2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy geçirildi.
Ykdysady forumyň işine Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet dolandyryş edaralarynyň, telekeçilik we maýa goýum düzümleriniň, banklaryň, maliýe guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Forumyň çäginde Merkezi Aziýa sebitinde goşulyşmak hyzmatdaşlygy, köptaraplaýyn söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ileri tutulýan ykdysady pudaklarynda goşulyşmak işlerini çuňlaşdyrmak meseleleriniň giň topary ara alnyp maslahatlaşyldy we özara pikir alşyldy.
Şu ugurlar, ýagny Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri; energetika we himiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary; ulag-logistika pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça mowzuklaýyn bölümler guraldy.
Merkezi Aziýa sebitindäki döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň ösüşi baradaky meselelere uly üns berildi.
Foruma gatnaşyjylar bu forumyň şeýle ýokary derejede geçirilmeginiň, Merkezi Aziýa döwletleriniň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna gabat gelmeginiň, 2030-njy ýyla çenli Durnukly ösüş maksatlarynyň Gün tertibini ýerine ýetirmek üçin hyzmatdaşlygyň täze şertlerini işläp taýýarlamagyň çäginde ykdysady taýdan goşulyşmagyň ileri tutulýan ugurlaryny hemmetaraplaýyn ara alyp maslahatlaşmak üçin aýratyn amatly mümkinçilikleri döredendigini bellediler.
Foruma gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady ösüşiniň ysnyşykly gatnaşyklarynyň we özara baglylygynyň, ýurtlarymyzyň baýlyklaryny bilelikde we utgaşykly peýdalanmak arkaly iň ýokary derejede durmuş-ykdysady netijäni gazanmak nukdaýnazaryndan obýektiw häsiýete eýedigini aýratyn bellediler. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ägirt uly önümçilik we ylmy-tehniki mümkinçiliklerine eýe bolup, taryhy taýdan halklarymyzyň bilelikdäki tagallalary bilen döredilen, bazar usullaryndan we utgaşdyrylan hereketlerden ýerlikli peýdalanyp, şol sanda uly möçberli daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek we döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň usullaryndan netijeli peýdalanmak bilen, ykdysady ösüşiň düýpgöter täzelenmegi üçin zerur derejäni üpjün edip biler. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ösýän ykdysadyýetleriniň häzirki zaman ulgamlaryny emele getirmek üçin senagat we ulag pudagynda, işewür düzümlerde, maliýe guramalarynda serişdeleriň jemlenmeginiň möhüm ähmiýeti bellenildi.
Forumyň işiniň netijeleri boýunça, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge we netijeli ulanmaga we olaryň durnukly hem-de sazlaşykly ykdysady ösüşini gazanmaga, olaryň ykdysadyýetini berkitmäge hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen maslahatlar işlenip düzüldi.
Foruma gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny utgaşdyrmaga we berkitmäge gönükdirilen birnäçe teklipleri taýýarladylar:
1. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleriniň durnukly we kadaly ösmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, ykdysady taýdan sebitleýin goşulyşmagy mundan beýläk-de ösdürmegi üpjün etmek;
2. Bäsleşikli gatnaşyklaryň täsirli ulgamynyň emele gelmegine işjeň goldaw bermek, harytlar we hyzmatlar bazarlaryny kadalaşdyrmak we ösdürmek üçin kadalaşdyryjy hukuk binýadyny kämilleşdirmek, halkara düzgünleri we kadalary göz öňünde tutup, özara söwdada iberilýän harytlaryň sanawyny giňeltmek;
3. Sebit söwdasyndaky administratiw we tehniki päsgelçilikleri azaltmak üçin iň kämil tejribäni işjeň ulanmak;
4. Maýa goýum we innowasiýa taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin, geljegi uly bolan maliýe gurallaryny döretmek boýunça işleri güýçlendirmek;
5. Iri üpjünçilik taslamalar bilelikde durmuşa geçirilende özara sebitiçi maýa goýumlaryny artdyrmak üçin amatly şertleri döredip, maýa goýum ulgamyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek;
6. Ýangyç-energetika, himiýa we ulag-logistika ugurlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin amatly şertleri döretmäge gönükdirilen döwletara işlerini utgaşdyrmagyň derejesini ýokarlandyrmak;
7. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewür toparlarynyň arasynda ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlarynda, şol sanda ýangyç-energetika, himiýa, ulag-logistika ugurlarynda geljegi uly bolan bilelikdäki taslamalary taýýarlamaga we öňe sürmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygyň usullaryny ösdürmek;
8. Eksport amallaryny geçirmäge hemaýat edýän maglumat ulgamlaryny birleşdirmek arkaly kanunçylyk binýadyny sazlaşdyrmak işine ýardam bermek;
9. Söwda ulgamlaryny döretmek we ösdürmek boýunça tagallalary birleşdirmek;
10. Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek we Merkezi Aziýa ýurtlarynda goşulyşmak taslamalaryny durmuşa geçirmek maksady bilen, döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň iň oňat tejribesiniň durmuşa geçirilmegine ýardam bermek;
11. Söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygy, telekeçilik subýektleriniň önümçilik-tehnologik, ylmy-tehniki hyzmatdaşlygyny sebitleýin maliýe, guramaçylyk we maglumat-maslahat beriş taýdan goldamagyň ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmak;
12. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň işewür toparlarynyň arasynda söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyna ýardam bermek maksady bilen CAREC, SPECA we beýleki sebitleýin hem-de halkara guramalary, şeýle hem hyzmatdaşlygyň görnüşleri bilen gatnaşyklary ýola goýmak we çuňlaşdyrmak;
13. Merkezi Aziýa sebitiniň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerini bilelikde ösdürmegiň ýollaryny işläp düzmek;
14. Sebitiň dünýä syýahatçylyk bazaryndaky ornuny berkitmek maksady bilen, sebitiň ýeke-täk syýahatçylyk önümini we markasyny ösdürmek hem-de öňe sürmek arkaly syýahatçylyk pudagynda özara gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy giňeltmek;
15. Täze serhetüsti ugurlary döretmek arkaly sebitara syýahatçylygy ösdürmek;
16. Sanlylaşdyrmak, şol sanda elektron hökümet ulgamynyň meseleleri boýunça tejribe alyşmak;
17. Senagat kooperasiýasyny ösdürmek, her ýurduň deňeşdirilen artykmaçlyklary esasynda goşmaça gymmatyň ulgamyny emele getirmek;
18. Ulag aragatnaşygymyzy çuňlaşdyrmaga oňyn täsir ýetirjek harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi we serhetden geçirilmegi bilen bagly düzgünleri sazlaşdyrmak we sanlylaşdyrmak boýunça tagallalary birleşdirmek;
19. Ulag-aragatnaşyk pudagyndaky päsgelçilikleri ýüze çykarmak we aradan aýyrmak boýunça işleri güýçlendirmek, aragatnaşyk kuwwatyny we deňiz ýollaryna çykmak mümkinçiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, täze ulag-logistika geçelgeleriniň açylmagyna we ösdürilmegine işjeň ýardam bermek;
20. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny sebitleýin derejede, şol sanda sebitleýin forumlary we konferensiýalary geçirmek arkaly höweslendirmek;
21. Özara ylalaşyk boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyny geçirmek.
Foruma gatnaşyjylar forumyň yzygiderli geçirilmeginiň möhümdigini belläp, forumyň netijeleri boýunça işlenip düzülen we Jemleýji resminamada görkezilen maslahatlaryň işjeň sebitleýin hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady mümkinçiliginiň we goşulyşmagynyň yzygiderli ösmegine ýardam berjekdigine, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady mümkinçiligi we döwletara zähmet bölünişigi, önümçiligiň ýöriteleşdirilmegi we kooperirlenmegi, özara peýdaly söwda we maýa goýumlary esasynda ykdysady ösüşiniň hil taýdan täze derejä ýetmegine ýardam berjekdigine ynam bildirýärler.
Ykdysady foruma gatnaşyjylar ykdysady forumyň ýokary derejede guralandygy we myhmansöýerligi üçin Türkmenistanyň hökümetine minnetdarlyk bildirdiler.
Türkmenistan, Türkmenbaşy ş. 2021-nji ýylyň 6-njy awgusty.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36802