Milli ykdysadyýetde täze strategiýa

12-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2020-nji ýylyň jemlerine hem-de şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde gol çeken Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça Strategiýa» hem-de şu Strategiýany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeler hem-de innowasion ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen çäreler häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde dowam edýän maliýe çökgünliginiň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän ýaramaz täsirleriniň öňüni almakda oňyn netijeleri berdi. Şu ýylyň ýanwar aýynyň netijelerine görä, jemi içerki önümiň 5,9 göterim artandygy hem muny aýdyňlygy bilen tassyklaýar.

Türkmenistany 2025-nji ýyla çenli durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Prezident Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde hususy ulgamyň ykdysadyýetde tutýan paýynyň artmagyna uly ähmiýet berilýär hem-de kiçi we orta telekeçilik innowasion ykdysadyýeti döretmegiň aýrylmaz bölegi hökmünde işjeň ösdürilýär.

Milli Liderimiziň hemaýat-goldawlary hem-de gymmatly maslahatlary esasynda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge hem-de höweslendirmäge döwlet tarapyndan uly goldaw berilýär. Döwletiň we hususy pudagyň hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň çäklerinde milli kanunçylygy bazar ykdysadyýetiniň şertlerine görä yzygiderli kämilleşdirmek, döwlet eýeçiligine degişli bolup, ulanyşdan galan ýa-da ykdysady taýdan peýdasy az bolan, şol sanda ýurtda gurlup gutarylmadyk önümçilik hem-de beýleki desgalary we binalary bellenen tertipde hususylaşdyrmak, döwlete degişli kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek boýunça işler giňden ýaýbaňlandyrylýar.

Täze tassyklanylan Strategiýa döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmagyň we özgertmegiň, şeýle hem hususylaşdyrylmaga degişli döwlet eýeçiligindäki kärhanalaryňdyr desgalaryň işleriniň esasy ugurlary boýunça wezipelerini, Strategiýanyň amala aşyrylmagy üçin zerur bolan şertleri hem-de guramaçylyk-usuly çäreleri kesgitleýär.

Häzirki döwrüň talabyna laýyklykda, bazar ykdysadyýetiniň özbaşdak, doly hukukly ulgam hökmünde hereket edip başlamagy üçin eýeçiligiň dürli görnüşleriniň bolmagy we bazar ulgamlarynyň döredilmegi zerur bolup durýar. Şol sebäpden döwlet kärhanalaryny dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak we bazar mehanizmlerine gönükdirmek derwaýys ähmiýete eýedir.

Türkmenistanda bazar gatnaşyklaryna geçilip başlanandan bäri gowy netijeleri gazanmak başartdy. Soňky ýyllarda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi işjeňleşdirmek, onuň ykdysadyýetiň dürli pudaklaryndaky hereketini giňeltmek boýunça çäreler amala aşyryldy. Döwlet kärhanalary bilen bilelikde hususy, daşary ýurt we bilelikdäki kärhanalar, kooperatiwler, jemgyýetçilik guramalary we paýdarlar jemgyýetleri üstünlikli işleýärler.

Ykdysadyýetiň pudaklaryny kämilleşdirmek hem-de bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, «Altyn Asyr», «Aşgabat şäher telefon ulgamy», «Türkmen hemrasy», «Deňiz söwda floty», «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti, «Ätiýaçlandyryş hyzmatlary», «Türkmen Milli nebitgaz kompaniýasy», «Aşgabat gazna biržasy», «Türkmentehnogurluşyk» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri, «Türkmenturba», «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody», «Awtomobil ulag hyzmaty», «Demirýollary», «Awtoulag kärhanalar birleşigi», «Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi», «Türkmensenagat eksport-import» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri döredildi. Şeýle hem önümçilik pudaklarynyň aýry-aýry kärhanalarynyň, desgalarynyň hususylaşdyrylmagy bilen bir hatarda, balyk senagaty we syýahatçylyk pudaklary tutuşlygyna hususy ulgama ynanyldy.

2020-nji ýyldan başlap, pul-karz ulgamynda hem düýpli özgertmeler ýaýbaňlandyryldy. Ýurduň gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek hem-de maliýe ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň guramaçylyk-hukuk görnüşi üýtgedilip, açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüldi.

Täze Strategiýanyň esasy maksatlary milli ykdysadyýetimiziň ýokary depginli durnukly ösüşini üpjün etmekden, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmekden, täze tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, dolandyryşyň häzirki zaman usullary esasynda önümçiliginiň netijeliligi ýokary bolan kärhanalary döretmekden, maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmak üçin goşmaça maliýe serişdelerini çekmekden, şeýle hem döwlеtiň we hususy pudagyň gаtnаşyklаryny düzgünlеşdirmеkden, mаddy, mаliýе, intеllеktuаl, ylmy-tеhniki wе gаýry sеrişdеlеriň jеmlеnmеgi üçin hukuk şеrtlеrini dörеtmеkden, bähbitlеriň wе töwеkgеlçiliklеriň dеňаgrаmlylygyny üpjün еtmеkden ybarat bоlup durýаr.

Strategiýada bellenen wezipelere laýyklykda, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak, ykdysadyýetiň bazar mehanizmini hem-de onuň institusional düzümini kämilleşdirmek, ýurduň öz hususy kärhanalaryny döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine giňden çekmek, gozgalmaýan emlägiň obýektleriniň tehniki pasportlaşdyrylmagyny geçirmek arkaly döwlet eýeçiligindäki obýektleri doly tükellemek, eýeçiligiň dürli görnüşleriniň deň şertlerde ösmeginiň we onuň esasynda hojalygy ýöretmegiň ykdysady taýdan netijeli esaslaryny kadalaşdyrmagyň binýadynda bazar gatnaşyklaryny has-da kämilleşdirýän özgertmeleri çuňlaşdyrmak, ykdysadyýetiň düzüminde köp sanly haryt öndürijileri döretmek, senagatyň, gurluşygyň we beýleki pudaklaryň iri kärhanalaryny dolandyrmagyň dürli eýeçilikdäki düzümlerini emele getirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem möhüm strategik ugurlara degişli bolan kärhanalary hasaba almazdan, orta we iri senagat kärhanalaryny döwlet eýeçiliginden aýyrmagyň esasynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň ösüş depginlerini çaltlandyrmak, döwlet emlägini ulanmagyň hem-de dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak, döwlet kärhanalarynyň we esaslyk maýasynda döwletiň paýy bolan hojalyk (paýdarlar) jemgyýetleriniň işiniň maliýe-ykdysady görkezijilerini gowulandyrmak, şol sanda bu işi ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan öz garamagyndaky kärhanalary üçin maliýe taýdan sagdynlaşdyrmak maksatnamalaryny işläp taýýarlamak we tassyklamak arkaly amala aşyrmak meýilleşdirilýär.

Döwletiň we hususy pudagyň eýeçilik bäsdeşligini netijeli ösdürmek üçin şertleri döretmek, maliýe serişdeleriniň elýeterliligini giňeltmegi we karzlaşdyrmagy mundan beýläk hem ösdürmegiň hasabyna kiçi we orta telekeçilige maliýe-karz, maddy-tehniki kömegi bermek arkaly amatly şertleri döretmek, onuň netijeli ösmegi üçin hukuk, dolandyryş, guramaçylyk päsgelçiligini aradan aýyrmak ugrunda kadalaşdyryjy hukuk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek, kiçi we orta telekeçiligiň subýektleri tarapyndan öz öndürýän önümlerini eksport etmekde çäklendirmeleri aradan aýyrmak, maýa goýumlaryny höweslendirmek ulgamyny işläp taýýarlamak ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda durýar. Döwlet emlägini peýdalanmagy kämilleşdirmek, netijeli we maksatlaýyn ulanylmaýan emläkleri, esasy serişdeleri, ilkinji nobatda, binalary, desgalarydyr enjamlary döwlete dahylsyz taraplara kärendesine bermek, döwlet emlägini peýdalanmakdan gelip gowuşýan salgyt däl serişdeleriň hasabyna Döwlet býujetiniň girdejilerini artdyrmak, bilelikdäki kärhanalary, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, önümçilikleri, göni maýa goýumlary aýratyn şertlerde goldamak arkaly ýurduň eksport kuwwatyny we importyň ornuny tutmak mümkinçiligini artdyrmak bilen bagly işleri durmuşa geçirmek bellenilýär.

Strategiýada bellenen ähli çäreleriň amala aşyrylmagy ýakyn geljekde ösen bazar gatnaşyklaryny kämilleşdirmäge, döwlet emlägini dolandyrmagyň netijeli ulgamyny emele getirmäge, döwlet eýeçiliginiň gurluşynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýurduň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmaga giň mümkinçilikleri döreder. Bu bolsa öz gezeginde, geljekde hem ykdysady durnuklylygyň saklanyp galmagyna oňyn täsir eder, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň sebitde we dünýäde bäsdeşlige ukyplylygyny berkitmäge, ählumumy ykdysadyýetiň ösüşinde eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam eder.

Orazmuhammet AŞYROW,

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň başlygynyň orunbasary, fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/21467