Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy

6-njy awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Kongresler merkezinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumy geçirildi. Onda sebitiň döwletleriniň söwdaykdysady, maýa goýum, senagat we ulagkommunikasiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gabatlanyp geçirilen foruma Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Türkmenistanyň hökümetleriniň agzalary, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, maliýe guramalarynyň, hususy işewürligiň, beýleki degişli düzümleriň, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidentiniň salamyny hemde üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirmek bilen, şu günki duşuşygyň dünýä ykdysadyýetiniň duçar bolan uly wehimleriniň dowam edýän wagtynda geçýändigini belledi. Şol wehimler Merkezi Aziýa döwletleriniň hem duşundan geçmedi. Diňe çökgünligiň ýaramaz täsirlerini azaltmaga dälde, eýsem, ykdysady ösüşiň durnukly ugruna çykmaga, durmuş taýdan ösüşiň maksatnamalaryny amala aşyrmak üçin şertleriň üpjün edilmegine, sebitiň ýurtlarynyň Baştutanlarynyň gazanan ylalaşyklaryna laýyklykda, özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilen bilelikdäki meýilnamalary we anyk wezipeleri işläp taýýarlamagyň zerurlygy hasda artýar. Şunda Türkmenistan esasy ugurlaryň hatarynda ulag we energetika ulgamlaryny ileri tutýar. Hyzmatdaşlygyň bu ugurlaryna garaýyşlaryň we çemeleşmeleriň umumylygy Merkezi Aziýa döwletleri üçin iş ýüzündäki gatnaşyklar babatda degişli şertleri döredýär. Bu ýerde gürrüň bir bitewi maksatlaryň ikisi barada, birinjiden, sebitiň içinde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, ikinjiden, häzirki zaman geoykdysadyýetiň möhüm subýekti hökmünde kontinental we dünýä hojalyk gatnaşyklaryny doly derejede gurmak hakynda barýar.

Biziň ýurtlarymyzda bar bolan bäsdeşlige ukyply artykmaçlyklary — strategik Ýewraziýa ýollarynyň çatryklarynda çäk taýdan ýerleşmegiň amatlyklaryny, uly möçberli serişde — çig mal kuwwatyny, ykdysady ösüşde ölçegleriň birnäçesi boýunça düzüm ylalaşyklygyny doly peýdalanmak gerek diýip, S.Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistan amal ediljek döredijilikli işlere, ýakyn hyzmatdaşlyga taýýardyr diýip, S.Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara netijeli işlemegi, gyzykly we peýdaly ara alyp maslahatlaşmalary geçirmegi arzuw etdi.

Soňra ugurlar boýunça mejlisleriň barşynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň söwdaykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri, olaryň energetika we himiýa pudaklarynda, şeýle hem ulaglogistika ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlara seredildi.

Türkmenistanyň wekilleriniň hemde daşary ýurtly myhmanlaryň çykyşlarynda bellenilen ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň meseleleri öz beýanyny tapyp, dürli derejelerdäki ugurdaş gatnaşyklary ösdürmek boýunça möhüm wezipeler kesgitlendi, bilelikdäki täze taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçiliklerine garaldy.

Geçirilen çekişmeleriň netijeleri hemde işlenip taýýarlanylan maslahatlar forumyň Jemleýji resminamasynda beýan edildi.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumyna gatnaşyjylar duşuşygyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine kybap gelýän sebit hyzmatdaşlygyny hasda ösdürmek maksady bilen, netijeli gatnaşyklary dowam etmek ugrunda çykyş etdiler. Şeýle hem Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet we hususy kärhanalarynyň hemde olaryň geljekki hyzmatdaşlarynyň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi, olaryň barşynda özara gatnaşyklaryň geljegi uly bolan ugurlar we anyk taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň kompaniýalary bilen umumy bahasy ABŞnyň 131,5 million dollaryna barabar bolan, eksport we import ugurly hemde hyzmatdaşlyk şertnamalarynyň 74sini baglaşdylar. Olar oba hojalyk we azyk önümlerini, plastik turbalary, dürli görnüşdäki polimer önümlerini ibermek, ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmek bilen bagly işleri öz içine aldy.

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň çäklerinde möhüm pudagara resminamalaryň 11sine gol çekildi. Olar aýryaýry taraplaryň birnäçe ugurlarda, şol sanda ulag, halkara konteýner we multimodal ýük daşamalary, senagat, nebitgaz we elektroenergetika ulgamlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek pikirini tassykladylar.

«Ahal durmuşy».



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/36833