Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçirýän Ministrler Kabinetiniň her bir, şol sanda giňişleýin mejlisi, iş maslahatlary halk bähbitli beýik işlere beslenýär. Şonuň üçin hem milli Liderimiziň gatnaşmagynda geçirilýän çäreler, wakalar biziň her birimizde çuňňur gyzyklanma döredýär. Hökümetiň mejlislerinde, iş maslahatlarda döwlet syýasatynyň wajyp meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garalyp, degişli çözgütler kabul edilýär. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşýan çäreleri bolsa Watanymyzyň häzirki zaman taryhynyň senenamasyny möhüm waka hökmünde bezeýär we baýlaşdyrýar.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halk hojalyk toplumynyň pudaklaryny, şeýle hem telekeçilik ulgamyny okgunly ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen görülýän anyk çäreleriň oňyn netijesi, ilkinji nobatda, makroykdysady görkezijilerde öz beýanyny tapýar. Şonuň üçin biz jemi içerki önümiň, bölek-satuw haryt dolanyşygynyň depginlerine, şeýle hem maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlaryny özleşdirmek boýunça meýilnamalaryň ýerine ýetirilişine aýratyn gyzyklanma bildirýäris. Sebäbi olar hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda içeri we daşary syýasatyň, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň», Oba milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň görkezijileridir.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 5,2 göterim, bölek-satuw haryt dolanyşygy 17,5 göterim, daşary söwda dolanyşygynyň möçberi 3,5 göterim ýokarlandy.
Bu maglumatlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan Watanymyzyň giň gerimli özgertmeler ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýandygyny beýan edýär. Amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksady bolsa ýurdumyzy, şol sanda onuň ykdysadyýetini ösdürmekden, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekden, Watanymyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Üstünlikli durmuşa geçirilýän özgertmeler, ilkinji nobatda, milli ykdysadyýetimizi, şol sanda onuň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek arkaly Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga gönükdirilendir. Hut şu maksat bilen, hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň, onuň her bir pudagynyň ösüşi bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli ähmiýet berýär hem-de bu babatda jogapkärli wezipeleri kesgitleýär.
Häzirki wagtda özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen ýurdumyzyň senagat, gurluşyk, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalyk, energetika, ylym-bilim we beýleki pudaklarynda oňyn netijeler gazanylýar. Olar Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da artdyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolýar.
Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak maksady bilen, milli ykdysadyýetimiziň meselelerine yzygiderli ähmiýet berýändigini bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 11-nji martynda geçiren iş maslahatynyň gün tertibine ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň möhüm meseleleriniň girizilmegi munuň subutnamasydyr. Şonda milli Liderimiz ýurdumyzda makroykdysady ýagdaýyň durnukly bolmagynda galýandygyny belläp: «Häzirki döwürde ýokary we durnukly ösüş ýeterlik derejede üpjün edilýär» diýip aýtdy.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklarynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagy wajypdyr. Şeýle hem önümçilik kuwwatlyklarynyň artdyrylmagyna we bu ugurda ylmyň ýokary gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Oba hojalyk toplumy milli ykdysadyýetimizde aýratyn orun eýeleýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçýän 2021-nji ýylda ýurdumyzyň ýüpekçileriniň pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirmekleri, edermen gallaçylarymyzyň guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny öndürip, Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrmaklary milli ykdysadyýetimiziň gazananlaryny baýlaşdyran ajaýyp zähmet üstünligi boldy.
Şu ýyl halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Malaý» gaz känindäki täze gaz gysyjy desganyň, Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň dabaraly ýagdaýda açylmagy, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda täze ýyladyşhana toplumlarynyň işine badalga berilmegi hem milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny sazlaşykly ösdürmek barada edilýän tagallanyň aýdyň beýanydyr.
Häzirki wagtda «Gurýan döwlet gurply döwletdir» diýen aýtgy ýörgünlidir. Şu nukdaýnazardan alanymyzda, paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup ulanylmaga berlen hem-de gurluşygy alnyp barylýan durmuş-ykdysady, medeni-durmuş maksatly desgalar, binalar Watanymyzy giň gurluşyk meýdançasy hökmünde häsiýetlendirmäge mümkinçilik berýär, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna ajaýyp sowgat bolup, berkarar döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarydygyny dabaralandyrýar.
Elbetde, her bir işde ussatlyk gerek. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurlup ulanylmaga berlen «Türkmeniň ak öýi» binalary ak güllerden, täze ýaşaýyş jaýlary, myhmanhanalar, bank edaralarynyň binalary dürli güllerden boglan çemenleri ýatladýar. Her gülüň öz ysynyň bolşy ýaly, olaryň hem öz gözelligi, ähmiýeti bolup, döwrümiziň Beýik Binagäri hormatly Prezidentimiziň binagärlik ussatlygyny dabaralandyryp, ýurdumyza bezeg berýärler.
Milli Liderimiziň nygtap belleýşi ýaly, täze ajaýyp binalarymyz döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadan durmuşynyň nyşanydyr, olar geljekki nesillere hemişelik ýadygär galar.
Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen bilim ulgamynyň innowasion ösüşiniň, nebitgaz toplumyna maýa goýumlarynyň çekilmeginiň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynyň hem milli ykdysadyýetimiziň ösüşine oňyn täsir edýändigini bellemek gerek. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, telekeçiligiň ösdürilmegi Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetine kuwwatly itergi berýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ösmeginde dostlukly döwletler, iri abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýete eýedigini-de bellemek gerek. Muny ýakynda, has takygy, 6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda halkara derejesinde geçirilen çäreler, şol sanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy hem-de onda sebitiň döwletleriniň söwda-ykdysady, maýa goýum, senagat we ulag-kommunikasiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy ýene-de bir gezek aýdyň görkezdi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedow Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ähmiýeti we ugurlary dogrusynda jikme-jik durup geçdi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzy ösüşe besläp, Watanymyzyň berkararlyk binýadyny berkitmek, ykdysady kuwwatyny artdyrmak barada taýsyz tagalla edýän hormatly Prezidentimiziň beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Tirkeş MÄMMEDOW,
«Mugallymlar gazeti».