Maýa goýum forumy: wajyp çelgiler, täze gözýetimler

Şu ýylyň 12-13-nji maýynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Söwda-senagat edarasynda geçirilen halkara forum ýurdumyzyň hyzmatdaşlyk saklamak, ynanyşmak we maýa goýmak üçin ygtybarly döwletdiginiň nobatdaky ykraryna öwrüldi. Oňa dünýä döwletleriniň onlarçasynyň 500-e golaý wekili, ugurdaş halkara kompaniýalaryň 200-den gowragy gatnaşdy. Bu, bir tarapdan, Türkmenistana berilýän ýokary ähmiýeti, onuň sebitdäki ornuny görkezýän bolsa, beýleki tarapdan, onuň uglewodorod serişdelerini gazyp almak, gaýtadan işlemek we dünýä bazarlaryna çykarmak üçin hukuk hem syýasy esaslarynyň kämilligini görkezýär.

Dünýä döwletleriniň ençemesiniň ünsüni özünde jemleýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi bilen baglanyşykly meseleler halkara çärede gürrüňi edilen esasy meseleleriň biri boldy. Bu taslama Türkmenistanyň gazy gözläp tapmak, gazyp almak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly ulanyja ýetirmek mümkinçiliklerini, çekilen hem çekilýän daşary ýurt maýa goýumlarynyň ylalaşylan şertlerine bolan ygrarlylygyny, umuman, ýurduň ykdysady kuwwatyny dünýä jemgyýetçiligine aýan etjek ähmiýetli taslamadyr. Halkara foruma gatnaşyjylaryň, TOPH-nyň gurluşygyna gatnaşyjy taraplaryň we halkara guramalaryň pikirine görä, taslama diňe bir döwletimiziň däl, eýsem, sebitiň ykdysady ösüşine, dostlukly gatnaşyklarynyň berkemegine, şeýle-de ynsanperwerlik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagyna itergi berer. Şonuň üçin-de taslama dünýäniň esasy ykdysady güýçleri we abraýly halkara maliýe guramalary tarapyndan uly goldaw tapýar. Şu garaýyşlardan hem-de onuň döwletleriň ykdysadyýetlerine etjek ýokary täsirinden ugur alsaň, «parahatçylygyň ilçisiniň» — TOPH taslamasynyň amala aşyrylmagynyň Türkmenistanyň Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta-Gündogar ugurlary boýunça energetika hyzmatdaşlygyny giňeltmek babatdaky tagallalarynyň we onuň geosyýasy hem geoykdysady täsirleriniň bir maksada gulluk etjekdigine göz ýetirmek kyn düşmese gerek.

Şu ýerde bir zada aýratyn ünsi çekmek zerurdyr. Dünýäniň hiç bir döwleti ýa-da halkara kompaniýalardyr maliýe institutlary, ilkinji nobatda, özüne geljek peýdanyň çaklamasyny etmezden we onuň kepilliklerine göz ýetirmezden, başga bir döwletiň ykdysadyýetine maýa goýmaýar. Eýsem, Türkmenistanda amala aşyrylýan iri taslamalara, nebitgaz senagatyny özleşdirmäge, erkin ykdysady zolaklary döretmäge we ýene-ýenelere gönükdirilen daşary ýurt maýa goýumlary üçin Türkmenistanda neneňsi hukuk binýady emele getirilen? Ol maýadarlaryň bähbitlerini näderejede gorap bilýär? Esasy wakanyň — halkara forumyň-da gytaklaýyn temasy bolan bu meseläniň esaslary dogrusynda gysgajyk durup geçsek ýerlikli bolar.

«Galkynyş» käniniň we beýleki iri gaz ýataklarynyň açylmagy Türkmenistanyň subut edilen tebigy gaz gorlary boýunça dünýäniň uglewodorod serişdelerine baý döwletleriniň arasynda öň hatardaky ornuny berkitdi. Şeýlelikde, ýurdumyz Aziýanyň gaz bazarynda «esasy söz eýesi» bolmagynda galýar we bu derejesini barha berkidýär. Munda önümçilik kuwwatyny ösdürmek üçin gaz pudagynda durmuşa geçirilýän esasy taslamalardan biri-de «Galkynyş» gaz käniniň senagat ösüşiniň birinji tapgyrydyr. Bu ýerde häzirki wagta çenli ýylda 30 milliard kub metr täjirçilik gazyny öndürmäge ukyply bolan üç zawod ulanylmaga berildi. Bu babatdaky maýa goýumyň ösüşiniň dowam edýändigini nygtasak ýerlikli bolar. Çünki ol ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynda maýa goýumlary sarp edijilik mümkinçilikleriniň hem-de olaryň ygtybarlylygynyň ýokarydygyny görkezýär.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeniň forumda eden çykyşynda nygtaýşy ýaly, HHR häzirki döwürde türkmen tebigy gazyny iň köp import ediji ýurtdur. 2009-njy ýylyň dekabrynda işe girizilen Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý transmilli gaz geçirijisiniň üç şahasy (A, B we C) ýylda 40 milliard kub metr gaz akdyrýar. Onuň dördünji (D) şahasynyň işe girizilmegi bilen, geljekde Hytaýa iberilýän türkmen gazynyň ýyllyk mukdary ýylda 65 milliard kub metre çenli artdyrylar. Hytaý ilçisiniň nygtaýşy ýaly, gatnaşyklary gadymyýete daýanýan bu iki döwletiň nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmäge, ony halklarymyzyň we sebitiň abadançylygynyň, ösüşiň, özgerişiň, birek-birek bilen ynanyşmagyň bähbidine hyzmat etdirmäge bolan islegler iki tarapyň-da syýasy garaýyşlary bilen utgaşýar. Şonuň üçin-de, Hytaý tarapy gürrüňi edilýän pudak boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegi üçin zerur çäreleri görmäge we bu ugurdaky maýa goýumlaryny artdyrmaga taýýar. Türkmenistan Garaşsyzlyk ýyllary içinde, ata-baba ýörelgelerine esaslanyp, özara bähbitli hyzmatdaşlyklarda sözüne ygrarlydygyny, maýa goýmak üçin ygtybarlydygyny, ykdysadyýetiniň ýyl geçdigiçe güýçlenýändigini, tebigy gorlarynyň mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanýandygyny dünýä jemgyýetçiligine birkemsiz subut etdi. Bu sypatlardyr häsiýetler bolsa daşary ýurtly maýadarlar üçin esasy şert bolmagynda galýar. Munuň şeýledigini halkara nebitgaz forumyna wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşan BMG-niň Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin ykdysady we durmuş toparynyň ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsia Alisjabananyň, Halkara energetika forumynyň baş sekretary Jozef Mak Monigliň çykyşlaryny diňläniňde-de görmek bolýar. Jenap Monigl Türkmenistanyň sebitdäki iň ygtybarly we ygrarly hyzmatdaşlaryň biridigini öňe sürüp, türkmen Lideriniň energetika diplomatiýasynyň juda gymmatlydygyny nygtady. Diýmek, hormatly Prezidentimiziň parasatly energetika syýasaty, uzak geljegi nazarlaýan strategiýasy dünýäde mynasyp seslenme tapýar. Diýmek, Türkmenistanyň ynanyşmakdyr dostana garaýyşlary halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmekde esasy çelgiler bolup çykyş edýär. Bu ýagdaýlar birleşip, ýurdumyza maýa goýumlaryny çekmäge, hyzmatdaşlykda özara ynanyşmaga we döwletara haryt dolanyşygynda eksportyň paýynyň artmagyna mynasyp şertleri döredýär.

Türkmenistan häzirki wagtda nebitdir gazy gazyp almakda çuňluga aýratyn ähmiýet berýär we uzak möhletiň dowamynda ýurduň ykdysady ösüşinde esasy orny eýelejek tebigy gazy gaýtadan işlemekdäki mümkinçiliklerini barha ýokarlandyrýar. Şonuň üçin-de, döwletimiz soňky ýyllarda gazhimiýa toplumlarynyň ençemesini işe girizdi we ýakyn geljekde dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän, gymmaty ýokary bolan önümleri has köp öndürmegi artdyrmagy meýilleşdirýär. Balkan welaýatyndaky «Gyýanly» polimer zawody, «Garabogazkarbamid» zawody, Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawod bu ugurda edilen işleriň käbiridir. Şu ýerde işe girizilen bu gazhimiýa toplumlarynyň taslamalaryny amala aşyrmakda daşary döwletleriň maýa goýumlarynyň esasy orun eýeländigini nygtasak ýerlikli bolar.

Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary we başlangyjy netijesinde Türkmenistanyň nebitgaz toplumy tarapyndan tapgyrlaýyn durmuşa geçirilýän taslamalaryň ýene biri-de Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň durkuny täzelemek taslamasydyr. Käbir desgalaryň durky täzelenenden we gurlandan soňra, häzirki wagtda toplumyň paýy ýurtda öndürilýän senagat önümleriniň dörtden bir bölegini tutýar we nebit önümleri ýurduň eksport mümkinçilikleriniň esasyny düzýär. Zawodlar toplumynda durmuşa geçirilen tapgyrlaýyn taslamalaryň aglaba bölegi daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna amala aşyrylmak bilen birlikde, olar gysga döwrüň dowamynda milli ykdysadyýete bolan gatnaşyklaryndaky paýyny ýokarlandyrdy.

Daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Aşgabatda geçirilen halkara forum hyzmatdaşlara Türkmenistanyň nebitgaz bazary we iň soňky gazhimiýa taslamalary bilen tanyşmaga-da mümkinçilik berdi. Şonuň çäklerinde dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň wekilleri çykyş edip, bu ugurda toplan tejribelerini paýlaşdylar.

Türkmenistanyň milli ösüş maksatnamasyna laýyklykda, ýakyn geljekde ýurduň nebitgaz toplumynda uly taslamalaryň birnäçesiniň durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýär. Olaryň arasynda TOPH gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün etjek «Galkynyş» gaz känini has doly özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny tamamlamak, polipropilen, pes dykyzlykly polietilen, poliwinil hlorid, kaustik soda, gidroklor kislotasy we suwuk hlor öndürmek üçin zawodyň gurluşygy, metildietanolamin öndürmek üçin gazhimiýa toplumynyň gurluşygy, poliwinil asetat öndürmek üçin gaz-himiýa toplumynyň gurluşygy, stiren-butadien we polistirol öndürmek üçin gazhimiýa toplumynyň gurluşygy ýaly taslamalar bar. Bu ugurda öňdebaryjy halkara kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Munda geçirilen halkara forumyň täsiriniň uly boljakdygyna ynanylýar. Çünki türkmen bazarynyň mümkinçilikleri, şertleri hem ynamdarlygy maýadarlaryň bähbitlerine-de gabat gelýär. Şonuň üçin-de türkmen tarapy hyzmatdaşlaryna Hazar deňziniň türkmen ýalpaklygynyň ygtyýarly çäklerini ösdürmäge gatnaşmagy, nebiti dikeltmegi güýçlendirmek üçin maýa goýum taslamalaryna gatnaşmagy, nebit we gaz himiýa taslamalaryna maýa goýumlary goýmagy, senagat desgalaryny gurmak üçin hyzmat taslamalaryna gatnaşmagyny teklip edýär.

Daşary ýurt maýadarlary üçin Türkmenistanyň özüne çekijiliginiň ýokarlanýan esasy görkezijileriň arasynda ýurtdaky durnukly ykdysady we syýasy ýagdaý, kanunçylyk binýady we döwlet kepillikleri möhüm orun eýeleýär. Türkmenistanda berk hukuk binýadynyň döredilmegi ýurtda amatly maýa goýum mümkinçiliklerini emele getirýär.

Beýik Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň, paýtagtymyz Aşgabadyň 140 ýyllygynyň toýlanylýan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda geçirilen bu halkara forumyň milli hem halkara nebitgaz kompaniýalarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga, ýurdumyza maýa goýumlaryň täze tapgyryny çekmäge şeýle-de pudagy ösdürmegiň işlenmedik usullaryny durmuşa geçirmäge badalga berjekdigine ynanýarys.

Ysmaýyl TAGAN.

«Türkmenistan».


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/28851