Milli Liderimiziň ählumumy başlangyçlary

Ýer ýüzünde parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine gönükdirilendir

Şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 76-njy mejlisi açyldy. 21 — 27-nji sentýabrda bolsa utgaşykly görnüşde mejlisiň esasy bölegi — umumy geňeşmeleriň hepdeligi geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli geňeşmeleriň ilkinji gününde çykyş edip, ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryny mälim etdi.

Baş Assambleýanyň 76-njy mejlisinde eden çykyşynda BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş taryhyň häzirki tapgyrynda adamzadyň bir wagtda meseleleriň birnäçe toplumy, ýagny pandemiýa, ýaragly dawalardyr gapma-garşylyklar, howanyň üýtgemegi, deňsizlik we beýlekiler bilen ýüzbe-ýüz bolandygyny aýratyn nygtap, tizden-tiz olaryň öňüni almagyň zerurdygyna dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi. Şundan ugur alyp, milli Liderimiz maksatnamalaýyn çykyşynda häzirki umumydünýä ýagdaýlaryna, syýasy, ykdysady, durmuş hadysalarynyň meýillerine syn berip, ählumumy derejede parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde döwletlerdir iri halkara guramalaryň özara utgaşykly hereketleriniň esasy talap bolup durýandygyny belledi. «...Şeýle gatnaşyklaryň netijeliliginiň derejesi köp babatda milli bähbitleriň hem-de ählumumy maksatlaryň we ileri tutulýan ugurlaryň arasynda umumy pikire gelnip bilinmegi bilen kesgitleniler» diýmek bilen, hormatly Prezidentimiz strategik, uzak möhletli ösüş wezipelerini, ýiti umumydünýä — ekologiýa, energetika, azyk, suw serişdelerini adalatly paýlamak, garyplygy aradan aýyrmak, tebigy betbagtçylyklardan goranmak, terrorçylyga, neşe serişdeleri bilen bagly howplara hem-de beýleki wehimlere garşy göreşmek meselelerini çözmekde umumy pikire gelinmeginiň örän möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu ugurda dünýä bileleşiginiň tagallalarynyň entek ýeterlik däldigini açyk aýdyp, howply wehime garşy halkara derejede göreşmegiň gurallarynda COVID-19 pandemiýasynyň düýpli ulgamlaýyn näsazlyklary ýüze çykarandygyna ünsi çekdi. Şunda Türkmenistan üýtgewsiz garaýşa eýerýär: koronawirus meselesini syýasylaşdyrmagy, ony döwletara gatnaşyklarda täsir etmegiň guraly hökmünde ulanmagy ýol berilmesiz hasaplaýar. Koronawirusa garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn gepleşiklerde esasy ornuň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasyna degişli bolmalydygynyň tarapdary hökmünde çykyş edýän ýurdumyz ylmy diplomatiýa ugry babatda özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerurdygyny göz öňünde tutup, Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisinde bu ugurda täze teklipleri öňe sürdi. Pandemiýanyň ykdysadyýete ýetirýän ýaramaz täsirlerini peseltmek şunda esasy meseleleriň biri bolmagynda galýar.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 29-njy iýulynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň 96-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. 48 döwletiň awtordaşlygynda kabul edilen bu resminama dünýäde häzirki dowam edýän adatdan daşary ýagdaýlaryň öňe çykaran zerurlygydyr. Çünki durnukly ulag ulgamy bolmazdan, Ýer ýüzünde doly derejeli durnukly ösüşi gazanmak asla mümkin däl. Şoňa görä-de, ählumumy derejede koronawirus ýokanjynyň ýaýran şertlerinde ulag ulgamynyň ähmiýeti has-da artdy. Azyk önümleridir lukmançylyk enjamlarynyň, dermanlardyr beýleki zerur ýükleriň durnukly halkara daşamalarynyň üpjün edilmeginiň pandemiýa garşy göreşmekde netijeli işleri kesgitleýändigini toplanan tejribeden aýdyň görmek bolýar.

Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ýerli hem-de sebit gapma-garşylyklarynyň ýitileşmegi bilen bagly çylşyrymly meseleler barada durup geçip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzasy hökmünde Türkmenistanyň halkara meseleleri diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik serişdeler arkaly, BMG-niň Tertipnamasynyň, esasy konwensiýalaryň hem-de beýleki halkara namalaryň kadalarydyr ýörelgeleri esasynda çözmäge goldaw bermegini dowam etjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, nobatdaky mejlisiň çäklerinde geçen ýylyň 7-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen kabul edilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny» atly Kararnamanyň düzgünlerini ornaşdyrmak üçin netijeli çäreler durmuşa geçiriler.

Aslynda, hemişelik Bitaraplyk — bu bitaraplygyň ýokary görnüşi bolup, bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamak üçin uly mümkinçilige eýedir. Ählumumylaşma hadysasynyň barha tizleşmegi bilen, bitarap ýurtlaryň täze wezipeleri ýerine ýetirmek mümkinçiliklerine garalýar. Olar häzirki zaman halkara hem-de şahsy howpsuzlygy saklamak meselelerini çözmäge oňaýly täsir etmäge ukyplydyr. Gürrüň, hususan-da, bitarap döwletleriň dürli görnüşlerdäki gepleşikleri geçirmek ýa-da özüňi alyp barmagyň düzgünleri barada maslahatlary bermek arkaly ýurtlaryň arasyndaky «siwilizasion gatnaşyklary» ösdürmäge goşýan goşandy hakynda barýar. Çünki bitaraplyk ideologiýasyna mahsus bolan özboluşlylyk, pragmatizm hem-de ylalaşyklylyk ýaly ýörelgeler dürli medeniýetlerdir siwilizasiýalaryň asuda ýaşamagy üçin kadalary işläp taýýarlamakda zerurdyr.

Milli Liderimiz nobatdaky mejlisde eden çykyşynda Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde çäreleri tamamlamak bilen, şu ýylyň dekabrynda Aşgabatda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahaty geçirmegi meýilleşdirýändigini mälim etdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjynyň düýp mazmuny döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek, aýratyn-da, ählumumy parahatçylygy, raýdaşlygy hem-de sazlaşygy üpjün etmek maksady bilen, anyk hereketler arkaly dünýä bileleşiginiň tagallalaryny utgaşdyrmakdan ybaratdyr.

Kararnamada dünýä jemgyýetçiligini parahatçylyga we ynanyşmaga durnukly ösüşi, parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de adam hukuklaryny hormatlamagy üpjün edýän gymmatlyk hökmünde garamaga çagyryş beýan edilýär. Çünki parahatçylyk we ynanyşmak gapma-garşylyklaryň bolmazlygyny, birek-birege hormaty alamatlandyrýar. Parahatçylyk we ynanyşmak Ýer ýüzünde özara gatnaşyklary ýola goýmagyň hem esasydyr. Muňa garamazdan, käbir sebitlerde parahatçylygy gazanmak çylşyrymly wezipeleriň biri bolmagynda galýar. Şoňa görä-de, degişli Kararnamanyň kabul edilmegi Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde, hususan-da, durnukly ösüşiň hatyrasyna parahatçylyk söýüji we açyk jemgyýetiň gurulmagyna ýardam bermegi göz öňünde tutýan 16-njy maksady iş ýüzünde amala aşyrmak boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň tagallalaryny utgaşdyryp, parahatçylyk medeniýetini kemala getirmekde aýratyn ähmiýetlidir. Türkmen paýtagtynda «Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyň guralmagy bolsa bu ugurda ýylyň dowamynda alnyp barlan işlere syn bermäge, häzirki meýilleri hem-de geljek üçin anyk wezipeleri kesgitlemäge nobatdaky mümkinçilik bolar.

Umuman, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň golaýda açylan 76-njy mejlisindäki çykyşy Merkezi Aziýada howpsuzlygy pugtalandyrmak, Owganystandaky ýagdaýlary dünýä bileleşiginiň utgaşykly tagallalary esasynda kadalaşdyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirmek, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek we bu ugurda BMG-niň ýöriteleşdirilen agentlikleri bilen özara hereketleri giňeltmek ýaly möhüm meseleleri hem öz içine aldy. Bu mejlisde milli Liderimiziň eden maksatnamalaýyn çykyşy «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipelere esaslanýan köptaraplaýyn resminama bolmak bilen, onda beýan edilen başlangyçlary ilerletmek Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ulgamyna girýän diplomatik wekilhanalaryň ählisiniň bilelikdäki işiniň netijelerine baglydyr.

Aksoltan ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky hemişelik wekili, Türkmenistanyň Gahrymany.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/42046