Milli ykdysadyýetde belent sepgitler

Garaşsyz ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda belent sepgitlere ýetilýär. Geçen döwürde berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen, hemmetaraplaýyn oýlanyşykly we anyk delillere esaslanýan maksatnamalar üstünlikli amala aşyryldy. Bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasy döredildi.

Ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» öz beýanyny tapdy. Bu Maksatnamada halk hojalygyny öňdebaryjy tejribä, innowasion tehnologiýalara, milletiň intellektual mümkinçiliklerine daýanyp, mundan beýläk-de ösdürmek boýunça döwletiň esasy ýörelgeleri aýdyň beýan edildi. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary sazlaşykly ösüş ýoluna düşüp, täze önümçilik kuwwatlyklary emele geldi. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak bilen bir hatarda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny hem şertlendirdi. Şeýlelikde, Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasyp garşylanyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetine goýlan iri maýa goýumlaryň möçberi 200 milliard amerikan dollaryndan geçdi. Serişdeleriň 60 göterimden gowragynyň senagat pudagyny ösdürmäge gönükdirilmegi ýurdumyzda bu pudaga berilýän ünsüň ýokarydygyny görkezýär.

Daşary ykdysady syýasat — bu beýleki ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklary kadalaşdyrmakdan we ösdürmekden ybaratdyr. Daşary ykdysady syýasatyň netijeliligini artdyrmak üçin Türkmenistanda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ýöriteleşdirilen hökümetara toparlar döredilýär, olaryň işi söwda-ykdysady, maýa goýum ýaly birnäçe ugurlary öz içine alýar. Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäniň köp sanly döwleti, şol sanda Hytaý Halk Respublikasy, Türkiýe Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Eýran Yslam Respublikasy, Birleşen Arap Emirlikleri, Ýaponiýa, Italiýa ýaly döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar. Durnukly daşary ykdysady syýasat Türkmenistana halkara derejedäki iri taslamalary durmuşa geçirmäge hem giň mümkinçilik berýär. Daşary ýurtly hyzmatdaşlara iri möçberli maýa goýum taslamalaryna, uly senagat toplumlarynyň gurluşygyna işjeň gatnaşmagy üçin oňyn şertler döredilýär.

Ykdysadyýetiň sanly ulgama geçirilmegi, ilki bilen, ykdysady işlere gatnaşyjylaryň, ýagny guramalaryň, kärhanalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň depginini çaltlandyrmaga ýardam edýär. Sanly ykdysadyýet iş üpjünçiligini artdyrmaga-da şert döredýär. Sanly ulgamy ornaşdyrmak maglumatlaryň uly möçberini seljermäge we goramaga hem-de sanly marketing bilen bagly täze hünärleriň ýüze çykmagyna ýardam edýär.

Sanly ykdysadyýetiň esasy aýratynlygyny täze çözgütleri kabul etmekde, täze önümleri öndürmekde we hyzmatlary ýerine ýetirmekde sanly maglumatlaryň ähmiýetiniň ýokarlanýandygy bilen-de düşündirip bolar. Sanly gurşaw diňe bir ykdysadyýetiň täze tapgyra geçmegine däl, eýsem, her birimiziň dünýägaraýşymyzyň üýtgemegine, jemgyýetçilik aňynyň özgermegine hem öz täsirini ýetirýär.

2018-nji ýylyň noýabrynda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edilip, onda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň maksatlary, wezipeleri, ugurlary kesgitlenildi. Baş maksady ykdysadyýetiň pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagyny gazanmakdan, sanly aragatnaşyk babatda oba bilen şäheriň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmakdan ybarat bolan bu Konsepsiýa häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurtda elektron senagaty kämilleşdirmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek ileri tutulýan ugur hasaplanýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny üç tapgyrda amala aşyrmak maksat edinilýär. Onda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça ygtyýarly edara bellenildi, şeýle-de öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmak boýunça Pudagara topar döredildi, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Döwlet maksatnamasy we ony amala aşyrmagyň meýilnamasy işlenilip taýýarlanyldy.

Ýurdumyzyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary esasynda ösdürilýär. Bu ugruň netijeli we okgunly ösdürilmegi üçin amatly hukuk, ykdysady, maliýe we durmuş şertleri döredildi. Munuň özi salgyt ulgamynyň kämilleşdirilmeginde, eksport-import amallaryny ýerine ýetirmegiň ýönekeýleşdirilmeginde, ýeňillikli karz syýasatynda öz beýanyny tapýar.

Ýurdumyzyň ykdysady ösüşi orta hem uzak möhletleýin döwürlere niýetlenen döwlet maksatnamalary esasynda amala aşyrylýar. Häzirki döwürde Türkmenistanda elektroenergetika, nebit-himiýa senagatlaryny, maşyngurluşyk, demri gaýtadan işleýän, gurluşyk materiallaryny öndürýän desgalary, ýeňil we azyk senagatynyň kärhanalaryny öz içine alýan köp pudakly ykdysadyýet döredildi.

Türkmenistanyň kanunçylygyny halkara talaplara we ülňülere laýyk getirmek, ýurtdaky maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrmak, maýa goýum amallaryny höweslendirýän şertleri döretmek boýunça işler giňden ýola goýulýar. Mundan başga-da, ýurdumyza Bütindünýä Söwda Guramasynyň synçysynyň derejesiniň berilmegi söwdany we telekeçiligi ösdürmäge, milli ykdysadyýetimize daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, goşmaça iş orunlaryny döretmäge, ähli pudaklaryň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmäge täze mümkinçilikleri açýar.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda «Fitch Ratings» halkara agentligi tarapyndan ýurdumyza «B+durnukly» dereje berildi. Bu abraýly halkara agentlik tarapyndan Türkmenistana ilkinji gezek şeýle bahalandyrmanyň berilmegi milli ykdysadyýetimiziň durnukly we ýokary depginli ösüşiniň aýdyň subutnamasydyr. «Fitch Ratings» agentliginiň Türkmenistana beren ykdysady bahasy döwletimiziň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ýurdumyza çekilýän maýa goýumlaryň mukdaryny artdyrmaga we karzlaryň şertlerini ýeňilleşdirmäge, netijede Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň has-da ösmegine ýardam berer.

Umida SAPAROWA,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Ykdysadyýet, maliýe we durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/45515