Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlygy: parahatçylyk we özara ynanyşmak ýörelgeleriniň täze mazmuny

Hormatly Prezidentimiziň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjyny tejribä ornaşdyrmagyň amatly geosyýasy guraly hereketde

Mälim bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyz golaýda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň çakylygy boýunça Pekinde geçirilýän XXIV gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz iş saparynyň çäklerinde HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy. Liderler döwletara gatnaşyklaryň ähmiýetli ugurlaryna üns berdiler we häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de geljekki ugurlaryny nazara alyp, onuň mundan beýläk-de ösdürilmegine taraplaryň taýýardygyny bellediler. Munuň özi türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmekde möhüm ädimdir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda sanly ulgam arkaly «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitinde eden çykyşynda: «Biz dünýädäki wakalaryň öňünden kesgitläp bolmaýan ýagdaýa öwrülýändigini, has durnuksyz häsiýete eýe bolýandygyny görýäris. Şeýle şertlerde diňe ynanyşmagy dikeltmek hem-de umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna eýermek emele gelen ýagdaýy düzgünleşdirmäge mümkinçilik berer diýip hasap edýäris» diýip nygtady. Şu nukdaýnazardan alanyňda, bitaraplyk ýörelgesiniň, öňüni alyş diplomatiýasynyň wajyplygy, jedelli ýagdaýlary halkara hukuga laýyklykda we Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda, gepleşikler ýoly bilen kadalaşdyrmagyň aýratyn derwaýysdygy ýüze çykýar.

Merkezi Aziýa Aziýa yklymynyň öran giň çäklerini öz içine alýar. Bu sebit ýurtlarynyň şöhrata baý köpasyrlyk taryhy we medeni mirasy sebitiň geljeginiň uly ösüşlere beslenjekdiginiň kepili bolmak bilen, dünýäniň iri döwletleriniň hem-de syýasy merkezleriniň ünsüni barha özüne çekýär. Bu ýöne ýerden däl, sebäbi dünýä ýaň salan imperiýalaryň dörän ýeri bolan biziň topraklarymyz üçünji müňýyllykda täze galkynyşa eýe bolýar. Olar indi geosyýasy bäsleşigiň gowşak obýekti bolmakdan täsir ediji subýektine öwrüldiler. Şonuň üçin-de, dünýä syýasatynda strategik taýdan wajyp tekliplerdir başlangyçlar Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlary tarapyndan barha işjeň häsiýetde öňe sürülýär.

Merkezi Aziýanyň ummasyz tebigy baýlyklarynyň we oňaýly geografik ýerleşişiniň syýasy täsiriniň uludygyny turuwbaşdan nygtamak gerek. Aýratyn-da, energiýa serişdelerine baý bolmagy, amatly geosyýasy, geoykdysady artykmaçlyklary sebitiň halkara gatnaşyklardaky ähmiýetini artdyrýar. Şonuň üçin-de, XXI asyryň başynda Merkezi Aziýa ýurtlaryny hyzmatdaşlygyň merkezine çekmäge gyzyklanma bildirýän döwletleriň sany has-da artdy. Muňa soňky 20 ýyla golaý döwürde «Merkezi Aziýa+» adalgasynyň syýasy dolanyşyga giňden ornandygy-da şaýatlyk edýär. Bu sebitiň dünýä syýasatynda has möhüm ähmiýete eýedigini 2022-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti hem görkezdi. Sammit Hytaý Halk Respublikasynyň Merkezi Aziýa döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlandy.

Hytaý Halk Respublikasy «Merkezi Aziýa+» formatyna gyzyklanma bildiren ilkinji döwletleriň biri bolup, ol sebit döwletleri bilen hyzmatdaşlygy barha giňeldýär. Umuman, Hytaýyň gürrüňi edilýän ýurtlar bilen gatnaşyklaryny üç döwre bölmek mümkin. 1991 — 1996-njy ýyllarda Hytaý sebitiň döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. 1996 — 2001-nji ýyllarda ol daşary syýasatynyň Merkezi Aziýa ugruny has işjeňleşdirdi. 2001-nji ýyldan häzirki döwre çenli ykdysadyýetiniň batly depginler bilen ösýän şertlerinde Pekin Merkezi Aziýa sebitiniň energiýa serişdelerine kepillendirilen rugsady almaga, ozaly bilen onuň üstaşyr geçirilmegine gyzyklanma bildirýär.

Merkezi Aziýa hytaý harytlary üçin möhüm bazardyr. Hytaý bu sebit bilen söwdasyny «taýýar önümiň öwezine çig mal» diýen formula boýunça alyp barýar. 2001 — 2007-nji ýyllarda Hytaýyň Merkezi Aziýa sebiti bilen söwda dolanyşygy 11 esse artyp, 16 mlrd dollara ýetdi. 2001 — 2019-njy ýyllarda bu görkeziji ABŞ-nyň 46,5 mlrd dollaryna çenli, ýagny 31 esse ýokarlandy. Merkezi Aziýa döwletleri Hytaýa energiýa serişdelerini, himiýa hem dokma çig mallaryny, gara we reňkli metallary, Hytaý bolsa sebite halkyň sarp edýän harytlaryny eksport edýär.

Hytaýyň Merkezi Aziýa bolan gyzyklanmasy Si Szinpiniň Hökümete gelmegi bilen has-da işjeňleşdi. Hytaý bilen bu sebitiň ýurtlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli sanly ulgam arkaly geçirilen «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitindäki çykyşynda Si Szinpin 2030-njy ýyla çenli Merkezi Aziýa ýurtlary bilen özara söwda dolanyşygyny 70 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi maksat edinýändigini mälim etdi.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitinde eden çykyşynda Hytaý Halk Respublikasy bilen, Merkezi Aziýa döwletleriniň, hususan-da Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň 30 ýyllyk taryhy tejribesine nazar aýlamak bilen, ony hil taýdan täze derejä çykarjak birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Olary aşakdaky ugurlara bölmek mümkin:

1. Syýasy ugur. Hytaýyň daşary syýasaty onuň dünýäniň ösen döwletine öwrülmek maksadyndan gözbaş alyp, parahatçylykly ösüş ýörelgesi arkaly halkara hyzmatdaşlykda täsirini artdyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşynda, Garaşsyzlygyny hem-de özygtyýarlylygyny berkitmekde HHR-iň halkara bileleşikde Merkezi Aziýa ýurtlaryna ýakyndan ýardam berýändigi aýratyn nygtaldy. Sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryň goldanylmagynda BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň hemişelik agzasy hökmünde Hytaýyň Merkezi Aziýa ýurtlaryna syýasy goldawy örän zerurdyr.

2. Energetika. Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlygynda energetika pudagyna möhüm ähmiýet berilýär. Bu tötänden däldir. Bilşimiz ýaly, kuwwatly hytaý ykdysadyýeti energetika çeşmeleriniň aglaba böleginiň daşyndan getirilmegini talap edýär. Şonuň üçin-de, bu ýurt çalt ösýän ykdysadyýetini kepillendirilen energiýa çeşmeleri bilen üpjün etmekde Merkezi Aziýa aýratyn ähmiýet berýär. Bu babatdan alnanda, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň uly üstünligidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen gurlan Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi, şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň öz energiýa serişdelerini tutuş adamzadyň bähbidine ulanmak ýörelgesine ygrarlydygynyň-da subutnamasydyr.

Gürrüňi edilýän gaz geçirijiniň ähmiýetine düşünmek üçin Hytaýyň energetika diplomatiýasyna nazar aýlamak zerurdyr. Hytaý gaz gorlaryna garyp döwlet däl. Ýöne onuň barlanan tebigy gaz gorlarynyň 70 göterime golaýy ýurduň günbatarynda ýerleşýär. Häzirki wagtda Syçuan welaýaty hem-de Sinszýan Uýgur awtonom welaýaty, Günorta Hytaý deňziniň kontinental şelfi Hytaýyň gaz alynýan esasy sebitleridir.

Eýsem, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň ähmiýetini näme bilen düşündirip bolar? Bu, ozaly bilen, Merkezi Aziýada we Uzak Gündogarda ýangyç-energetika bazarynda täze infrastrukturanyň dörändigini aňladýar. Özbegistan we Gazagystan türkmen mawy ýangyjyny üstaşyr geçirmekden peýda gazanýar. Ondan daşgary-da, olarda öz tebigy gazyny hem bu turbageçirijiniň üsti bilen Hytaýa akdyrmaga mümkinçilik döredi. Bu gaz geçiriji Gazagystanyň günorta-gündogar etraplaryny gazlaşdyrmaga hem mümkinçilik berdi. Hytaý günbatar serhedine, esasan, türkmen tebigy gazyny akdyrmak üçin ýurduň içinde «Günbatar — Gündogar» gaz geçirijisini gurdy. Ol ýurduň 14 welaýatynyň içinden geçýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 22 — 25-nji noýabrynda HHR-e bolan döwlet saparynyň barşynda geljekde Hytaýa iberiljek türkmen tebigy gazynyň möçberini 65 milliard kubmetre ýetirmek barada ylalaşyk gazanyldy. Şol ýylyň 24-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Şençžen şäherinde Hytaýyň 100 million ilatly günorta-gündogar welaýaty Guanduna türkmen gazynyň berilmegine bagyşlanan çäre taryhy waka boldy.

«Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitindäki çykyşynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň strategik ähmiýetli bu gaz geçirijiniň 4-nji şahasyny gurmak arkaly türkmen tebigy gazynyň Hytaýa iberilýän möçberini artdyrmak meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygyny nygtady. Ylalaşyk gazanylyp, bu taslama-da amala aşyrylan ýagdaýynda gaz geçirijileriniň umumy kuwwaty ýylda 85 mlrd kubmetre, türkmen gazynyň Hytaýa eksporty bolsa ýyllyk 65 mlrd kubmetre çenli artar. 2021-nji ýylyň başynda «Malaý» gaz ýatagynda gaz gysyjy desganyň ulanmaga berilmegi HHR-e tebigy gazyň kepillendirilen ýagdaýda iberilmegine mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça amala aşyrylan bu taslamada müňýyllyklaryň dowamynda Ýewraziýa yklymynyň halklaryny baglanyşdyran Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek pikiri öz beýanyny tapdy. 2009-njy ýylyň ahyryndan başlap, 2021-nji ýylyň maý aýyna çenli Hytaý 300 mlrd kubmetr türkmen «mawy ýangyjyny» import etdi. 2021-nji ýylyň ortasynda HHR-niň Hökümeti Türkmenistanyň agzalan gaz geçirijiniň gurluşygy üçin alan ABŞ-nyň 8 mlrd dollaryndan gowrak karzyny doly üzülişendigini habar berdi. Munuň özi Türkmenistanyň ählumumy energetika bazarynda ygtybarly hyzmatdaşdygyny görkezýär.

3. Ulag ulgamy. Hytaý Beýik Ýüpek ýoluny döretmegiň gözbaşynda duran bolsa, Türkmenistan onuň ýüregi, hereketlendiriji güýji bolupdy. Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlygynda üçünji müňýyllygyň täze geosyýasy, geoykdysady hakykatyny nazara alyp, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge uly ähmiýet berilýär. «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitindäki çykyşynda milli Liderimiz türkmen tarapynyň öňe süren «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» taslamasynyň Ýewraziýada ykdysady ösüşe uly itergi bermäge niýetlenendigini aýratyn nygtady. «Bu taslama filosofiýasy we geoykdysady manysy boýunça «Bir guşak — bir ýol» atly ählumumy hytaý taslamasy bilen baglydyr» diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Türkmenistanyň eýýäm amala aşyran hem-de hereketde bolan köpugurly üstaşyr ulag taslamalary Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlygynyň bähbitlerine hem gabat gelýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça eýýäm Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň geografiýasyny Merkezi Aziýanyň we Orta Gündogaryň çygryndan çykarmak boýunça anyk işler edildi.

Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli Merkezi Aziýanyň we Hytaýyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasynda Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan, Hytaý — Täjigistan — Özbegistan awtoulag ýollarynyň sebitiň halklarynyň bähbidine gulluk edýändigi nygtalýar.

4. Ynsanperwer ugur. Hytaý hem, Merkezi Aziýa hem dünýä ylmyna uly goşant goşdy. Dünýä ilkinji kompasy, globusy, därini, ýüpegi, kagyzy, algoritmi, lukmançylygyň adaty däl tärlerini beren bu sebitiň halklary üçin üçünji müňýyllykda hem ylym-bilim, ynsanperwerlik ýaly ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik örän köp. Pandemiýa zerarly dünýäniň ünsüni ylmy diplomatiýa ugry boýunça tagallalary birleşdirmäge çagyrýan hormatly Prezidentimiz bu babatda Merkezi Aziýa bilen Hytaýyň özara raýdaşlygyň ajaýyp nusgasyny görkezendigini aýratyn belleýär. Türkmen Lideri «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşinde ýurtlarymyzyň ylmy-lukmançylyk birleşikleriniň, epidemiologiýa we sanitariýa gulluklarynyň, beýleki ugurdaş edaralaryň wekilleriniň arasynda şu ýyl ilkinji duşuşygy geçirmegi teklip etdi. Koronawirus ýokanjyny doly ýeňip geçmegiň zerur şerti hökmünde sanjym geçirmek barada aýdylanda bolsa, biz hytaý tarapy bilen bu ugurda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Milli Liderimiz halkara gatnaşyklarda özara ynamsyzlygy ýeňip geçmäge gönükdirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» täze filosofiýany halkara durmuşa netijeli ornaşdyrmakda Hytaý Halk Respublikasy bilen Merkezi Aziýa döwletlerini hyzmatdaşlarymyz we pikirdeşlerimiz hasap edýäris diýip belledi. Jemläp aýdylanda, Merkezi Aziýa — Hytaý hyzmatdaşlygy hormatly Prezidentimiziň «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly başlangyjyny tejribä ornaşdyrmakda amatly geosyýasy guraldyr.

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.