«Mekanyň» agyz suwy

Etrapdaky «Mekan» agyz suw desgasy öňümizdäki martda 6 ýaşyny doldurýar. Desganyň işläp gelýän alty ýyly ýerli ýaşaýjylara, belki, altmyş ýyllyk höziri bagyşlady. Çünki ýerasty çeşmelerden suwy göni alyp içäýmek hem ýaramly welin, ony ýörite ulgam arkaly arassalap içmegiň nepi gas güýçli. Bir gije-gündizde 1500 kub metr suwy arassalamaga mümkinçiligi bolan desga daýhan birleşigiň üç obasynda 620-ä golaý hojalygy arassa agyz suwy bilen üpjün edýär.

Desga gözbaşyny 2 kilometre golaý uzaklykda ýerleşýän dik guýularyň bäşisinden alýar. Her biriniň çuňlugy 35 metr bolan guýularyň suwy ýörite turbalar bilen desga çenli getirilýär. Bu ýerde suwy birinji we ikinji süzgüçler «kabul edýärler». Olaryň ikisi hem şol bir wezipäni ýerine ýetirýär. Olar sagatda 100 kub metre çenli suwy arassalamaga ukyplydyr.

Süzgüçden geçen suw çig suw howdanyna gelýär. Hut şu ýerde-de suwuň çökündileri çökdürilip, düzümine bellenilen mukdarda hlor goşulýar. Taýyn bolan suw ikinji howdana geçirilýär. Ýeri gelende aýtsak, howdanlaryň her birine 350 kub metr suw sygýar. Biziň bu ýerde bolan günümizde olarda 280 kub metrden gowrak suw bar eken.

Aslynda, ikinji howuzda ilata ugradylmaga ýaramly suw toplanylýar. Kuwwatly suw göterijileriniň üçüsi olary oba ýaşaýjylaryna çenli güýçli bat bilen itekleýär. Ýöne desgada suwy ýene bir tapgyrda ― ultraşöhleler arkaly arassalamak hem ýola goýlupdyr. Bu bölümde suw 99 göterime çenli arassalanylýar.

― Desgada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyryldy. Merkezi binadaky operatorlar otagyndan suwuň ýerasty çeşmede alynýan ýerinden tä ilata ugradylýan aralygyna çenli gözegçilik etmäge doly mümkinçilik bar. Bu bolsa işleriň aglaba bölegini awtomatlaşdyrylan görnüşde dolandyrmaga mümkinçilik berýär ― diýip, gözegçi ussa Laçyn Ilmyradowa gürrüň berýär.

Biz desganyň barlaghanasynda alnyp barylýan işler bilen hem tanyşdyk. Hünärmen Gyzlarbegi Ysmaýylowanyň gürrüň berşi ýaly, bu ýere howdanlaryň ikisinden hem suw gelýär. Olardan alynýan nusgalar ýörite barlaglardan geçirilip, suwuň içmäge ýaramlylygy barada kepilnama alynýar. Suw diňe barlaghana hünärmenleriniň rugsady bilen ilata ugradylýar. Ýeri gelende aýtsak, howdanlardaky suw her bir sagatdan barlanylyp durulýar.

Desganyň esasy hünärmenleriniň biri Atageldi Allaberdiýew bolsa bu ýerde arassalanylýan suwuň «Mekan» daýhan birleşiginiň üç obasynyň ― Mekan, Müsür we Dänajy obalarynyň ilatyna ýetirilýändigini gürrüň berýär. Ýokarda-da belleýşimiz ýaly, «Mekan» agyz suw desgasynda arassalanylýan suwdan 620-ä golaý hojalyk peýdalanýar. Gyşda arassa agyz suwuna bolan talabyň azdygy sebäpli şu günler bir gije-gündizde 700 kub metr çemesi suw ugradylýan bolsa, tomusda bu mukdary iki essä çenli köpeltmäge mümkinçilik bar.

Bir teşnäni gandyrmak ― uly sogap. Bu ýerde zähmet çekýän 30-a golaý işgär bolsa müňlerçe adama arassa suw bagyşlaýar. Şeýle agyz suw desgalarynyň welaýatymyzyň beýleki etraplarynda hem gurulmagy tutuş sebitde arassa agyz suwuna bolan islegiň kanagatlandyrylýandygyny görkezýär. Munuň üçin olar hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20264