiniň, peýdanyň ýokarlanmagyna alyp barandygyny bellemek bolar.
Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen işlenilip taýýarlanylan elektron senagaty döretmek we ösdürmek boýunça wezipeleriň durmuşa geçirilmegine telekeçiler mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Häzirki wagtda ýurdumyzda gurulýan iri desgalarda telekeçileriň mynasyp goşandy bar. Telekeçiler önümçilik we durmuş maksatly desgalary — ýaşaýyş jaýlaryny we zawodlary, mekdepleri hem-de çagalar baglaryny, saglygy goraýyş we sport desgalaryny, ýollary gurýarlar. Ýurdumyzyň ähli ýerinde telekeçileriň tagallalary netijesinde ägirt uly gurluşyk işleri amala aşyrylýar. Türkmen telekeçileriniň gazanýan üstünlikleri örän guwandyryjydyr.
Ine, şu ýylyň alty aýynda telekeçileriň gurup ulanmaga beren iri desgalary barada aýtsak, bu ulgamda işleriň göwnejaý ýola goýlandygyny bellemek bolar. Lebap, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda gurlan «Türkmeniň ak öýi» binalaryny, Kerkidäki Halkara howa menzilini, Farap şäherindäki «Çagalar dünýäsi» medeni-dynç alyş merkezini, ençeme ýaşaýyş toplumlaryny we beýleki desgalary ýatlap geçmek hem ýerlikli bolar.
Şonuň ýaly-da, hususy gurluşyk kompaniýalary tarapyndan uly gurluşyk işleri ýerine ýetirilýär. Bu babatda alanyňda Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň, «Aşgabat-sitiniň», şeýle hem paýtagtymyzy ösdürmegiň 17-nji tapgyrynyň desgalarynyň, Magtymguly şaýolunyň ugrundaky täze «Daşkent» seýilgähiniň taslamalarynyň taýýarlanmagyny we olaryň gurluşygyny agzamak bolar.
Şu günler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň golaýlaşmagy mynasybetli birnäçe iri desgalary açmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa halkymyzyň baýramçylyk ruhuny belende göterýär. Bu desgalaryň ählisi mukaddes Garaşsyzlyk baýramçylygyna özboluşly sowgat bolar. Şolaryň hatarynda gözel paýtagtymyzdaky täze desgalaryň ençemesi — A.Nyýazow we Hoja Ahmet Ýasawy köçeleriniň çatrygyndaky ýerasty geçelge, döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy hem-de Tähran köçesiniň ugrunda Söwda-dynç alyş we işewürlik merkezi, täze mekdepler, saglygy goraýyş edaralary açylyp ulanylmaga berler. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň Aşgabat — Tejen böleginiň gurluşygy-da tamamlanar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar. Türkmenistany durmuş-ykdysady, taýdan ösýän kuwwatly döwlete öwürmek boýunça toplumlaýyn işler amal edilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler we ýetilýän belent sepgitler halkymyzyň asuda hem parahat ýaşaýşyny üpjün edýär.
«Mugallymlar gazeti».