Golaýda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň ykdysadyýet, maliýe-bank toplumynda 2020-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we geljek ýyl üçin kesgitlenen anyk wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysadyýet toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, bank düzümleriniň ýolbaşçylary, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriň rektorlary gatnaşdylar.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu toplumyň alyp barýan işi ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşi, Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan üstünlikleri hem-de ýeten derejesi we halkymyzyň abadan hem-de bagtyýar durmuşy bilen berk baglanyşyklydyr.
Häzirki wagtda döwletimiz bu ulgamy ösdürmek üçin ähli zerur tagallalary edýär. Iň kämil döwrebap enjamlar satyn alynýar, pudaklaýyn edaralar we guramalar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça zerur işler amala aşyrylýar. Ýöne, muňa garamazdan, heniz bu ugurda kemçilikleriň we ulanylmaýan mümkinçilikleriň az däldigini bellemek gerek diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Toplumyň işiniň döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirilmegi, onuň düzümleriniň sazlaşykly hereketiniň üpjün edilmegi hem-de netijeliliginiň ýokarlandyrylmagy ýurdumyzyň ösüşine, kabul edilen döwlet maksatnamalarynyň öz wagtynda we doly ýerine ýetirilmegine, amala aşyrylýan özgertmeleriň depginini çaltlandyrmaga oňyn täsirini ýetirmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi hem-de şu günki maslahatda bu meseleler boýunça degişli teklipleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy.
Iş maslahatynyň dowamynda milli Liderimiz degişli ýolbaşçylaryň hasabatlaryny diňläp, toplumyň işini gowulandyrmak üçin, Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileý ýylynda hemmeleriň has tijenip işlemelidigini nygtady.
Häzirki döwürde toplumda bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanyp, işleri döwrüň talaplaryna laýyk guramaly. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylmyň we tehnologiýalaryň iň soňky gazananlary esasynda işe sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmaly, dünýä derejeli iň kämil usullary ulanmaly diýip belledi hem-de şunuň bilen baglylykda, maslahata gatnaşyjylara degişli tabşyryklary berdi.
Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygymyzyň şanly ýubileýiniň bellenilýän ýylynda döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da pugtalandyrmak we durnukly ösdürmek, ilatyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmak üçin zerur çäreleri görmeli diýip belledi. Pudaklaryň maliýe-ykdysady ýagdaýy, önümçilikleri doly kuwwatynda we bökdençsiz işletmek, pudagara algy-bergileri azaltmak boýunça yzygiderli seljermeleri geçirmek zerurdyr.
Milli Liderimiz Döwlet býujetiniň oýlanyşykly düzülmeginiň we netijeli ýerine ýetirilmegini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi. Býujetiň girdeji we çykdajy bölegi boýunça meýilnamalaryň berjaý edilmegine, salgytlaryň doly we wagtynda tölenmegine, býujet serişdeleriniň rejeli hem-de maksadalaýyk sarp edilişine gözegçiligi güýçlendirmeli.
Halkara tejribesinden ugur alyp, býujet-salgyt ulgamyny döwrebaplaşdyrmaly, maliýe taýdan hasabatlylygyň, salgyt salmagyň kadalaryny we usulyýetini yzygiderli kämilleşdirip durmaly. Sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ýurdumyzda «Elektron salgyt» ulgamyny doly işe girizmek boýunça işleri çaltlandyrmaly.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýdyp, merkezi we sebit balans toparlarynyň işini talabalaýyk guramagy tabşyrdy. Şonuň ýaly-da, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we häkimlikleriň garamagyndaky edara-kärhanalaryň maliýe-ykdysady ýagdaýyna düýpli seljermeleri geçirip, olaryň işini kämilleşdirmek boýunça teklipleri bermek barada tabşyryk berildi.
Maýa goýumlary jemi içerki önümiň esasyny düzmek bilen, ykdysadyýetiň önümçilik kuwwatyny artdyryp, ykdysady ösüşi goldaýar we goşmaça iş orunlaryny köpeltmäge ýardam berýär. Şoňa görä-de, döwlet Baştutanymyz önümçilik maksatly, hususan-da, kiçi we orta telekeçiligiň maýa goýumlarynyň möçberlerini we netijeliligini artdyrmak boýunça zerur işleriň geçirilmelidigini nygtady.
Milli Liderimiz Oba milli maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek üçin, binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyny, maliýeleşdirilişini, Döwlet kabul ediş topary tarapyndan kabul edilip ulanylyşyny we ulanyjylaryň hasabyna geçirilişini gözegçilikde saklamalydygyny belledi.
Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli gurluşygy tamamlanmagy we ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän hem-de Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän binalaryň we desgalaryň maliýe taýdan ygtybarly üpjün edilmegini, tölegleriň öz wagtynda tölenmegini berk gözegçilikde saklamak gerek.
Bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek üçin, kanunçylygy kämilleşdirip, gymmatly kagyzlaryň bazaryny ösdürmek mümkinçiliklerini nazara alyp, «Aşgabat gazna biržasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň işini halkara tejribesinden ugur alyp guramak boýunça zerur işleri geçirmeli.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, täze iş orunlaryny döretmek, zähmete ukyply raýatlary sebitler we pudaklar boýunça işe ýerleşdirmek üçin zerur işleri yzygiderli geçirmegi tabşyrdy.
«Aşgabat».