12-nji maýda Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça bu forum «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan geçirildi.
Foruma gatnaşanlaryň hatarynda hökümet düzümleriniň, ugurdaş ministrlikleriňdir pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, dünýäniň esasy nebitgaz, hyzmat ediş we konsalting kompaniýalarynyň, abraýly halkara guramalaryň we maliýe düzümleriniň, diplomatik we ylmy toparlaryň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar. Bu çärä dünýäniň onlarça ýurdundan 500-e golaý wekil, iri kompaniýalaryň 200-den gowragy gatnaşdy. Bu ýere ýygnananlar milli Liderimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Umumy mejlis energetika bazarlaryndaky ählumumy ýagdaýlara hem-de dünýäniň kuwwatly energetika döwletleriniň hataryna girýän Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçiliklerine bagyşlanyldy. Dünýäniň energetika ulgamynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ösüş boýunça çaklamalary ara alyp maslahatlaşmaga, şol sanda wideoaragatnaşyk arkaly BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş toparynyň ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsia Alisjabana, Halkara energetika forumynyň baş sekretary Jozef Mak Monigl, BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Kristina Weýgand, Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistandaky söwda wekili Nikolson Uinterbornskaýa, Azerbaýjan Respublikasynyň «SOСAR Trading S.A» döwlet nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy Rownag Abdullaýew we beýlekiler gatnaşdylar.
Çykyşlarda СOVID-19 pandemiýasyndan soň, dünýä ykdysadyýetini täzeden dikeltmegiň hem-de adamzada çynlakaý wehime öwrülen dünýä derejesinde howanyň maýlamagyny nazarda tutup, ekologiýa taýdan arassa ösüşe geçmegiň zerurdygyna aýratyn üns çekildi. Çaklamalara görä, energiýa serişdelerine bolan isleg yzygiderli artar. Şunda tebigy gaz uglewodorod serişdeleriniň içinde iň isleg bildirilýäni bolar, çünki ol ykdysady we energetika taýdan netijeli, arzan hem-de ýangyjyň ekologiýa taýdan arassa görnüşi bolup durýar.
Energiýanyň sarp edilişindäki ösüşiň ýokary depginlerine Hytaýda hem-de Aziýa — Ýuwaş ummany sebitiniň beýleki ýurtlarynda garaşylýar. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz tebigy gazyň gorlary boýunça Merkezi Aziýada birinji we dünýäde dördünji orny eýeläp, Ýewraziýada ekologiýa taýdan arassa ýangyç öndüriji iri döwletleriň sanawyna girýär, ýurdumyzyň bu ugurdaky öndürýän önüminiň esasy möçberi HHR-e eksport edilýär. Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeniň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň özara bähbitli häsiýetiniň ýüze çykmasy bolup durýar.
Forumyň işi «Bütindünýä energetika maksatnamasyny goldamakda halkara maliýe guramalarynyň wezipesi» diýen mejlis bilen dowam etdi. Şonuň çäklerinde СOVID-19-yň maýa goýumlaryna täsiri, nebitgaz kompaniýalarynyň howa baradaky Pariž ylalaşygynyň maksatlaryny ýerine ýetirmek, nebitgaz taslamalaryny maliýeleşdirmekdäki soňky ýagdaýlar bilen bagly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan milli we sebit taslamalaryna goldaw berýän Aziýanyň ösüş banky bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Muňa Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini gurmak taslamasynyň tehniki wezipelerini taýýarlamakda hem-de oňa maýadarlary çekmekde alnyp barylýan işleri mysal hökmünde görkezmek bolar. Döwlet we hususy ulgamlarda köp sanly maýa goýum taslamalary Yslam ösüş bankynyň gatnaşmagynda hem amala aşyrylýar. Bu mesele «Turba geçiriji taslamalar — pes uglerodly geljege tarap hereketlendiriji güýç» atly mejlisiň çäklerinde ara alnyp maslahatlaşyldy.
«Hazar deňziniň ýalpak ýataklary: özleşdirmegiň tejribesi we täze maýa goýum mümkinçilikleri» atly mejlisde edilen çykyşlar maslahata gatnaşyjylarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Hususan-da, ýurdumyzda işleýän daşary döwletleriň kompaniýalary alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar. «Uglewodorodlary maliýeleşdirmekde maýa goýum taslamalary — geljege garaýyş» diýen mejlis bolsa forumyň işiniň birinji gününi jemledi. Onda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyny ösdürmek, nebiti we tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça täze kuwwatlyklary döretmek babatda alnyp barylýan işler barada maglumatlar berildi.
Forumyň çäklerinde daşary ýurtly kompaniýalar bilen şertnamalar, şol sanda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda gidrousul bilen arassalanylan dizel ýangyjynyň, uçar kerosininiň, gyzdyrylan nebit koksunyň uly tapgyrlaryny satyn almak hakynda şertnamalar baglaşyldy.
"Nesil".