Mälim bolşy ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzyň 25-nji martynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi geçirildi. Onda milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek, halk hojalygyna sanly ulgamy ornaşdyrmak we Diýarymyzda häzirki zaman önümçiliklerini ýola goýmak meselelerine seredildi. Mejlisde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» gelip çykýan möhüm wezipelere aýratyn üns çekildi.
Ajaýyp wakalara we beýik ösüşlere beslenýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz milli ykdysadyýetimizi ösdürmek bilen bagly uzak geljege niýetlenen möhüm resminamalaryň kabul edilýän ýyly hökmünde taryha girýär. Munuň şeýledigini üstümizdäki ýylyň 11-nji fewralynda geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» doly tassyklaýar. Bu uzak möhletleýin maksatnama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuşa geçiriler hem-de milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we halk hojalygyny doly sanlylaşdyrmaga uly ýardam berer.
Geljek 30 ýylda ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň ähli ugurlaryny öz içine alýan Milli maksatnamada döwrebap özgertmeleri geçirmek göz öňünde tutulyp, anyk wezipeler öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda, 25-nji martda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýokarda agzalan maksatnamanyň durmuşa geçirilişiniň hemişe berk gözegçilikde saklanylmalydygyny döwlet Baştutanymyz aýratyn nygtady. Onda milli ösüş ýolumyzyň täze tapgyrynda maksatnamada göz öňünde tutulan işleri üstünlikli amala aşyrmak bilen bagly möhüm ähmiýete eýe bolan täze wezipelere üns çekildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysadyýetimizi köpugurly ösdürmek we halk hojalygynyň geljegi uly ugurlaryny has-da kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar. Hususan-da, senagat pudagyny häzirki zaman dünýä tejribesi esasynda döwrebaplaşdyrmak we oňa daşary ýurt maýa goýumlaryny giňden çekmek, innowasion tehnologiýalara esaslanýan täze önümçilikleri ýola goýmak we elektron senagaty kämilleşdirmegi dowam etmek ýaly wezipeler ileri tutulýar. Öz nobatynda bularyň ählisi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga we Türkmenistany senagat döwletine öwürmäge mümkinçilik berer.
Aýnagözel ALTYÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.