16-njy fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan şu ýylyň ýanwarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garaldy.
Mejlisde ýurdumyzyň parlamenti, ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklary, medeniýet, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlary, daşary syýasat edarasy tarapyndan 2024-nji ýylyň ilkinji aýynda ýerine ýetirilen işler barada degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi. Bellenilişi ýaly, toplumlaýyn çäreleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilip, ol 6,3 göterim artdy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende jemi öndürilen önüm
8,2 göterim köpeldi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ilkinji aýynda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 10,6 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 104,8 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,1 göterim ýerine ýetirildi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
10 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Şunda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda 2024-nji ýyl üçin bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin degişli işleri alyp barmagyň möhümdigine ünsi çekip, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamak, pudaklary sazlaşykly ösdürmek boýunça zerur çäreleri görmegi dowam etdirmegiň wajypdygyny nygtady.
Şeýle-de gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalarynyň doly kuwwatynda işledilmegini gazanmak, ilaty hem-de kärhanalary elektrik energiýasy bilen durnukly üpjün etmek üçin zerur çäreleri görmek, eksport edilýän harytlaryň möçberini artdyrmak, täze ýollary gurmak we ulanylýanlarynyň durkuny täzelemek, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan iri önümçilik, durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerde ýokary hilli tamamlanmagyna berk gözegçilik etmek möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk ýubileýi hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli halkara derejedäki çäreleri ýokary derejede guramaga aýratyn üns bermegiň wajypdygyny belläp, anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz mejlisiň ahyrynda ýanwar aýynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny, şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki döwürde senagat pudaklarynda önümçiligiň möçberini artdyrmak, kuwwatlyklary netijeli ulanmak, söwda we hyzmatlar ulgamynda işleriň gerimini giňeltmek boýunça zerur işleri geçirmek wajypdyr. Döwlet býujetiniň girdejilerini we çykdajylaryny meýilleşdirilen möçberde ýerine ýetirmek babatda işleri mundan beýläk-de dowam etdirmek möhümdir. Geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 2 milliard 545 million manat boldy. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde,
24,6 göterim köpdür. Munuň özi önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmaga şert döredýär. Bu işler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga hem-de sebitlerde goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.