Bu gün bazarlarymyzda we söwda merkezlerimizde alyjylara hödürlenilýän azyk önümleriniň, halkymyzyň gündelik durmuşynda peýdalanylýan hojalyk harytlarynyň we dürli görnüşli dokmaçylyk önümleriniň aglaba böleginiň milli öndürijiler tarapyndan öndürilendigini göreniňde, ata Watanymyzyň ykdysadyýetiniň depginli ösüşine buýsanjyň artýar. Bu ösüşler hormatly Prezidentimiziň çuňňur oýlanyşykly ykdysady strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň miwesidir.
Şu ýyl ähli ulgamlardaky uly üstünlikler bilen eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesini garşylaýarys. Üç onýyllygy öz içine alýan döwürde ýurdumyzyň ykdysady ösüşine nazar aýlasaň, baryp asyryň başynda hem bazarlardyr söwda merkezlerde milli öndürijilerimiz tarapyndan hödürlenilýän harytlaryň görnüşleriniň sanynyň barmak basyp sanap boljak möçberde bolandygyny görmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçmegi bilen Diýarymyzda hususy işewürlige giň mümkinçilikler döredildi we milli senagatymyz depginli ösüş ýoluna düşdi. Bu gün hojalyk üçin zerur harytlary almak üçin islendik söwda merkezine ýa-da dükana barsaň, öz ýurdumyzda öndürilen harytlaryň bolçulygy gözüňi dokundyrýar. Şolaryň agramly bölegi bolsa hususy ulgamyň wekilleri tarapyndan öndürilen harytlardan ybarat.
Hususy işewürligiň wekilleri döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde bazaryň we tehnologiýalaryň täze ugurlaryny üstünlikli özleşdirmegi dowam etdirýärler. Munuň özi obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, ilaty dürli görnüşli ekologiýa taýdan arassa, ýokumly azyk önümleri bilen üpjün edip, azyk bolçulygyny döretmäge mümkinçilik berýär.
Bagtyýar zamanamyzda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň görnüşleri we möçberleri günsaýyn artýar. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan «Ýurdumyzyň altyn gaznasy» diýlip atlandyrylan hususy işewürler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan we dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek ugrunda oňyn netijeleri gazanýarlar. Bu gün milli haryt nyşanlarymyzyň meşhurlygy barha artyp, ýurdumyzyň hususy kärhanalarynyň öndürýän önümleri içeri we daşary bazaryň arzyly harytlaryna öwrülýär. Ýurdumyzda diňe azyk harytlaryny hödürleýän öndürijileriň sany hem onlarçadan geçip, olaryň öndürýän önümleriniň görnüşleri ýüzlerçedir. Şolaryň hatarynda «Akdaş miwe içgileri», «Berk Akar», «Arçalyk», «Ýüpekçi» hususy kärhanalarynyň öndürýän içgilerini we arassa agyz suwuny, gök-bakja we miwe şirelerini, «Parahat» hususy kärhanasynyň «Joş», «Eçil» nyşanly miwe şirelerini, miwelerden we gök-bakja önümlerinden taýýarlanylan çagalar üçin püreleri, uzak wagt saklanmaga niýetlenilen süýt önümlerini, «Aýaz baba», «Elin» hususy kärhanalarynyň, «Sahabatly» hojalyk jemgyýetiniň, «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ilata hödürleýän süýt önümlerini, «Täze Aý», «Hasar», «Misgär» hususy kärhanalarynyň, «Duýgy» hojalyk jemgyýetiniň süýji-köke, konditer we çörek önümleriniň dürli görnüşlerini, guşçulyk hojalyklarynyň ýumurtga we et önümlerini, ýurdumyzyň onlarça kärhanalarynyň et-süýt we beýleki azyk harytlaryny görkezmek bolar.
Döwlet tarapyndan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna uzak möhletleýin kärendä berlen ekin meýdanlarynda, ýyl-ýyldan sany artýan ýyladyşhana hojalyklarynda ýetişdirilýän ekologiýa taýdan arassa, ter we datly gök-bakja ekinlerdir miweler hem ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde aýratyn orna eýedir. Häzirki wagtda oba hojalyk işewürliginiň gök önümçilik, bagbançylyk we gülçülik ýaly ugurlary hem ýokary depginlerde ösdürilýär. Bu ugurda «Nurly meýdan» daýhan hojalygy, «Ajaýyp ussat halal önümleri», «Ter önüm» hojalyk jemgyýetleri, «Altyn tug», «Has», «ATG agro» hususy kärhanalary oňyn netijeleri gazanýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kiçi we orta telekeçilige döwlet tarapyndan goldaw bermek üçin täze hukuk esaslary döredildi. «Kiçi we orta telekeçiligi goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. 2018-nji ýylda «Türkmenistanyň kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy» kabul edilip, ol häzirki wagtda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň welaýatlarymyza bolan iş saparlarynda kärendeçi daýhanlar, döwlet kärhanalarynyň işgärleri bilen duşuşanda oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýän telekeçileriň işleri bilen hem ýakyndan gyzyklanmagy hususy işewürlik barada edilýän ýokary üns-aladanyň nyşanydyr.
Bagtyýar zamanamyzda türkmen telekeçileriniň önümleri daşary ýurtlaryň harytlaryndan birjik-de kem galmaýar we daşary ýurtlarda hem hyrydarly önümleriň hataryna girýär. Ýurdumyzyň kärhanalarynyň öndürýän azyk önümlerine berlen ISO we HACCP halkara güwänamalary olaryň ýokary hil derejesiniň görkezijisi bolup durýar. Häzirki wagtda bu önümler diňe bir ýurdumyzda däl-de, onuň çäginden daşarda hem uly islege eýedir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Hytaý Halk Respublikasyndaky, Birleşen Arap Emirliklerindäki, Awstriýa Respublikasyndaky söwda wekilhanalarynyň alyp barýan işleri türkmen telekeçileriniň eksport mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge, öňdebaryjy dünýä tejribesiniň hem-de daşary ýurt maýa goýumlarynyň işjeň çekilmegine, halkara işewürlik gatnaşyklarynyň çäkleriniň giňeldilmegine gönükdirilendir. Mundan başga-da, türkmen telekeçileriniň söwda öýleri Gyrgyz Respublikasy, Gruziýa we Owganystan Yslam Respublikasy ýaly ýurtlarda hereket edýär.
Bu gün ýurdumyzda ilatyň gündelik sarp edýän önümleriniň esasy böleginiň ýerli öndürijiler tarapyndan öndürilmegi milli ykdysadyýetiň ösüşinde örän uly orna eýedir. Bu ýagdaý içerki pul dolanyşygynyň ýokarlanmagyna, altyn puluň daşary bazara çykarylmagynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär. Tygşytlanylan walýuta serişdeleriniň hasabyna milli senagata innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we öňdebaryjy dünýä tejribesiniň özleşdirilmegi, täze önümçilik kärhanalarynyň, täze iş orunlarynyň döredilmegi ýurtda öndürilýän önümleriň hil taýdan ýokarlanyp, möçber taýdan köpelmegine, eksport mümkinçilikleriniň artmagyna itergi berýär. Bu bolsa ykdysadyýetiň durnukly ösüp, milli girdejiniň ýokarlanmagyna, ilatyň iş bilen üpjünçiliginiň hem-de ýaşaýyş derejesiniň, şeýle hem ýurduň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna getirýär.
Taryhy tejribäniň görkezişi ýaly, häzirki döwürde ýokary hilli önümleri we ösen işewürlik derejesi bilen bütin dünýäde tanalýan döwletler hem ykdysady üstünliklerini, ilkinji nobatda, milli öndürijileri goldamak syýasaty bilen gazanandyr. Özbaşdak ösüş ýoluna düşmeginiň 30 ýyllyk senesiniň bellenilýän ýylyny «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda garşy alýan ýurdumyzyň ykdysady syýasatynda milli öndürijiler üçin ähli zerur şertler döredilip, içerki bazaryň isleglerini ýerli önümler bilen doly kanagatlandyrmak hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmak esasy wezipeleriň hatarynda durýar. Bu wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi milli ykdysadyýetimiziň geljekki ösüşleriniň binýadyny berkidip, halkymyzyň ýaşaýyş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna ýardam eder.
Ahmet GELDIÝEW,
«Watan».