Milli önümlere dünýäde gyzyklanma artýar

Ministrler Kabinetiniň 14-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň şu ýylyň alty aýynda gazanylan ösüşleri barada aýratyn durlup geçildi. Hasabat döwründe Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 133,3 göterime deň bolsa, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk we azyk önümleriniň önümçiliginiň ösüşi şu ýylyň alty aýynda 110,3 göterime, senagat önümçiliginde 109,6 göterime barabar boldy. Bu görkezijiler hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, netijeli işleri alyp barýan, ýurdumyzyň «altyn gaznasyna» deňelýän telekeçileriňdir işewürleriň işleriniň ileridiginden habar berýär. Biz munuň şeýledigine şu günlerdäki wakalara şaýat bolanymyzda hem aýdyň göz ýetirýäris. 

                                                                   

12 — 14-nji iýulda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen «Food Istanbul Expo — 2023» atly azyk önümleriniň halkara sergi-ýarmarkasyna Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň hem 16-sy gatnaşdy. Şolaryň hatarynda miwe içgilerini taýýarlamakda, konditer ýaly köpugurly azyk önümçiliginde meşhurlyk gazanan «Parahat», «Täze Aý», alkogolsyz gazlandyrylan içgileri bilen tanalýan «Arçalyk» we «Tükel», miwe suwlaryny öndürýän «Sada», konditer we süýji önümleri bilen adygan «Misgär», «Altyn Ýunus», «Kindi», «Mekan», «Ak Gar», «Mähriban-Merw», «Tamada», «Balam», «Balşeker», «Altyn şöhle», «Kilwan» ýaly hususy kärhanalardyr hojalyk jemgyýetleri bar. Azyk harytlary we içgiler, konditer önümleri, maňyzlar we gury iýmişler, köke we şokolad, azyk senagatynyň goşundylary we gaplary, söwda enjamlary we dükanlaryň bezegi ýaly bäş bölümden ybarat bolan bu halkara gözden geçirişde türkmen kärhanalarynyň pawilýonlary köp adamly bolup, halkara bilermenlerdir daşary ýurtly işewürler Türkmenistanda öndürilen ekologik taýdan arassa, ýokary hilli azyk önümlerine ýokary baha berdiler. Dünýäniň 100-e golaý döwletinden 1000-den gowrak önüm öndürijini bir ýere jemlän gözden geçirilişigiň çäklerinde ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirilip, türkmen telekeçileri daşary ýurtly işewürler bilen önümleri eksport etmek boýunça birnäçe ylalaşyklary gazandylar. Şol ýurtlaryň hatarynda Palestina, Yrak, Ysraýyl, Gazagystan, Gyrgyzystan, Owganystan, BAE ýaly birnäçe döwletleri görkezmek bolar.  

 16 — 23-nji iýul aralygynda Owganystanyň Kabul şäherinde geçirilýän Ymam Abu Hanifanyň II milli we halkara sergi-ýarmarkasyna hem türkmen telekeçileri işjeň gatnaşýarlar. Dünýäde eksport hem-de import amallaryny ýokarlandyrmak, önüm öndürijileriň arasynda täze mümkinçilikleri öwrenmek, daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda söwda gatnaşyklaryny ýola goýmak, tejribe alyşmak ýaly oňyn maksatlar bilen geçirilýän bu halkara sergide oba hojalygy, gurluşyk, hünärmentçilik we derman senagatynyň önümleri, lukmançylyk enjamlary, şeýle-de beýleki milli önümler görkezilýär. Eýrandan, Türkiýeden, Pakistandan we başga-da birnäçe döwletlerden işewürleri özünde jemlän bu iri sergi-ýarmarka «Parahat», «Döwletli döwran», «Oguzabat» ýaly ýurdumyzyň baýry kärhanalarynyň birnäçesi gatnaşýar. Onuň çäklerinde geçirilýän duşuşyklarda türkmen telekeçileriniň önümlerine ýokary baha berilmegi öndürilýän ýerli harytlara dünýä bazarlarynda islegiň uludygyny görkezdi.  

                                                                   

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilere işjeň gatnaşyp, ýurdumyzda öndürilýän azyk, senagat önümleri, sarp ediş harytlary, haly, dokma önümleri, kompýuter we kommunikasiýa babatdaky mümkinçilikleri şöhlelendirýärler. Bu bolsa ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygynyň has-da ösmegine uly itergi berýär.