Mil­li ma­na­dy­myz — döw­le­ti­mi­ziň berk bin­ýa­dy

Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe batly gadamlar bilen öňe barýan mähriban Watanymyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Milli manadymyzyň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan pul-karz syýasaty hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde wajyp hereketlendiriji maliýe guraly bolup çykyş edýär.

Türkmenistanda 1993-nji ýylyň 1-nji noýabrynda milli manadyň dolanyşyga girizilmegi pul dolanyşygynyň taryhynda möhüm ähmiýetli waka boldy. Çünki bu hereketlendiriji maliýe guraly, bank ulgamynyň işiniň ýokarlanmagyna we tutuş ykdysadyýetiň üstünlikli ösmegine netijeli ýardam berdi. Türkmen manady ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň mizemez nyşanyna öwrüldi. Milli manadyň durnuklylygy we onuň goraglylygy halkymyzyň maddy hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmagyň pul kepilidir.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen 2009-njy ýylda ýudumyzda milli pul birliginiň denominasiýasynyň geçirilmegi döwletimiziň durmuşynda möhüm waka boldy. Ýurtda milli puluň ýeke-täk hümmetiniň saklanylmagy, netijeli pul-karz syýasatynyň amala aşyrylmagy döwlet syýasatymyzda gazanylýan üstünlikleriň aýdyň mysalydyr.

Ýurdumyzyň maliýe-karz guramalarynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuk namalar, düzgünnamalar pul-karz syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna giň mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen 2011-nji ýylyň ýanwar aýynda «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Bu maksatnamada ýurdumyzda amala aşyrylýan bazar özgertmeleriniň çäklerinde bank ulgamynyň işini kämilleşdirmegiň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Bank ulgamynda kadalaşdyryjy hukuk namalar bolan «Türkmenistanyň Merkezi banky hakynda», «Karz edaralary we bank işi hakynda», «Mikromaliýe guramalary we mikromaliýeleşdirme hakynda», «Karz birleşmeleri hakynda», «Daşary ykdysady gatnaşyklarda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň güýje girmegi ýurdumyzyň bank ulgamyny ösdürmekde kuwwatly gural bolup çykyş edýär.

Ýurdumyzda pul dolanyşygynyň netijeliligini has-da kämilleşdirmek üçin bank ulgamy dünýäniň öňdebaryjy tilsimatlaryna esaslanýar. Türkmenistanda nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boýunça degişli işler geçirilýär. Türkmenistanyň banklary tarapyndan bank kartlarynyň hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek maksady bilen, milli Altyn Asyr kart we halkara bank kartlary bolan Visa we Master plastik kartlarynyň üsti bilen ýurdumyzyň iri söwda merkezlerinde, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň binalarynda bankomatlary we töleg terminallaryny ornaşdyrmak işleri dowam etdirilýär, nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi giňeldilýär.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça orta möhletleýin we uzak möhletleýin geljege nazarlanan toplumlaýyn milli maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bank ulgamynyň edaralarynyň öňünde durýan möhüm wezipelere laýyklykda, banklaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, türkmen manadynyň hümmetini pugtalandyrmak, ilata berilýän karzlaryň we goýumlaryň möçberlerini artdyrmak, bank hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmek, öňdebaryjy usullary we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmegiň häzirki zaman ulgamyny döretmek maliýe-karz guramalarynyň we bank edaralarynyň hyzmatlarynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge oňyn şertleri döredýär. Milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge maliýe we bank ulgamyny kämilleşdirmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli maliýe özgertmeleri ykdysady ösüşiň esasy bolup durýar. Şol sebäpli hem töleg ulgamynyň aýratynlyklaryna syn etmek ýerliklidir. Türkmenistanyň «Daşary ykdysady gatnaşyklarynda puly kadalaşdyrmak we pula gözegçilik etmek hakyndaky» Kanunyna laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň 2013-nji ýylyň 3-nji oktýabryndaky «Pul we alyş-çalyş amallarynyň meseleleri hakynda» Karary esasynda erkin aýlanýan puluň çägi ABŞ-nyň 10000 (on müň) dollar derejesinde bellenildi. Bu çäklendirmäniň goýulmagynyň maksady milli manadymyzyň durnuklulygy we nagt däl hasaplaşyklaryň giňden peýdalanylmagy hem-de onuň geriminiň giňeldilmegi bolup durýar. Ýurdumyzyň täjirçilik banklary tarapyndan müşderilere hödürlenýän nagt däl hasaplaşyklaryň görnüşleriniň artdyrylmagy hormatly Prezidentimiziň tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Ýurdumyzyň banklary nagt däl hasaplaşyklaryň giňden peýdalanylýan «Töleg tabşyryklary», «Töleg — talaby tabşyryklary», «Inkasso» plastik kartlar arkaly hasaplaşyklar bilen bir hatarda, «Akkredetiw» arkaly hasaplaşyklary geçirmegi hem netijeli ulanýarlar. Şeýle hem hususy telekeçilige hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny bermek Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar, şol sebäpli Merkezi bankyň Müdirýetiniň başlygynyň «Dahyllylaryň — ýuridiki şahsy taraplary döretmezden telekeçileriň Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynyň söwdalaryna gatnaşmazdan, Türkmenistana import edýän harytlary üçin dahylsyzlary bilen hasaplaşyklaryny (şol sanda üpjünçiliksiz 100 göterime çenli hakujyny) hasap nyrhnamanyň esasynda geçirmegiň ýönekeýleşdirilen Tertibini tassyklamak barada» buýrugy milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de kuwwatlandyrmak we telekeçiligi ösdürmek maksady bilen durmuşa geçiriljek işleriň, bu ugurdaky toplumlaýyn çäreleriň hukuk binýadyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Häzirki wagtda dünýä tejribesiniň gazananlaryny nazara almak bilen, ýurdumyzda bank kartlary giňden ornaşdyrylýar. Bank kartlary töleg ulgamynda ulanylýan şahsy töleg guraly bolup, ol harytlaryň ýa-da hyzmatlaryň bahasyny nagt däl görnüşinde tölemäge, banklaryň bölümlerinden we bankomatlaryndan nagt pul almaga, şeýle hem nagt däl hasaplaşyklaryň gerimini giňeltmäge ýardam berýär. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň halkara VISA kartlary dürli töleg işleri geçirmegi, internet üsti bilen söwda etmegi, dükanlara aýlanmagy, rahat dynç almagy we başga-da birnäçe oňaýlyklary üpjün edýär. Şeýle hem VISA kartlary bilen bankomatlardan pul alyp, islendik hyzmatlar üçin pul geçirip, dürli amallary hem ýerine ýetirip bolýar. Halkara VISA karty daşary ýurda gidilende nagt puldan has amatly, howpsuz, ygtybarly. Kartyň üsti bilen dünýä ýüzünde nagt däl hasaplaşyklary çäklendirilmedik möçberde geçirip bolýar.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak ugrunda, şol sanda jemgyýet üçin ähmiýeti ýokary bolan amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça degişli çäreler amala aşyrylýar.

Bank kartlary nagt däl görnüşde hasaplaşyklary geçirmegiň döwrebap töleg guraly bolup, islendik wagt bankomatlaryň üsti bilen nagt pul serişdelerini almak, pul geçirimlerini aňsatlaşdyrmak hem-de çaltlaşdyrmak, şeýle hem hasaplaşyklar geçirilende wagty tygşytlamak ýaly hyzmatlardan peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.

Bank kartlarynyň üsti bilen töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde söwda we hyzmat ediş nokatlarynda harytlary satyn almagyň, aragatnaşyk, jemagat we ýaşaýyş hyzmatlaryny tölemegiň, awtoulaglaryň ýangyjy üçin tölemegiň, saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlary, awiabiletler üçin tölemegiň, karzy üzmek we onuň göterimlerini tölemegiň döwrebap, amatly we howpsuz usullary hödürlenýär.

Bankomatlar ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan raýatlara elýeterli we amatly nokatlarda ýerleşdirilip, nagt puly çykarmak, degişli edara gitmezden öýjükli telefonlaryň hyzmaty, «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän internet hyzmaty, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hödürleýän internet, öý telefon we IP-TV telewideniýe hyzmatlary üçin tölemäge, ipoteka karzlaryny gaýtarmaga we olaryň göterimlerini, saglyk ätiýaçlandyryş töleglerini tölemek ýaly amatly mümkinçilikleri hödürleýär.

Bank kartyny saklaýjylara amatly şertler döretmek maksady bilen, ýurdumyzyň ähli karz edaralary tarapyndan bank kart hasabyndaky galyndy pul serişdelerine belli bir möçberde göterim hasaplanýar. Bu bolsa müşderilere goýum hökmünde goşmaça girdeji çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Ýokarda bellenen nagt däl hasaplaşyk tehnologiýalary bütin dünýäde birnäçe onýyllygyň dowamynda jemgyýete ygtybarly we netijeli hyzmat edip, şu güne çenli hem wajyplygy we ulanylyşy dowam edýär. Türkmenistanda bank kartlarynyň, bankomatlaryň we töleg terminallarynyň giň tory hereket edýär we günsaýyn onuň jemgyýet üçin elýeterliligi we netijeliligi ýokarlanýar. Aşgabat şäherinde we ýurduň ähli welaýat we etrap merkezlerinde, ilatly ýaşaýyş ýerlerde banklar tarapyndan bankomatlar yzygiderli esasda ornaşdyrylyp, olaryň bökdençsiz hyzmat etmegi ugrunda çäreler durmuşa geçirilýär.

Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça 2162 bankomat hereket edip, olaryň 452-si Aşgabat şäheriniň, 248-si Ahal welaýatynyň, 279-sy Balkan welaýatynyň, 285-si Daşoguz welaýatynyň, 445-sy Lebap welaýatynyň, 453-si bolsa Mary welaýatynyň çäklerinde ýerleşýär.

Ýurdumyz boýunça töleg terminallarynyň 38823-si gurnalyp, olaryň 13017-si Aşgabat şäheriniň, 3045-si Ahal welaýatynyň, 5066-sy Balkan welaýatynyň, 4523-si Daşoguz welaýatynyň, 6581-si Lebap welaýatynyň, 6591-si bolsa Mary welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän söwda dükanlarynda, jemgyýetçilik iýmiti we beýleki hyzmatlary edýän nokatlarda hereket edýär.

Ýene-de bir bellemeli aýratynlyklaryň biri, ol hem häzirki wagtda sanly ykdysadyýete geçmegiň möhüm ädimleriniň biriniň ýurdumyzda plastik kartlaryň döwlet derejesinde goldaw tapmagy bolup durýandyr. Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça 4 452 979-sy bank karty dolanyşykda bar bolup, olaryň 1 621 049-sy Aşgabat şäheriniň, 354 257-si Ahal welaýatynyň, 448 010-sy Balkan welaýatynyň, 556 072-si Daşoguz welaýatynyň, 692 639-sy Lebap welaýatynyň 780 952-si bolsa Mary welaýatynyň çäklerinde dolanyşykda bolýandyrlar.

Ýokarda bellenen çäreleriň ählisi ýurdumyzyň pul ulgamynda nagt däl hasaplaşygyň tehnologiýalaryny jemgyýetiň giňden ulanmagyna we bu tehnologiýalaryň hödürleýän amatlyklaryndan doly we netijeli peýdalanmagyna gönükdirilendir. Bu bolsa öz gezeginde Türkmenistanda alnyp barylýan «Döwlet adam üçindir!» şygarly syýasatyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň anyk mysalydyr.

Mähriban halkymyz şu ýyl milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllyk dabaraly senesini belledi. Türkmen halky öz milli manadyna halallygyň, döwletliligiň nyşany hökmünde garaýar. Çünki munuň özi gadymdan gelýän mukaddes milli ýörelgedir. Bu hem halkymyzyň agzybirliginiň we hormatly Prezidentimiziň daşynda mäkäm jebislikde Watanymyzy gülletmek üçin halal zähmet çekmäge ymtylýanlygynyň nyşany bolup durýar. Goý, türkmeniň milli manady her bir türkmen maşgalasyna egsilmez rysgal we döwlet getirsin! Hormatly Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Hüseýin HAJYGURBANOW,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/48896