Milli önümleriň Halkara sergisine gatnaşyjylara diplomlar gowşuryldy

Türkmenbaşy, 7-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen deňiz kenarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň halkara sergisi işini tamamlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen geçirilen bu giň möçberli forum Türkmenistanyň Merkezi Aziýa hem-de Hazar deňzi sebitleriniň ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant bolup, ýurdumyzyň we tutuş sebitiň söwda-ykdysady kuwwatyny artdyrmakda möhüm orny eýeleýär.

Ýöriteleşdirilen gözden geçirilişiň jemleri boýunça sergä gatnaşyjylara halkara derejedäki diplomlary gowşurmak dabarasy boldy. Bu dabara Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň çäginde ýerleşýän “Beýik Ýüpek ýoly” myhmanhanasynda geçirildi.

Sergä import-eksport boýunça milli söwda birleşmeleri, iri köpugurly senagat kompaniýalary, önüm öndüriji kärhanalar, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň söwda düzümleriniň wekiliýetleri hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bäşisiniň kompaniýalary öz diwarlyklarynda ýokary hilli eksport ugurly harytlary, döwrebap tehnologiýalary, täze işläp taýýarlamalary we taslamalary görkezdiler. Giň möçberli gözden geçirilişiň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça teklipler aýdyldy hem-de tejribe alşyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan birža söwdalary guralyp, olaryň umumy bahasy ABŞ-nyň 108,9 million dollaryna hem-de 3,6 million manada barabar boldy.

Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, Hazar deňziniň türkmen kenarynda üstünlikli geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň Halkara sergisine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36875