Milli ykdysadyýetimizi ösdürmegiň anyk wezipeleri

10-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlary gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän iş maslahatynyň gün tertibine geçip, maslahata gatnaşyjylara söz berdi. Olar öz gözegçilik edýän düzümleri tarapyndan 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de şu ýyl üçin bellenen meýilnamalar barada hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, milli ykdysadyýetimiziň mundan beýläk-de okgunly ösüşini üpjün etmek boýunça öňde durýan birnäçe möhüm wezipelere ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowyň gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi we ykdysady durnuklylygy, ösüşi üpjün etmek üçin zerur çäreleriň amala aşyrylmagynyň, dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyny nazara alyp, halk hojalygynyň pudaklary tarapyndan maliýe serişdeleriniň ulanylyşyna yzygiderli gözegçilik edilmeginiň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz ykdysadyýet we bank ulgamynyň işini gowulandyrmak üçin, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý ýylynda hemmeleriň has tijenip işlemelidigini nygtady.

Häzirki döwürde toplumda bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanyp, işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramaly. Hormatly Prezidentimiz ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda işe sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmaly, dünýä derejeli iň kämil usullary ulanmaly diýip belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylaryň her birine anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Döwlet býujetiniň oýlanyşykly düzülmeginiň we netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Býujetiň girdeji we çykdajy bölegi boýunça meýilnamalaryň berjaý edilmegine, salgytlaryň doly we wagtynda tölenmegine, býujet serişdeleriniň rejeli hem-de maksadalaýyk sarp edilişine gözegçiligi güýçlendirmeli.

Halkara tejribeden ugur alyp, býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmaly, maliýe taýdan hasabatlylygyň, salgyt salmagyň kadalaryny we usulyýetini yzygiderli kämilleşdirip durmaly. Sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzda «Elektron salgyt» ulgamyny doly işe girizmek boýunça işleri çaltlandyrmaly.

Hormatly Prezidentimiz merkezi we sebit balans toparlarynyň işini talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Şonuň ýaly-da, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we häkimlikleriň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyna düýpli seljermeleri geçirip, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri bermek barada tabşyryk berildi.

Milli Liderimiz önümçilik maksatly, hususan-da, kiçi we orta telekeçilige maýa goýumlarynyň möçberlerini we netijeliligini artdyrmak boýunça zerur işleri geçirmegiň zerurdygyny nygtady.

Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin, binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyny, maliýeleşdirilişini, Döwlet kabul ediş topary tarapyndan kabul edilip alnylyşyny we ulanyjylaryň hasabyna geçirilişini gözegçilikde saklamalydygy bellenildi.

Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli gurluşygy tamamlanmagy we ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän hem-de Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän binalaryň we desgalaryň maliýe taýdan ygtybarly üpjün edilmegini, tölegleriň öz wagtynda tölenilmegini berk gözegçilikde saklamak gerek.

Bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek üçin, kanunçylygy kämilleşdirip, gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmek mümkinçiliklerini nazara alyp, «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işini halkara tejribeden ugur alyp guramak boýunça zerur işleri geçirmeli.

Ugurdaş ýokary okuw jaýlarynyň professor-mugallymlarynyň, ykdysatçy alymlaryň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň hünärmenleri bilen bilelikde dünýä ykdysadyýetinde garaşylýan ykdysady çökgünlikleriň tapgyrlaryny yzygiderli seljermegi hem-de ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirip biljek oňaýsyz täsiriniň öňüni almak boýunça çäreleri işläp taýýarlamagy hem-de ykdysadyýet, maliýe we bank toplumy üçin ýokary dere jeli hünärmenleri taýýarlamagy döwrüň talabyna laýyklykda guramagy hökmandyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Ýokary okuw mekdepleriniň rektorlaryna döwlet we milli maksatnamalara, Konsepsiýalara laýyklykda, okuwyň hilini ýokarlandyrmak boýunça innowasion tehnologiýalary we ylmyň soňky gazananlaryny nazary taýdan öwrenip, durmuşa geçirmek boýunça işleri güýçlendirmek tabşyryldy.

Ýerine ýetirilýän ylmy işleriň hiline uly üns bermeli we olary ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna ornaşdyrylmagyny gazanmak üçin ähli zerur çäreleri görmeli. Bu ugurda dürli zehin bäsleşiklerini we telegepleşikleri yzygiderli guramaly.

Hünärmenleri taýýarlamagyň täze innowasion usullaryny giňden ornaşdyryp, döwrüň talabyna laýyk gelýän täze hünärleri girizmeli.

Ylmyň we tehnologiýalaryň, şeýle hem halkara tejribäniň gazananlaryny hasaba alyp, mugallymlaryň hünärini ýokarlandyrmak işini hemişe gözegçilikde saklamak, ykdysatçy mugallymlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler babatda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gepleşikleri yzygiderli berilmegini we makalalaryň çap edilmegini guramaly diýip, milli Liderimiz nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowa ýüzlenip, döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşini üpjün etmek, jemi içerki önümiň ösüş depginini kadaly saklamak, döwletiň girdejilerini has-da artdyrmak we ykdysadyýetde bazar gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça degişli işleri durmuşa geçirmek zerurdyr diýip belledi.

Ähli pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyny, pul üpjünçiligini, pudagara algy-bergiler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini yzygiderli seljermeli hem-de bu ýagdaýlary wagtynda çözmek boýunça çäreleri görmeli. Toplumyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işini kämilleşdirmeli hem-de bellenen meýilnamalaryň öz wagtynda ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmeli diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Döwlet emlägini hususylaşdyrmak boýunça işleri giň gerimde alyp barmagyň, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri bilen bilelikde hususylaşdyrmaga degişli desgalaryň sanawyny taýýarlamak boýunça guramaçylyk işlerini güýçlendirmegiň wajypdygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda geçen ýylda alnyp barlan işler jikme-jik we düýpli seljerildi. Şonuň netijesinde, bu pudaklaryň işindäki köp sanly kemçilikler maliýe-ykdysady toplumyň ýaramaz işlemegi, wise-premýer G.Müşşikowyň ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gowşak ýolbaşçylyk etmegi netijesinde emele geldi diýen pikir döredi.

Hormatly Prezidentimiz tabşyryklaryň berlendigine garamazdan, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň maliýe ýagdaýlary düýpli öwrenilmeýär hem-de degişli teklipler berilmeýär diýip belledi. Netijede bolsa, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň esasy wezipesiniň Döwlet býujetiniň netijeli hem-de öz wagtynda ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bolup durýandygyna garamazdan, geçen ýylyň ahyrynda Döwlet býujetiniň öňündäki bergiler, ýylyň başyndaky bilen deňeşdirilende, ep-esli köpeldi.

Şeýle hem milli Liderimiz wise-premýeriň, biziň üçin örän möhüm bolan Türkmenistanyň Prezidentiniň Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine talabalaýyk gözegçilik etmeýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz banklaryň işine hem Hökümetde köp sanly nägilelikler bar diýip belledi. Merkezi bank ileri tutulýan milli maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge işjeň gatnaşmalydyr hem-de ykdysadyýetiň önümçilik pudaklaryny karzlaşdyrmak boýunça beýleki banklaryň işini ýokarlandyrmalydyr.

Ýarym ýylyň jemleri boýunça bank toplumynyň işine ýene-de bir gezek düýpli serediler we şonda Merkezi bankyň we beýleki banklaryň ýolbaşçylarynyň işine gutarnykly baha berler.

Döwlet Baştutanymyz degişli Buýruklara gol çekip, wise-premýere ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe we bank toplumynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de depginli ösdürmäge ýardam berjek çäreleri işläp düzmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

«Daşoguz habarlary».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20662