Milli Liderimiziň sahawaty döwrebap dokma toplumynyň mysalynda açylýar

Öňňin, 17-nji noýabrda Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynda häzirki zaman dokma toplumynyň dabaraly ýagdaýda açylyp işe girizilmegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyna şan goşan taryhy waka öwrüldi. Şol şatlykly günde ajaýyp pursatlara şaýat bolan bagtyýar raýatlaryň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdik.

Baýramsoltan MYRADOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty:

— Halkymyzda «Dokmasy bolan dok bolar» diýlip, örän jaýdar aýdylan jümle bar. Taryha nazar aýlanymyzda, türkmen halkynyň geçmişde öz dokma önümleri bilen dünýäde uly meşhurlyga eýe bolandygyna göz ýetirýäris. Beýik Ýüpek ýolunyň ugry bilen şol önümler alys ýurtlara çykarylypdyr. Olaryň hyrydary hem ýetik bolupdyr. Şu ajaýyp günde Babadaýhan etrabynda iri dokma toplumynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi, bu ýerde pagta çig malynyň gaýtadan işlenilip, dürli görnüşli matadyr lybaslaryň önümçiligine giň gerim berilmegi Arkadagly döwürde dokma önümlerimiziň taryhy şöhratynyň gaýtadan dabaralanýandygynyň, eksport ugurly harytlaryň möçberiniň artmagyna täze mümkinçilikleriň açylandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Babadaýhan dokma toplumyna ýokary hil görkezijileri üçin halkara güwänamalaryň birnäçesiniň gowşurylmagy onuň dünýä standartlaryna doly laýyk gelýändiginiň nyşanydyr.

Täze dokma toplumyna aýlanyp, bu ýerdäki şertler bilen tanyşdyk. Şonda önümçilik bölümlerinde ornaşdyrylan iň häzirki zaman enjamlardyr tehnologiýalar ünsümizi özüne çekdi. Döwrebap toplumda ýerli ýaşlaryň ýüzlerçesiniň zähmet çekmek bagtyna eýe bolandygyna, olar üçin ýokary amatlykly iş we dynç alyş şertleriniň göz öňünde tutulandygyna buýsanjymyz artdy. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşyň hözirini görüp ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi ugrunda iňňän uly alada edýändiginiň alamatydyr. Munuň üçin döwlet Baştutanymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

Oguljemal AMANDURDYÝEWA,
Babadaýhan dokma toplumynyň hünärmeni:

— Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagatyny ösdürmek milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, bu pudagyň döwrebaplaşdyrylmagy, önümçilige netijeli innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy, iň esasysy-da, häzirki zaman kärhanalarynyň gurulmagy bilen bagly uly tagallalar edilýär. Şu günki waka hem Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurdaky işleriniň barha rowaçlanýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi.

Babadaýhan dokma toplumynyň toý ruhunda açylyp, işe girizilmegi bilen, berkarar Watanymyzyň ýeňil senagaty pudagynyň kuwwatynyň has-da artmagyna giň mümkinçilikler açyldy. Toplumyň önümçilik bölümlerinde dünýä ylmynyň gazananlarynyň, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylandygyny buýsanç bilen bellemek gerek. Bu kämil tehnologiýalar ýylda 3 müň 300 tonna ýokary hilli ýüplügi, 20 million inedördül metr dürli görnüşli matany, şol sanda 18 million inedördül metr matany boýamaga hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge mümkinçilik berer.

Bizi aýratyn begendirýän ýagdaýlaryň biri-de täze dokma toplumynyň mümkinçiligi we kuwwaty babatda ýurdumyzda hereket edýän ugurdaş kärhanalaryň arasynda öňdäki orunlarda durýandygydyr. Şeýle iri toplumda zähmet çekmek bagtyna eýe bolandygyma juda begenýärin, buýsanýaryn.

Baýrammyrat HOJAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Babadaýhan etrap komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji:

— Etrabymyzyň pagtaçy daýhanlarynyň yhlas bilen çekýän zähmeti netijesinde ýylyň-ýylyna gowaçanyň bol hasyly ýetişdirilýär. Olaryň yhlas-azaby bilen kemala getirilýän ýokary hilli «ak altyn» dokma senagatynda gymmatly çig mal bolup hyzmat edýär. Şonuň bilen baglylykda, Babadaýhan dokma toplumynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi daýhanlaryň azaby bilen ýetişdirilýän inçe süýümli pagtanyň gaýtadan işlenip, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli önümleriň öndürilmegine, şeýlelikde, ýurdumyzyň dokma senagatynyň önümçilik kuwwatynyň has ýokary derejelere çykmagyna täze mümkinçilikleri açdy. Bu ýerde «Türkmenistanda öndürildi» diýen ýazgyly dokma önümleriniň daşarky bazarlarda hem uly islege eýe boljakdygyna ynanýarys.

Gahryman Arkadagymyzyň esasy aladasy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Şeýle iri önümçilik kuwwatlyklarynyň döredilmegi raýatlaryň iş üpjünçiligine, ýaşaýyş-durmuşyna oňyn täsirini ýetirýär, çünki bu ýerde etrabymyzyň ýaşlarynyň 1 müň 150-si üçin döwrebap iş orunlary açyldy. Olaryň kämil tehnologiýalary, enjamlary ussatlyk bilen dolandyryp, dünýä bazarynda geçginli dokma önümlerini öndürjekdigi buýsanjymyzy artdyrýar. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň ýokarlanmagy ugrunda uly alada edýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

Ýazga geçiren Aýdo ŞEKEROW.

«Türkmenistan». Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.




https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/47238