2022-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Aşgabat şäherindäki «Ýyldyz» muhmanhanasynda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň on birinji mejlisi öz işine başlady.
Toparyň Türkmen bölegine Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Serdarow, Täjik bölegine Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministri Daler Juma ýolbaşçylyk etdi.
Toparyň mejlisine Toparyň türkmen we täjik wekiliýetleri gatnaşdylar. Taraplar Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparyň on birinji mejlisiniň gün tertibini tassykladylar.
Türkmen we Täjik taraplary, Gahryman Arkadagymyzyň 2021-nji ýylyň 17–18-nji sentýabry aralygynda Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň 2021-nji ýylyň 4–5-nji awgusty aralygynda we 2021-nji ýylyň 27–28-nji noýabry aralygynda Türkmenistana degişlilikde döwlet we iş saparlarynyň ähmiýetini kanagatlanma bilen bellediler.
Bu saparlaryň dowamynda, Taraplar, Türkmenistan bilen Täjigistan Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki çygyrlarda işjeň hyzmatdaşlyga yhlaslylygy ýene-de bir gezek tassykladylar. Mundan başga-da, özara gyzyklanma bar bolan ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek ugrunda birnäçe ylalaşyga gelindi.
Hökümetara topar, bu toparyň onunjy mejlisiniň (Duşenbe şäheri, 2021-nji ýylyň 28–29-njy iýuly) çözgütleriniň durmuşa geçirilişi barada Taraplaryň maglumatlaryny diňlediler.
Uzak möhletli häsiýete eýe bolan meseleler täzeden seredildi we Toparyň şu mejlisiniň Teswirnamasynda öz beýanyny tapar.
Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň on birinji mejlisiniň dowamynda topar, hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlary boýunça mundan beýläk netijeli özara gatnaşygyň üpjin edilmeginiň wajypdygyny bellediler.
Taraplar, ykdysady, söwda, tehniki, ylmy we medeni hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşdylar we birnäçe ugurlar boýunça çözgütleri kabul etdiler.
Täjik wekilýetiniň Türkmenistana saparynyň birinji gününde ýagny 2022-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň Täjik böleginiň ýolbaşçysy Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministri Daler Jumanyň Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň başlygyň maliýe, ykdysadyýet bank toplumyna gözegçilik edýän orunbasary bilen Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary bolup geçdi. Duşuşyklar hoşniýetli ýagdaýda geçdi.
Duşuşyklaryň ahyrynda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde, dünýä döwletleri bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmakda giň mümkinçilikleri, zerur şertleri döredip berýänligi, tutuş dünýäde ýurdumyzyň abraý-mertebesini belende götermekde bimöçber işleri amala aşyrýanlygy üçin Arkadagly Serdarymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyşly sözler aýdyldy. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak belent başynyň hemişe aman, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli belent tutumly işleriniň mundan beýlägem rowaç almagy arzuw edildi.
Parahat Meretliýew
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet
ministrliginiň baş hünärmeni