Milli ösüşleriň aýnasy

Türkmenistan Watanymyz bazar ykdysadyýetiniň esaslaryny kemala getirip, ösüşiň senagatlaşma-innowasion ugry bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda öndürilýän önümler özüniň hili bilen tapawutlanyp, dünýä bazarynda hem mynasyp orny eýeleýär. Öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny, milli ykdysadyýetiň dünýä hojalyk gatnaşyklarynda tutýan ornuny, şeýlelikde, ykdysadyýetiň açyklygyny häsiýetlendirýän görkezijileriň biri-de daşary ýurtlara çykarylýan harytlaryň gymmatynyň jemi içerki önüme bolan gatnaşygydyr. Bu görkezijiniň yzygiderli ýokarlanmagy «Türkmenistanda öndürildi» nyşanly önümlere dünýä bazarynda uly isleg bildirilýändigine şaýatlyk edýär.

Döwletiň we jemgyýetiň bähbitleri göz öňünde tutulyp, häzirki döwürde we geljekki ösüşleri nazarlaýan ykdysady strategiýany durmuşa geçirmegiň barşynda görnükli netijeler gazanyldy. Mälim bolşy ýaly, daşary söwda milli ykdysadyýetiň ösüşiniň möhüm guraly hökmünde çykyş edýär. Halkara söwda diňe harytlary we hyzmatlary alyş-çalyş etmek boýunça geleşikleriň amala aşyrylmagyny aňlatman, eýsem, milli ykdysadyýetiň dünýä hojalyk gatnaşyklaryndaky ornunyň kesgitlenmegine-de ýardam edýär.Ýurdumyz dünýäniň onlarça döwleti bilen daşary söwda hyzmatdaşlygyny ýola goýdy we daşary söwda dolanyşygynyň möçberi ep-esli artdy, düzümi kämilleşdi. Söwda gatnaşyklarynyň gerimi giňeldi.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzda alnyp barylýan işjeň maýa goýum syýasatynyň netijesinde, ýüzlerçe önümçilik desgalary we durmuş-medeni maksatly binalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Bu ýagdaýlar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkemegini häsiýetlendirýän wajyp görkezijiler bolup çykyş edýärler. Durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy, ilatyň girdejileriniň yzygiderli ýokarlanmagy, müňlerçe täze iş orunlarynyň döredilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň düýpli gowulanýandygyna, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň doly berjaý edilýändigine şaýatlyk edýär.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda önümçilik we durmuş ulgamlaryna örän uly maýa goýumlary goýulýar. Bu bolsa Türkmenistanyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna batly depginler bilen girýändigini aýdyň görkezýär. Durmuş-ykdysady syýasaty tehnologiýany çalt döwrebaplaşdyrmagyň, maglumatlaşdyrmagyň, sanly tehnologiýalary we innowasiýalary peýdalanmagyň, ykdysadyýetiň gurluş düzümini kämilleşdirmegiň, täze pudaklary we önümçilikleri döretmegiň, ykdysadyýetiň däp bolan pudaklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň we hususy bölegi ösdürmegiň hasabyna durnukly ykdysady ösüş amala aşyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň giňden ornaşdyrylmagy bu işde hasabatlylygyň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Degişli maglumatlaryň resmi statistikanyň düzgünlerine laýyk ýygnalmagy, işlenip taýýarlanmagy we ýaýradylmagy netijesinde milli statistikanyň halkara ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagy aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň döwlet statistikasynyň işi maksatnamalaýyn alnyp barylýar. Bu ugurda döwlet statistikasynyň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň statistikasynyň sazlaşykly işlemegi, taýýarlanýan statistik maglumatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy, statistika işine halkara statistika tejribesinde kabul edilen düzgünleriň, görkezijileriň we usullaryň girizilmegi, jemgyýetiň ösüşini doly möçberde suratlandyrýan, halkara derejesinde deňeşdirerlik statistik görkezijileriň işlenip düzülmegi ýaly wezipeler durmuşa geçirilýär.

Häzirki döwürde dünýäde ählumumy statistika ulgamy kemala gelendir. Onuň iň ýokary utgaşdyryjy guramasy hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Statistika komissiýasy çykyş edýär. Bu statistika guramasy halkara standartlaryny kabul etmek, statistikada ulanylýan adalgalary, usulyýetleri we gözükdirijileri ara alyp maslahatlaşmak boýunça esasy meýdança bolup durýar. Statistika komissiýasynyň başda durmagynda ähli ýurtlarda ulanylýan markoykdysady görkezijileriň we statistik hasaplamalaryň milli hasaplar ulgamyna girizilmegi, resmi statistikanyň binýatlaýyn ýörelgeleriniň işlenip taýýarlanmagy, ilat ýazuwlarynyň geçirilmegi hem-de beýleki başlangyçlar häzirki zaman ählumumy statistik ulgamynyň ösmeginiň binýady bolup hyzmat edýär.

Statistik usullary standartlaşdyrmak, statistika babatdaky halkara hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak, ählumumy statistik maglumatlary jemlemek, işläp taýýarlamak we statistik işiň beýleki möhüm ugurlary bölümiň esasy wezipeleri bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we durmuş geňeşiniň «Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň 2020-nji ýyldaky ýazuwynyň Bütindünýä maksatnamasy» barada 2015-nji ýylda kabul edilen Kararnamasynda dünýä ýurtlarynyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň nobatdaky ýazuwyny 2015 — 2024-nji ýyllar aralygynda geçirmäge çagyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 2022-nji ýylyň 17 — 27-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyny geçirmek bellenildi. Türkmenistanyň döwlet, sebitleýin we pudaklaýyn ösüş maksatnamalaryny üstünlikli amala aşyrmak, döwlet býujetini işläp düzmek we ýaşaýyş jaý syýasatyny netijeli geçirmek üçin ygtybarly statistiki maglumatlar bilen üpjün etmek maksatlarynda-da netijeli işler durmuşa geçirilýär.

Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işlerde hasabatlylyga, statistika maglumatlaryny toplamaga uly orun degişli bolup durýar. Stastika maglumatlary göz öňünde tutulan maksatnamalaryň durmuşa geçirilişiniň hiline, umumy ösüşiň näderejede üpjün edilişine, ilatyň üpjünçiligine anyk we doly seljerme bermekde esasy orun eýeleýär. Ykdysadyýetde we durmuş ulgamynda gazanylýan üstünlikler bolsa milli statistikanyň görkezijilerinde aýdyň orun alýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda Türkmenistanda milli statistika ulgamy barha ösýär we kämilleşýär. Bu ugurda kämil hünärmenleri taýýarlamak wezipelerine uly üns gönükdirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagynyň,Türkmenistanda gazanylýan üstünlikleriň barha artmagynyň, adamzat bähbitli taslamalary durmuşa geçirmegiň hatyrasyna alyp barýan beýik işlerinde rowaçlyklary arzuw edýäris.

Oguljan ATDAÝEWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/47810