Şanly wakalary bilen Merkezi Aziýa sebitiniň taryhyna girjek günüň — 6-njy awgustyň gün tertibinde sebitiň ýurtlarynyň ykdysady forumy hem bar. Döwletara derejede guralýan bu forum Türkmenistanyň ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça sebitleriň çäklerinde alyp barýan netijeli işleriniň ykrarnamasy bolup, ol Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmekde bilelikdäki tagallalaryň zerurdygyny äşgär edýär. Bu halkara çärede garaljak meseleler we onuň jemi boýunça kabul ediljek resminamalar sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynam döredýär.
Häzirki döwürde halkara ykdysady giňişlikde islendik ýurduň tutýan ornuny pugtalandyrmak üçin halkara gatnaşyklary dürli ugurlarda we dürli görnüşde ösdürmek zerur bolup durýar. Şunda sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň köp ýurtlaryň daşary syýasat strategiýasynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenmegi syýasy we ykdysady nukdaýnazardan bähbitli hasaplanýar. Çünki ykdysady meseleler boýunça döwletara gepleşikleriň geçirilmegi, halkara derejede forumlaryň we duşuşyklaryň guralmagy dünýä tejribesinde milli bähbitleri sazlaşdyrmakda öz oňyn netijelerini görkezen gurallaryň biridir.
Aslynda, ykdysady forum halkara derejede guralýan çäreleriň bir görnüşi bolup, oňa gatnaşýan ýurtlaryň ykdysady ösüşi üçin ähmiýetli meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdançany emele getirýär. Bu forumyň gurşap alýan meseleleri Merkezi Aziýa sebitiniň giňişliginde döwletara gatnaşyklaryň täze görnüşiniň döreýändigini äşgär edýär. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysady forumynyň ilkinji gezek geçirilýändigi aýratyn bellärliklidir. Oňa dünýä jemgyýetçiliginiň, hususan-da, bu sebite girýän döwletleriň uly gyzyklanma bildirmegi şol ýurtlaryň tebigy baýlyklarynyň we uly mümkinçilikleriniň tutuş dünýäniň, şol sanda sebitiň bähbitleri üçin ulanylmaga taýýardygyny aýan edýär. Şeýle forumlaryň geçirilmegi sebitiň şu gününi we geljegini nazarlaýan halkara taslamalaryň bilelikde işlenip taýýarlanmagyna badalga berýär. Sebitara infrastrukturanyň häzirki zaman giň ulag we aragatnaşyk ulgamynyň döredilmeginiň giňişlige girýän döwletleriň mundan beýläk-de global ykdysady ösüşe netijeli goşulyşmagyna güýçli itergi berjekdigini alamatlandyrýar. Mundan başga-da, bu ýurtlarda maýa goýumlaryň artmagyna we netijeli hyzmatdaşlygy amala aşyrmak üçin şertleri üpjün etmäge ýardam berjekdigi gümansyzdyr. Foruma gatnaşjak döwletler tarapyndan ulag, syýahatçylyk, maýa goýum, energetika meseleleri boýunça kabul ediljek çözgütleriň halkara geoykdysady giňişligiň täze keşbiniň kemala gelmegine ýardam berjekdigine ynamy güýçlendirýär.
Dünýä tejribesinde sebitleýin ykdysady forumlaryň birnäçe görnüşi bolup, onda şol giňişligiň şu günki we geljekki ösüşini üpjün etjek ugurlar boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik döredilýär. Mundan başga-da, bu gün dünýä jemgyýetçiliginiň nazary ýurdumyzyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna gönükdirilen.
Şu ýerde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji sammitiniň 2018-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň Nur-Sultan şäherinde, 2019-njy ýylda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilendigini bellesek ýerlikli bolar. Nobatdaky sammiti Türkmenistanda geçirmek barada hormatly Prezidentimiziň beren teklibiniň goldanylmagy ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokarydygynyň ýene-de bir tassyknamasydyr. Bu sammitiň uzak taryhy bolmasa-da, bu gün onda ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleriň çuňlugy we möçberi halkara çäräni sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň netijeli we ygtybarly guraly hökmünde häsiýetlendirmäge esas döredýär.
Türkmenistan bu gün dünýä bileleşigine ygtybarly ykdysady hyzmatdaşlygyň oňyn nusgasyny görkezýär. Bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dünýäniň 100-den gowrak döwleti bilen ýola goýan söwda-ykdysady gatnaşyklary hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan daşary ykdysady syýasatyň netijeliliginden nyşan. Şol bir wagtda bu ýagdaý halkara ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň tutýan ornunyň pugtalanýandygyny alamatlandyrýan möhüm ölçegdir. «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesini daşary ykdysady strategiýasynyň ýol-ýörelgesine öwürmegi başaran Türkmenistanyň häzirki döwürde öňe sürýän milli bähbitleri köp babatda ählumumy ösüşe degişli iri taslamalary amala aşyrmaga gönükdirilendigi bilen tapawutlanýar.
Sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolupdy we häzirki döwürde hem şeýle bolmagynda galýar. Sebäbi islendik ýurduň ösüşi we howpsuzlygy köp derejede ony gurşap alýan geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlara bagly bolýar. Umumy geografik giňişlikde ýerleşýän ýurtlar bilen syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda ösdürilýän hyzmatdaşlyk olaryň arasynda özara düşünişmek ýörelgelerine eýerilýän gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna şert döredýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz köptaraplaýyn sebit we sebitara hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär. Ykdysady çygyrda amala aşyrylýan sebitleýin hyzmatdaşlyk dünýä tejribesinde döwletara gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli görnüşleriniň biri hökmünde özüni görkezdi. Hususan-da, Türkmenistan özüniň daşary ykdysady strategiýasynyň çäklerinde doly möçberli we oňyn hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen, ykdysadyýet, söwda, energetika, ulag-aragatnaşyk, syýahatçylyk çygyrlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin dünýä bileleşiginiň dykgatyna täze çemeleşmeleri we teklipleri hödürleýär.
Maýa goýum bazarynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, daşary ýurt maýa serişdelerini ýurdumyza çekmek bilen bagly meseleler häzirki döwrüň ykdysady gatnaşyklarynda uly ähmiýet berilýän meselelerdir. Hususan-da, türkmen ykdysadyýetiniň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe daşary ýurt maýadarlary üçin ähmiýetli zerur durmuş-ykdysady, syýasy şertleriň bolmagy ýurdumyza uly gyzyklanma döredýär. Netijede, maýadarlary howatyrlandyrýan töwekgelçilikleriň derejesiniň pes bolmagy ýurdumyzyň düýpli goýumlar syýasatynyň geljeginiň uludygyny alamatlandyrýar.
Geografik taýdan Ýewraziýa ýollarynyň çatrygynda ýerleşmek bilen Türkmenistan ägirt uly amatlyklardan peýdalanýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurtda döwrebap ulag we aragatnaşyk infrastrukturasynyň döredilmegi düýpli maýa goýumlary milli ykdysadyýete çekmek işini ýeňilleşdirýän şert hökmünde çykyş edýär. Şol bir wagtda halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möhüm düzüm bölegini emele getirmek bilen bir hatarda, Türkmenistan bütin Merkezi Aziýa sebitinde uly möçberde maýa goýmaga amatlyklary bolan ýurtlaryň biri hasap edilýär.
Halkara çäreleriň çäklerinde Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna degişli 9620 inedördül metr meýdanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli önümleriniň sergisini guramak hem göz öňünde tutulýar. Onda milli pawilýonlaryň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň sergileriniň ýerleşdirilmegi Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen öndürijileriniň gazanan üstünliklerini we ýeten sepgitlerini dünýä jemgyýetçiligine äşgär etmäge, ileri tutulýan ugurlar boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge mümkinçilik berýär.
Häzirki döwürde sebitde işjeň ösdürilýän halkara hyzmatdaşlygy milli Liderimiziň parahatçylygy, howpsuzlygy we ösüşi üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň barha rowaçlanýandygyny, «Ösüş arkaly parahatçylyk» ýörelgesiniň diňe bir sebitde däl, eýsem, global derejede oňyn netijeleri görkezýändigini alamatlandyrýar.
Maýagözel BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň Zähmet gory we iş üpjünçilik müdirliginiň başlygynyň orunbasary, ykdysady ylymlaryň kandidaty.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/36577