Zähmet terbiýesi nesil terbiýesinde iň naýbaşylarynyň biri hasaplanýar. Şonuň üçin hem ata-babalarymyz kiçiliginden çagalaryň zähmet terbiýesine uly üns beripdirler. Olar çaga ýaşlykdan zähmet çekmegi öwrense ulalansoň hem halal, ilhalar ynsan bolup ýetişýändigi barada gymmatly öwüt-nesihatlary nesillere miras galdyrypdyr. Maşgalada ogul perzent ata terbiýesine eýerse, gyz maşgala ene göreldesine eýeripdir. Ata ogul perzentlerini çagalygyndan hünär öwrenmäge, daýhançylyga, ussaçylyga, hünärmentçilige söýgi döredip, bu işlerde görelde görkezip, ilkinji sapaklary beripdir. Gyz maşgala bolsa, enelerimiz el işleri, tagam taýýarlamak, öýe serenjam bermek ýaly işleri öwredipdir.
Türkmen maşgalasynda zähmet terbiýesinde atadyr enäniň görüm-göreldesi, atalyk — enelik öwütleri ýaş oglan-gyzlar üçin ilkinji mekdep bolup hyzmat edipdir. Milli terbiýäniň özeni bolan bu ýörelgeler häzirki döwrümizde-de ýörgünli. Bu işde ata-babalarymyz halkymyzyň gadymdan gelýän milli ýörelgelerinden ugur alypdyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda: «Halkymyzyň awçylyk, mürüşgärlik, seýisçilik, alabaýlary köpeldip ýetişdirmek, haly sungaty, zenan maşgalalara degişli bolan dürli el işleri zähmete söýginiň netijesinde kemala gelen iň naýbaşy nusgalarydyr» diýip, belleýär.
Ata-babalarymyz, zähmeti ynsanyň bagtly durmuşynyň altyn açary hasap edipdir. Bagtyň arassa, halal zähmetdigini beýik, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem öz dürdäne goşgularynda beýan edýär. Beýik ussadyň pähim-paýhasa ýugrulan goşgularynyň birinde şeýle setirler bar:
Ulalanda iş hoş ýakmaz,
Ýaşlykda köýmän ýigide.
Il-halkymyzy ajaýyp kitaplary bilen yzygiderli begendirýän hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyndaky: «Zähmet endigini ele almadyk adam, edil elsiz-aýaksyz ýalydyr, ýönekeý ýagdaýlarda hem başyny çarap bilmän durandyr. Zandynda zähmet terbiýesi bolan adam hökman bir ugur tapar. Zähmet ugurtapyjylygy hem terbiýeleýär» diýen sözleri atalyk sapak bolup, ýaş nesillerimiziň kalbyna tenekar bolup siňýär. Çünki zähmet, hünär her bir ynsanyň bezegi bolup durýar.
Ynsanyň eýe bolan abraýy, il-arasyndaky hormat-sylagy, bolelin bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy çekýän arassa, halal zähmetiniň datly miwesidir. Görşümiz ýaly, zähmetsöýerlik halallyk, ruhubelentlik we myhmansöýerlik, dostluk, ynsaplylyk, agzybirlik ýaly pederlerimizden miras galan asylly ýörelgeler bu gün ýaş nesillerimize berilýän terbiýäniň esasyny düzýär. Ýaş nesillerimiz üçin uly görelde, mekdep bolup gelýän, şol asylly ýörelgeler dogrusynda hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabynda rowaýatlaryň, tymsallaryň üsti bilen täsirli gürrüň berilýär.
Adamyň zähmetiň gymmatyna düşünmegi, zähmetiň gadyryny bilmegi onuň mertebesini beýgeldýär. Ertirki gün ýurdumyzyň ösüşlerine we özgerişlerine hünäridir zähmeti bilen mynasyp goşandyny goşmaly ýaş nesillerimiz üçin kitapdaky öwüt-ündewler zähmete söýgi döretmekde, olara zähmet terbiýesini bermekde ähmiýeti uludyr. Bu kitapda hormatly Prezidentimiziň giň gözýetiminden gözbaş alan dana pikirlerinde şöhratly ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döreden maddy we ruhy gymmatlyklarynyň many-mazmuny, olaryň adam üçin döwrebap durmuş ýörelgelerini kemala getirmekdäki ähmiýeti aýdyňlyk bilen beýan edilýär. Kitapda beýan edilýän ajaýyp milli ýörelgeler bu gün ýaş nesillerimizi terbiýelemekde ýol görkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär.
Tyllagözel RAHYMOWA,
Aşgabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary.