Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi

AŞGABAT, 23-nji noýabr (TDH). Şu gün Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalaryny, mejlise gatnaşyjylary mübärekläp, şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisine ýygnandyk diýip nygtady. Şu günki mejlise Halk Maslahatynyň 56 agzasyndan 54-si gatnaşýar diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisini açyk diýip yglan etdi. 

                                                                   

 Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň şu günki mejlisine Hökümetiň agzalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hem-de ýaşlaryň çagyrylandygyny belledi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz şu günki mejlisiň gün tertibinde Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan hödürlenen «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň bardygyny belläp, mejlise gatnaşyjylara gün tertibi boýunça kimiň nähili teklibiniň bardygy baradaky sowal bilen ýüzlendi. 

                                                                   

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisiň gün tertibini tassyklamak hakynda gelip gowşan teklibi gün tertibine goýdy. Teklip mejlise gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan goldanyldy. 

                                                                   

Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň agzalaryna ýüzlenip, eger şu günki mejlisiň gün tertibine girizilen soraglary ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda haýsydyr bir teklipler, bellikler ýa-da soraglar dörese, onda olary ýazmaça görnüşde berip boljakdygyny aýtdy. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe biziň öňümizde ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, ösüşiň milli, pudaklaýyn we sebit maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek ýaly möhüm wezipeleriň durýandygyny belledi. Munuň üçin ýurdumyz boýunça makroykdysady görkezijiler yzygiderli seljerilýär. Geljek döwür üçin anyk maksatnamalar düzülýär. Bu işler Döwlet býujeti bilen aýrylmaz baglydyr diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi hem-de pikirini beýan edip, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky Kanunyň kabul edilmeginden öň, býujetiň esasy maddalaryny ýene-de bir gezek düýpli seljermegiň we olary döwrüň talaplaryna laýyk getirmegiň zerur bolup durýandygyny nygtady. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam edip, mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen ýurdumyzda býujet işini kämilleşdirmek boýunça döwlet topary döredildi diýip aýtdy. Mundan başga-da, Türkmenistanda 2022 — 2028-nji ýyllar aralygynda býujet ulgamynda özgertmeleri geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy tassyklandy. Şol resminamalaryň esasynda, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyny — 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp taýýarlamak boýunça kesgitli çäreleriň geçirilendigini bellemek gerek. Ýöne Halk Maslahatynyň Başlygynyň nygtaýşy ýaly, ony taýýarlamak boýunça ýeterlik işler geçirildimi? Milli Geňeşiň Mejlisi tarapyndan teklip edilen bu resminama ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipelere laýyk gelýärmi, onda döwletimizi ösdürmek we adamlaryň abadançylygyny gowulandyrmak boýunça işleri doly we bökdençsiz maliýe taýdan üpjün etmegiň soraglary göz öňünde tutuldymy, bu işleri kämilleşdirmek boýunça ýene-de näme etmeli? 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle möhüm soraglar ýüze çykýar diýip aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, şu gün bu soraglaryň ara alnyp maslahatlaşyljakdygy we olara anyk jogap beriljekdigi nygtaldy. 

                                                                   

Soňra Halk Maslahatynyň Başlygy Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa söz berdi. Ol «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlarynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna” laýyklykda iri taslamalary durmuşa geçirmek boýunça maksada okgunly işleriň alnyp barylýandygyny belledi. 

                                                                   

Ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýän ata Watanymyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgäniň ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, döwlet Baştutanymyz tarapyndan Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň hem-de “Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda” Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň kararynyň taslamalary, Esasy Kanunymyza laýyklykda, Mejlisiň garamagyna iberildi. Bu resminamalar Mejlisde ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäher häkimlikleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda deslapdan ara alnyp maslahatlaşyldy. 

                                                                   

Ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan işlenip taýýarlanylan we hödürlenen taslamalara Milli Geňeşiň Mejlisiniň şu ýylyň 12-nji noýabrynda geçirilen nobatdaky ýigrimi birinji maslahatynda seredildi hem-de olar Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň garamagyna ugradyldy. 

                                                                   

Habar berlişi ýaly, “Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Türkmenistanyň Kanuny ýurdumyzy ösdürmegiň strategiýasyny hem-de ykdysady ösüşiň durnukly depginlerini saklamaga, maýa goýum taslamalarynyň, döwlet çykdajylarynyň ýokary netijeliligini üpjün etmäge we halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ösüşiň täze tapgyryna gadam basýan döwründe bu wajyp maliýe-hukuk resminamasy halkymyzyň ertirki güni baradaky aladanyň, abadan hem-de bolelin durmuşda ýaşamagynyň kepilidir. Döwlet býujetinde zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, talyp haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň möçberlerini ýokarlandyrmak üçin serişdeleriň göz öňünde tutulmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ähli ulgamlarda Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna ýardam berýän düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýandygy barada habar berdi. Şeýle hem ýurdumyzyň ähli künjeklerinde önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurlup ulanmaga berilýändigi, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertiniň gowulanýandygy, raýatlaryň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilýändigi barada maglumat berildi.  

                                                                   

Şeýle hem ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň ýolbaşçylary hem-de degişli hünärmenleri bilen bilelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 25-nji maýyndaky ýörite Kararyna laýyklykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilendigi barada habar berildi. 

                                                                   

Soňra esasy pudaklaryň her biri boýunça aýratynlykda geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň girdejiler we çykdajylar maddalary boýunça maglumatlar giňişleýin beýan edildi. “Mawy ýangyjy”, nebiti we nebit önümlerini eksport etmek, gurluşyk serişdelerini, senagat we himiýa önümlerini öndürmek, elektroenergiýa, ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly ýük daşamak boýunça garaşylýan görkezijiler getirildi. Şeýle hem obasenagat toplumynda, söwda we hyzmatlarda, döwlete degişli bolmadyk ulgamda göz öňünde tutulan görkezijiler barada habar berildi. 

                                                                   

 Ykdysady, maliýe we bank ulgamlarynda alnyp baryljak işlere aýratyn üns berildi. 

                                                                   

Döwlet býujetinde durmuş ulgamyna gönükdirilýän serişdeleriň paýy 74,9 göterime deňdir. Şunuň bilen baglylykda, bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, durmuş üpjünçiligine, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna, umumy häsiýetli döwlet hyzmatlaryna, halk hojalygyna meýilleşdirilen pul serişdeleri barada giňişleýin habar aýdyldy. 

                                                                   

Çykyşda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberleriniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berildi. 

                                                                   

Çykyşyň dowamynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna düýpli maýa goýumlary özleşdirmek baradaky madda boýunça meýilleşdirilen maglumatlar getirildi. Şunuň bilen baglylykda, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygy üçin göz öňünde tutulan serişdeler barada maglumat berildi. 

                                                                   

Şonuň bilen birlikde, döwletiň merkezleşdirilen düýpli maýa goýumlary boýunça 2023-nji ýyl üçin meýilleşdirilen görkezijiler barada habar berildi, şol maýa goýumlar Oba milli maksatnamasynda göz öňünde tutulan desgalaryň we binalaryň gurluşyklaryna, mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryna, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda gurulýan täze şäherçelere we obalara gönükdiriler. 

                                                                   

Soňra maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowa söz berildi. Ol Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan, täze taryhy döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ylmy taýdan esaslandyrylan strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň dowam edýändigini aýtdy. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamalary, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalary işlenilip taýýarlanylanda, ilkinji nobatdaky wezipelerden, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” esasynda goýlan anyk mümkinçiliklerden hem-de garaşylýan görkezijilerden ugur alyndy. Meýilleşdirilýän hemme görkezijilere döredilen ýörite iş toparlarynyň maslahatlarynda degişli hünärmenler hem-de Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan seredildi we seljerme berildi. 

                                                                   

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, geljek ýylda ykdysady syýasatda zähmet serişdelerini netijeli dolandyrmak we zähmet bazarynyň meselelerini düzgünleşdirmek, täze iş ýerlerini döretmek boýunça çärelere möhüm ornuň beriljekdigini hem-de geljek ýylyň Döwlet býujetinde Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň 10 göterim ýokarlandyrylan maliýe serişdeleriniň göz öňünde tutulandygy habar berildi. 

                                                                   

Geljek ýylda Döwlet býujetiniň girdeji bölegi ykdysadyýetiň durnuklylygynyň, jemi içerki önümiň möçberlerini artdyrmagyň we zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmagyň hasabyna üpjün ediler. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasynyň girdeji we çykdajy böleginiň maddalary boýunça garaşylýan görkezijiler barada aýdyldy. Mundan başga-da, welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça ýerli býujetiň maglumatlary barada habar berildi. 

                                                                   

Şeýle hem 2023-nji ýylda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna önümçilik-tehniki we durmuş-medeni maksatly desgalary, Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde binalary gurmaga gönükdirilýän serişdeleri özleşdirmek boýunça garaşylýan meýilleşdirilen görkezijiler beýan edildi. 

                                                                   

Soňra çykyş eden Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Aşgabat şäherinden agzasy G.Agaýew Döwlet býujetinde bar bolan serişdeleri we mümkinçilikleri has doly ulanmagyň esasynda milli ykdysadyýetiň yzygiderli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen zerur çäreleriň göz öňünde tutulandygyny belledi. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, hormatly Prezidentimiziň dowam edýän öňdengörüjilikli durmuş-ykdysady strategiýasy, Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda, ykdysady, durmuş we ekologiýa jähtden ösüş ýörelgelerine esaslanyp alnyp barylýar. 

                                                                   

Durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň esasy ugurlaryna laýyklykda, 2023-nji ýylda önümçilik ulgamynyň netijeliligini saklamak, innowasion tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny artdyrmak, Türkmenistanyň ösüş depginlerini saklamak, maýa goýum işjeňligini yzygiderli ösdürmek, iş orunlaryny döretmek, durmuş taýdan goraglylygy pugtalandyrmak hem-de ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin amatly şertleri döretmek göz öňünde tutulýar. 

                                                                   

Çykyşynyň ahyrynda G.Agaýew halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak baradaky uly aladalary üçin Arkadagly Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallygyny beýan etdi. 

                                                                   

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Ahal welaýatyndan agzasy E.Ataýewa söz berildi. Ol bu sebitiň býujetiniň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» we beýleki kabul edilen maksatnamalardan ugur alnyp taýýarlanylandygyny habar berdi. Ahal welaýaty senagat we oba hojalygy babatda ýurdumyzyň ösen sebitleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde welaýat boýunça önümçilik we durmuş maksatly täze desgalaryň gurluşyklaryna goýlan maýa goýumlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzy senagat taýdan ösdürmegiň gerimlerini giňeltmäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

Geljek ýylda birnäçe durmuş maksatly binalaryň, hususan-da, hassahanalaryň, saglyk öýleriniň, çagalar baglarynyň, umumybilim berýän orta mekdepleriň, şeýle hem mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklaryny amala aşyrmak meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Oba hojalyk pudagy welaýatyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýär. 2023-nji ýylda bu ulgamyň ösüşi oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmagyň, hasyl berýän ýerleri toplumlaýyn dikeltmegiň we netijeli peýdalanmagyň hasabyna amala aşyrylar. Welaýatda gök-bakja, miwe önümleriniň öndürilişi artdyrylar. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Ahal welaýatyndan agzasy E.Ataýewa çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleri üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. 

                                                                   

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Balkan welaýatyndan agzasy M.Atagylyjowa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň başlyklygynda geçirilýän häzirki mejlisiň uly ähmiýetini belledi. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, şu gün dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiziň, şol sanda ýaşlaryň gatnaşmagynda ýurdumyzyň geljek ýyl üçin baş maliýe meýilnamasynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy Watanymyzda halk demokratiýasynyň dabaralanýandygynyň subutnamasydyr. 

                                                                   

Welaýaty ykdysady we durmuş taýdan ösdürmäge gönükdirilen Maýa goýum maksatnamasyna laýyklykda, 2023-nji ýylda ýurdumyzyň günbatar sebitiniň nebitli känlerinde täze enjamlar gurnalar, hereket edýänleri döwrebaplaşdyrylar. Bu bolsa olaryň önümçilik kuwwatyny ep-esli artdyrar. 

                                                                   

 Balkan welaýatynda himiýa senagaty ösendir. Bu toplumyň kärhanalary hemme zerur çig mallar bilen üpjün ediler. 

                                                                   

2023-nji ýyl üçin Balkan welaýatynyň býujeti ykdysady ösüşi we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge gönükdirilip, munuň üçin zerur bolan serişdeler göz öňünde tutulandyr. 

                                                                   

Çykyşynyň ahyrynda M.Atagylyjowa türkmen halkynyň hal-ýagdaýy baradaky aladalary üçin Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Öz nobatynda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Daşoguz welaýatyndan agzasy S.Gaýypow kabul edilen maksatnamalar esasynda taýýarlanan «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilendigini belledi. Daşoguz welaýatynyň ykdysady-önümçilik mümkinçilikleriniň esasyny senagat we oba hojalyk pudaklary düzýär. 

                                                                   

Welaýatyň ykdysadyýetinde azyk senagatynyň kärhanalary hem möhüm orny eýeleýär. Geljek ýylda bu pudagyň ösdürilmegi daşary döwletlerden getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçiligiň pugtalandyrylmagyna, olaryň eksport edilişini artdyrmaga mümkinçilik berer. 

                                                                   

Geljek ýylda birnäçe durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary üçin Döwlet býujetinde maliýe serişdeleri göz öňünde tutulýar. Olaryň hatarynda saglyk öýleri, çagalar baglary, umumybilim berýän orta mekdepler bar. 

                                                                   

S.Gaýypow sözüniň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa we Gahryman Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür hem-de Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, türkmenistanlylaryň bähbidine gönükdirilen asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. 

                                                                   

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Lebap welaýatyndan agzasy B.Halow 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň esasy böleginiň durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge, hususan-da, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlaryny, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny ösdürmäge gönükdiriljekdigini nygtady. Bu bolsa adam baradaky aladanyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyna şaýatlyk edýär. 

                                                                   

Lebap welaýatynyň ägirt uly serişde we ykdysady mümkinçilikleri sebitde senagatyň, oba hojalyk ulgamynyň, önümçilik pudaklarynyň ösdürilmegine, täze iş ýerleriniň döredilmegine ýardam edýär. Ýangyç-energetika pudagy sebitiň senagatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýylda tebigy we suwuklandyrylan gazyň, nebitiň çykarylyşy ýokarlandyrylar. 

                                                                   

Şeýle hem geljek ýylda Lebap welaýatynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna düýpli maýa goýumlary özleşdirmek göz öňünde tutulyp, olaryň bir bölegi ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet we sport edaralaryny ösdürmäge gönükdiriler. 

                                                                   

2023-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň kabul edilmegi Milli maksatnamalarda göz öňünde tutulan sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berer. 

                                                                   

B.Halow çykyşyny tamamlap, Arkadagly Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň bähbidine amala aşyrýan giň gerimli işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Mary welaýatyndan agzasy H.Hajyýew Döwlet býujetine laýyklykda geljek ýylda sebitde tebigy gazy we elektrik energiýasyny öndürmegiň mukdarynyň ýokarlandyryljakdygyny belledi. Bu bolsa ýurdumyzyň eksportyny artdyrmaga we içerki sarp edijileriň isleglerini bökdençsiz kanagatlandyrmaga mümkinçilik berer. 

                                                                   

Welaýatyň ykdysadyýetinde himiýa senagaty möhüm orny eýeleýär. Geljek ýylda azot dökünleriniň öndürilişi artdyrylar. Bu bolsa birnäçe pudaklaryň isleglerini kanagatlandyrmaga ýardam berer hem-de ýurduň eksport kuwwatyny ep-esli artdyrar. Önümçilik maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşyklarynyň köpelmegi, gurluşyk serişdeleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmagy talap edýär. Şu maksat bilen ýerli çig mallardan köp sanly gurluşyk, hojalyk we beýleki önümleri öndürjek kärhanalary gurmak meýilleşdirilýär. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, Mary welaýatynyň 2023-nji ýyl üçin býujeti durmuş ulgamynyň maliýeleşdirilmegini göz öňünde tutýar. 2023-nji ýylyň Maýa goýum maksatnamasynda sebiti ösdürmek üçin maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna maýa goýumlary meýilleşdirildi. 

                                                                   

Geljek ýylda sebitde köp sanly durmuş maksatly desgalary, şol sanda aýratyn mätäçlik çekýän adamlar üçin ýaşaýyş jaýlaryny gurmak göz öňünde tutuldy. Mundan başga-da, kärhanalaryň we çekilen serişdeleriň hasabyna welaýatyň çäklerinde önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak meýilleşdirildi. Maýa goýum maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi sebitiň ilatynyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga we täze iş orunlarynyň döredilmegine uly mümkinçilikleri döreder. 

                                                                   

Çykyşynyň ahyrynda H.Hajyýew Türkmenistanyň Prezidentine we Gahryman Arkadagymyza halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýän asylly we ynsanperwer işleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

                                                                   

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, häzirki zaman şertlerinde ykdysadyýeti dogry we talabalaýyk dolandyrmagyň ählumumy derejede örän möhüm sorag bolup durýandygyny belledi. Döwlet býujeti ähli ýerde ykdysady meýilnamalaşdyrmagyň möhüm guraly hasaplanýar. Biziň Döwlet býujetimiz ýurduň maliýe serişdelerini emele getirmegiň usullaryny we görnüşlerini kesgitleýär. Şeýle hem bu serişdeleriň talabalaýyk we maksatlaýyn ulanylmagyny üpjün edýär. 

                                                                   

Şeýlelikde, eziz Watanymyzyň geljekki ösüşiniň üpjün edilmegi häzir bu soraga biziň nähili derejede düýpli seredýändigimize baglydyr. Şoňa görä-de, bu işe aýratyn jogapkärli çemeleşmek zerurdyr diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Ykdysady özgertmelerimizi we umumydöwlet çärelerini ýokary hilli we öz wagtynda geçirmek üçin maliýe serişdeleri bilen üpjün etmekde Döwlet býujeti uly ähmiýete eýedir. Munuň özi pul akymlaryny dolandyrmagyň güýçli, durnukly ulgamynyň döwletiň esaslarynyň durnukly bolmagyna, eziz Diýarymyzyň gülläp ösmegine, raýatlaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam edýändigi bilen baglydyr. 

                                                                   

Has anyk aýdylanda bolsa, umuman, netijeli býujet ulgamynyň döredilmegi ykdysadyýetiň ösüşine oňyn täsir edýär. Emma bu iş degişli derejede geçirilmese, biz oňat netijelere garaşyp bilmeris diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy. 

                                                                   

Görnüşi ýaly, her ýyl tassyklanýan Döwlet býujetimiz özgerýär, ýagny ýylyň-ýylyna artýar. Sebäbi ýurduň ykdysady, medeni, durmuş we beýleki şertleri býujetiň emele getirilmegine täsir edýär. Ýurdumyzyň ösüşi nazara alnanda, býujetimiziň her ýyl artmagy doly derejede tebigy ýagdaýdyr. 

                                                                   

Biz ýetilen derejelere, öz öňümizde goýan maksatlarymyza we wezipelerimize laýyklykda, býujetiň möçberini, girdejileriň we çykdajylaryň paýyny, düzüminiň aýratynlyklaryny üýtgedýäris diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegi netijesinde, biziň býujetimiz hem täze many-mazmuna eýe bolýar. Şeýlelikde, ýurdumyzyň býujeti ýokary hilli bolmalydyr, döwrüň talaplaryna laýyk gelmelidir. Bu biziň zähmetsöýer halkymyza durmuş-ykdysady wezipeleri çözmäge mümkinçilik berýär. Uzak geljege gönükdirilen we gysga möhletli maksatnamalary işläp taýýarlamaga hem-de durmuşa geçirmäge şert döredýär. 

                                                                   

Elbetde, Döwlet býujeti işlenip taýýarlananda, ýurduň ykdysady ösüşiniň geljegi, daşary ýurt pul gorlary, milli puluň hümmeti, maýa goýum syýasaty, maliýe bazarynyň ýagdaýy ýaly soraglaryň göz öňünde tutulmalydygyny bellemek isleýärin. Bu soraglaryň esasy bölegi maliýe-bank ulgamynyň wezipesi bilen baglydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de: «Bu soraglar teklip edilýän 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde göz öňünde tutuldymy?!» diýip, bu ýere ýygnananlara ýüzlendi. 

                                                                   

Şeýle hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» her ýyl we bellenen möhletlerde, öz wagtynda durmuşa geçirilmeli wezipeleriň anyk görkezilendigine üns çekildi. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy: “2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti bu resminamalarda öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmäge mümkinçilik berýärmi?” diýen sowal bilen ýüzlendi. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň baş maliýe meýilnamasyny seljerip görmegi teklip etdi. 

                                                                   

Döwlet býujetiniň kadaly işlemegi üçin, ilkinji nobatda, onuň girdeji bölegini üpjün etmek möhümdir. Elbetde, onuň girdeji bölegi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bellenen fiziki we ýuridik şahslardan alynýan salgytlardan we ýygymlardan, şeýle hem hökmany töleglerden we çeşmelerden emele gelýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. 

                                                                   

Sanly ykdysadyýete geçmegi çaltlandyrmak, döwlet emlägini hususylaşdyrmak, kärhanalary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, gymmatly kagyzlaryň gazna bazaryny ösdürmek, eksporta niýetlenen önümçilik kärhanalaryny goldamak ýaly işler Döwlet býujetiniň girdeji bölegini artdyrmagyň goşmaça çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bellenilişi ýaly, goşmaça serişdeleri netijeli ulanmagyň hasabyna girdejileriň möçberini iň ýokary derejä çykarmak üçin degişli çäreler görülýär. 

                                                                   

Şeýle hem häzirki döwürde serişdeleriň býujete gelip gowuşmagyna edilýän gözegçiligiň kanagatlanarsyz ýagdaýdadygy bellenildi. Nygtalyşy ýaly, muňa islendik ulgamdan mysal getirip bolar. Ine, ýönekeý bir mysal: ilatyň agyz suwundan, elektrik energiýasyndan, tebigy gazdan peýdalanyşyna, edilýän hyzmatlaryň tölegine gözegçilik etmek wezipesi öňde goýuldy. Bu işe başlandy, ýöne ol ahyryna çenli ýerine ýetirilmedi we köp ýerlerde şeýle ýagdaý häzire çenli hem dowam edýär. Agyz suwunyň, elektrik energiýasynyň, tebigy gazyň sarp edilişini hasaplaýan enjamlaryň oturdylmadyk ýerleri bar. 

                                                                   

— Biz şeýle ýagdaý bilen hiç wagt ylalaşyp bilmejekdigimizi we bu ugurlarda tertip-düzgüni ýola goýjakdygymyzy berk duýdurýarys! — diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Birinjiden, biz bu soragy çözmelidiris diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Ykdysadyýetde biri-birinden üzňe bolan sorag ýokdur. Ähli zat özara baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, býujete gelip gowuşýan girdejilere gözegçilik etmek bilen bagly soraga aýratyn üns bermeli. Diňe öz bähbitlerini öňe sürýän işgärleri ýüze çykaryp, olara berk çäre görmeli. Korrupsiýa bilen meşgullanýan işgärlere biziň aramyzda hiç wagt orun bolmaz diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi dürli ugurlar boýunça býujet serişdeleriniň bölünmegini, bu serişdeleriň maksatlaýyn we tygşytly ulanylmagyny üpjün etmelidir diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady hem-de häzirki döwürde bu talabyň ýeterlik derejede ýerine ýetirilmeýändigini belledi. Bu iş takyk hasaplamalaryň esasynda alnyp barylmaýar. Şonuň netijesinde birnäçe ugurlar boýunça bölünip berilýän serişdeler ýeterlik bolmaýar. Şol bir wagtda-da, käbir ulgamlar boýunça bölünip berlen serişdeler ulanylman galýar. Şeýle ýagdaýyň döremegine jogap berýän adam hem ýok diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady hem-de ýylyň ahyrynda, bu ýagdaýyň düzgünleşdirilmeli döwründe ministrligiň işgärleriniň haýal-ýagallygy we perwaýsyzlygy sebäpli, köp soraglaryň çözülmän galýandygyny belledi. 

                                                                   

Netijede, köp serişdeler geljek ýyla geçirilýär. Şeýle ýagdaý edara-kärhanalaryň işine ýaramaz täsir edýär. Şonuň bilen birlikde, bu ýagdaýlaryň ählisiniň býujete gelip gowuşýan serişdeleriň azalmagyna getirýändigi bellenildi. Bu maliýe we bank ulgamlarynyň talabalaýyk we kadaly işlemeginiň üpjün edilip bilinmeýändigi sebäpli bolup geçýär diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi hem-de bu ulgamlaryň işi seljerilende, şeýle soraglara aýratyn üns berilmeginiň zerurdygy barada aýtdy. 

 Gahryman Arkadagymyz 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň çykdajy bölegi barada aýdyp, ilkinji nobatda, onuň zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberlerini artdyrmak üçin göz öňünde tutulandygyny belledi. Biz döwlet derejesinde adamlaryň durmuş taýdan goraglylygyny we olaryň zähmetine hak tölemegi üpjün etmek bilen bagly soraglara hemişe üns berýäris diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady hem-de eýýäm birnäçe ýyl bäri ýurdumyzda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberleriniň her ýyl 10 göterim artdyrylýandygyny belledi. 

                                                                   

Bu iş mundan beýläk hem dowam etdiriler diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de munuň adamlar barada edilýän aladanyň örän möhüm ugrudygyny belledi. Şoňa görä-de, ähli derejedäki ýolbaşçylaryň bu ugra aýratyn üns bermelidikleri nygtaldy. Emma, ozal hem aýdyşym ýaly, biziň maliýe-bank ulgamymyzyň ýolbaşçylary heniz ýaramaz işleýärler diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. 

                                                                   

Şunuň bilen baglylykda: “Zähmet haklaryny we beýleki kömek pullaryny 10 göterim ýokarlandyrmak ýeterlikmi, bu halkymyzyň talabalaýyk ýaşamagy üçin ýetýärmi?” diýen sowallar ýüze çykýar. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy adamlar hakynda alada etmek üçin bizde ähli mümkinçilikleriň bardygyny, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň netijesinde munuň üçin serişdeleriň hem ýeterlikdigini belledi. 

                                                                   

Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak baradaky soraga ýene-de bir gezek seretmeli diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. 

                                                                   

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» 2023-nji ýylda ortaça aýlyk zähmet hakyny 2506,3 manada çenli ýokarlandyrmak göz öňünde tutulandyr. Biz, ilkinji nobatda, hut şundan ugur almalydyrys diýlip nygtaldy. 

                                                                   

Ýurdumyzda düýpli maýa goýumlarynyň möçberleri her ýyl artdyrylýar. Ýokarda agzalan Maksatnama laýyklykda, 2023-nji ýylda 1 milliard 354,59 million manat möçberde düýpli maýa goýumlaryny goýmak göz öňünde tutuldy. Elbetde, bu serişdeler 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende has artykdyr. Şunuň bilen bir hatarda, ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberleri hem artdyrylýar. Düýpli maýa goýumlaryň kesgitli möçberi önümçilik we durmuş-medeni maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygyna gönükdirilmelidir. 

                                                                   

Döwlet ösüp gelýän ýaş nesliň aň-düşünjeli, bilimli bolmagy ugrunda hem ýeterlik derejede alada edýär. Bellenilişi ýaly, ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň teklibi boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalary — Halk Maslahaty we Mejlis «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşini kabul etdi. Bu Kanunda ýaşlarymyz baradaky alada beýan edilendir. 

                                                                   

Ýaşlar biziň geljegimizdir! Geljekde eziz Watanymyzyň ösüşi, gazanjak üstünlikleri we bütin dünýäde halkara abraýy ýaşlara baglydyr diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy aýtdy we şoňa görä-de, ýaşlarymyzyň bilim-terbiýe almagy bilen bagly soragyň hiç wagt ünsden düşürilmeli däldigine ünsi çekdi. Bu ugurda ikinji derejeli hiç zat ýokdur. Ähli zat örän möhümdir diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de ýaşlarymyza kanuny esaslarda berilýän ýeňillikleriň hökman durmuşa geçirilmelidigini nygtady. Ýöne bu ýeňillikler hem maliýeleşdirmek we serişdeler bilen üpjünçilik ýaly soraglara baglydyr. Şoňa görä-de, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetinde bu ýagdaýy göz öňünde tutmagyň, şeýle hem ýaşlara ýörite maksatlar üçin bölünip berilýän serişdeleri artdyrmagyň zerurdygy barada aýdyldy. Şonuň bilen birlikde, aýdylanlar nazara alnyp, býujetiň degişli maddalaryny gaýtadan hasaplamak tabşyryldy. 

                                                                   

Raýatlarymyzyň bilimli bolmagy, şeýle hem saglygy goraýyş ulgamyny we milli medeniýetimizi ösdürmek üçin, biz mekdebe çenli terbiýeçilik edaralarynyň, mekdepleriň, hassahanalaryň, sagaldyş merkezleriniň, sport desgalarynyň, kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyny dowam etmeli. 

                                                                   

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, 2023-nji ýylda 5 hassahana, 11 sany mekdebe çenli çagalar edarasy, 8 sany umumybilim berýän edara, 1 sany ýokary okuw mekdebi we 1 teatr gurlar. Ýöne, gynansak-da, bu işler biziň üçin az diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de: «Şol işleri amala aşyrmak üçin ýeterlik serişde bölünip berildimi?!» diýen sowal bilen bu ýere ýygnananlara ýüzlendi. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, eger býujetiň girdeji bölegi ýerine ýetirilmese, bu desgalaryň gurluşygy bilen bagly soraglaryň ýüze çykjakdygy düşnükli dälmi?! 

                                                                   

Biz kabul eden maksatnamalarymyzy ýerine ýetirmegi hökman üpjün etmelidiris. Bu döwlet derejesinde möhüm soragdyr. Eger onuň berjaý edilmegi haýsy-da bolsa bir ýolbaşçynyň geleňsizligine ýa-da ukyp-başarnyksyzlygyna bagly bolsa, biz bu talaby ýerine ýetirmedik ýolbaşçyny wezipesinden boşatmaly bolarys diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. 

                                                                   

Ylym ulgamyny ösdürmäge hem köp möçberde býujet serişdeleri gönükdirilýär. Ýöne Ylymlar akademiýasynyň işi seljerilende, entek garaşylýan netijeler görünmeýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy hem-de özüniň ylmy barlaglara, ylma goýlan serişdeleriň tiz wagtda netije bermeýändigine örän oňat düşünýändigini belledi. Munuň üçin ýyllar gerek. Elbetde, nazary-ylmy işler hem zerur bolup durýar. Ýöne bu ýerde esasy sorag senagat maksatly ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny ornaşdyrmak bilen bagly anyk ykdysady netijeleri bolan açyşlaryň ýoklugyndadyr. 

                                                                   

— Bu näme üçin beýle bolýar? Türkmen alymlarynyň we ýaşlarynyň düşünjeleriniň ýeten derejesi haýsy ýurduňkydan pes? — diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi we bizde ýokary bilimli, ukyply ýaşlaryň bardygyny hem-de köpdügini nygtady. 

                                                                   

Bellenilişi ýaly, esasy maksat olary goldamak we degişli ugra gönükdirmek bolup durýar. Ylymlar akademiýasynyň esasy wezipesi hut şu bolmalydyr. 

                                                                   

Dünýädäki ýagdaýlar bilen baglylykda, ýurdumyzyň maliýe ulgamynyň we banklarynyň önümçilik kärhanalaryna goldaw bermegi baradaky sorag ilkinji nobatdaky möhüm wezipe bolup durýar. Tölegleri geçirmekdäki kynçylyklar, milli pulumyzy erkin ýörgünli daşary ýurt puluna öwürmekde emeli usulda kynçylyklaryň döredilmegi, zerur çig malyň möhletinde üpjün edilmändigi üçin önümçilik kuwwatlyklarynyň doly güýjünde işledilmezligi bilen ylalaşyp bolmaz. 

                                                                   

Biz şeýle önümçilik kärhanalarynyň bardygyny bilýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi hem-de ýurduň önümçilik kärhanalary kadaly işlände, dürli önümleriň has köp öndüriljekdiginiň, tölenýän salgytlaryň möçberiniň artjakdygynyň, şonuň netijesinde bolsa býujete gelip gowuşýan serişdeleriň hem köpeljekdiginiň düşnüklidigini belledi. Bu babatda maliýe-bank ulgamyna şu soraglary seljermegiň we çalt netijeleri berýän çözgüdi tapmagyň zerurdygy barada aýdyldy. 

                                                                   

Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy oba hojalygyny, aýratyn hem, ekerançylygy we maldarçylygy ösdürmek, işiň bu görnüşleriniň Döwlet býujetindäki orny bilen bagly soraglar barada durup geçdi. Nygtalyşy ýaly, Garaşsyzlyk ýyllary içinde biziň zähmetsöýer daýhanlarymyz pagtanyň, bugdaýyň, şalynyň, beýleki azyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmegiň baý tejribesini topladylar. Biziň maldarlarymyz dowarlaryň, gara mallaryň we düýeleriň baş sanyny yzygiderli artdyrýarlar. Guşçulyk hem ýokary depginde ösdürilýär. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz geçen mejlisde bu işleriň 2022-nji ýylda pes derejä düşendigi we bu ugurda bar bolan kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmegiň zerurdygy barada jikme-jik aýdandygyny belledi. Oba hojalyk işleriniň häzirki ýagdaýynyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetine täsir etjekdigini aýdyp bolar. 

                                                                   

Gürrüň oba hojalyk önümleri barada gidende, mähriban halkymyzyň azyk önümleri we egin-eşikler bilen üpjünçiligi ilkinji nobatda göz öňüne gelýär diýip, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Galla biziň abadançylygymyz, pagta bolsa baýlygymyzdyr! Bu önümleri has köp öndürmek üçin gerekli möçberde tohum, dökün we tehnika satyn almak zerur bolup durýar. Bellenilişi ýaly, bol hasyl ýetişdirmek üçin daýhandan başlap, ýolbaşça çenli ählimiz tagallalarymyzy birleşdirmelidiris. Önüm öndürijileri höweslendirmegiň netijeli usullary ornaşdyrylmalydyr. 

                                                                   

Şoňa görä-de, ýer hakyky eýesine berilmelidir. Suwy netijeli we tygşytly ulanmak üçin ähli tagallalar edilmelidir. Oba hojalyk tehnikalaryna we enjamlaryna bolsa eýeçilik gözi bilen garalmalydyr diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi hem-de eger şeýle zerur çäreler görülmese, tohum, dökün we tehnika näçe köp satyn alynsa-da, munuň garaşylýan netijeleri bermejekdigini aýtdy. Biz Döwlet býujeti taýýarlananda şu soraglary göz öňünde tutmalydyrys diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady. 

                                                                   

— Meniň öň hem aýdyşym ýaly, geçen ýyllarda bolşy ýaly, biz Döwlet býujetini halk hojalygynyň durnukly ösüş depginini saklamaga, ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmäge, iri maýa goýum taslamalaryny amala aşyrmaga, innowasion tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryny ähli pudaklara giňden ornaşdyrmaga gönükdirýäris — diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy sözüni dowam etdi. 

                                                                   

2023-nji ýylda uly netijeleri gazanmak üçin maýa goýumlaryny, esasan, diwersifikasiýanyň, innowasion esasda önümçilikleri döretmegiň hasabyna ykdysadyýeti ösdürmäge gönükdirmek maksadalaýyk bolar diýip pikir edýärin. 

                                                                   

Türkmenistan — tebigy serişdelere örän baý ýurt. Biz köp sanly zawod-fabrikleri, beýleki senagat desgalaryny, köprüleri, howa menzillerini, demir we awtomobil ýollaryny gurduk. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň barha ösýän ulag kuwwatyny, himiýa senagatynyň mümkinçiliklerini giňden ulanýarys. Himiýa senagaty ýurdumyzyň çalt depginler bilen ösýän pudaklarynyň biridir. 

                                                                   

Biz bu mümkinçiliklerimizi mähriban halkymyzyň bähbitlerine gönükdirýäris. Bu işler hem Döwlet býujetinde hökmany beýan edilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn belledi. 

                                                                   

Çykyşyň dowamynda telekeçiligi we hususy pudagy ösdürmegiň milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Bu ugurda hem uly netijeler gazanyldy diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy kanagatlanma bilen nygtady hem-de häzir olary bir-birden sanap durmajakdygyny belledi. 

                                                                   

Ýöne, bellenilişi ýaly, Döwlet býujetinde telekeçileri goldamak, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmak üçin serişdeler ýeterlik mukdarda göz öňünde tutulmandyr. 

                                                                   

Içerki bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmek, döwlet desgalaryny we kärhanalaryny hususylaşdyrmak, paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň düzüminde hususy pudagyň paýyny artdyrmak boýunça bellenen serişdeler ýeterlik däl diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi. Şonuň bilen birlikde, täze önümçilikleri we iş orunlaryny döretmegi dowam etmegiň zerurdygyna üns çekildi. 

                                                                   

Ahyrky netijede bolsa, bu işleriň ählisi býujetde jemlenýän girdejileriň möçberleriniň artdyrylmagyna getirmelidir diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

                                                                   

Çykdajylary artdyrmagyň beýleki ugry bolsa daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän kärhanalaryň sanyny köpeltmek we eksporta niýetlenen harytlaryň möçberini artdyrmak boýunça maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmäge, azyk üpjünçiligini gowulandyrmaga, elektron senagatyny döretmäge gönükdirilmelidir diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady hem-de bu işler üçin maliýe serişdeleriniň ýeterlik möçberde göz öňünde tutulmagyny örän möhüm hasaplaýandygyny belledi. 

                                                                   

Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak üçin ykdysadyýeti toplumlaýyn ösdürmek we önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmak geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň örän möhüm ugurlary bolmagynda galýar. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, eger ýokarda sanalyp geçilen talaplar berjaý edilse, bu ugurlaryň öz netijelerini berjekdigine ynam bildirdi. 

                                                                   

Mähriban halkymyzy ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek esasy wezipeleriň biridir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, 2023-nji ýylda 2687 sany täze iş ornuny döretmek, döwlet serişdeleriniň hasabyna 14,44 müň inedördül metr we hususy pudagyň hasabyna 436,38 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýyny gurmak göz öňünde tutulýar. Şonuň netijesinde her bir adama ýaşaýyş meýdanyny 23,4 inedördül metre çenli artdyrmak meýilleşdirilýär diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy. 

                                                                   

Şoňa görä-de, ilatyň iş bilen üpjünçiligi we halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly soraglary çözmek boýunça çäreler Döwlet býujetinde ýeterlik göz öňünde tutulmandyr. Geçen ýyllardaky ýaly, Döwlet býujetinden durmuş ulgamyna gönükdirilýän serişdeleriň möçberi onuň 70 göteriminden ýokary geçmelidir diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady. 

                                                                   

Şu aýdylanlar 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyna bildirilýän esasy talaplardyr. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz ähli ugurlar boýunça edilen bellikleri göz öňünde tutup, ýene-de bir gezek anyk we takyk hasaplamalary geçirip, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakyndaky Kanunyň taslamasyny üstünde işlemek üçin Milli Geňeşiň Mejlisine gaýtarmagy, şondan soňra ony Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna gaýtadan seretmäge bermegi teklip etdi. 

                                                                   

Biziň alyp barýan ähli işlerimiz eziz Watanymyzy ösdürmäge, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bellenen maksatlary durmuşa geçirmek üçin biziň her birimiz öz ýerimizde ak ýürekli, yhlasly, netijeli we döredijilikli işlemelidiris diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy nygtady hem-de hemmeleriň bu işlere öz mynasyp goşandyny goşjakdygyna ynam bildirdi. 

                                                                   

Gahryman Arkadagymyz öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin agzybirlik bilen ýadawsyz zähmet çekmegiň dowam etdiriljekdigine, şeýle hem döwletimiziň we Prezidentimiziň ynamyny hemişe ödemäge hem-de döwrüň talaplaryna görä kanunlary kämilleşdirmäge we döwrebaplaşdyrmaga goşant goşjakdyklaryna hemmeleriň adyndan hormatly Prezidentimizi — Arkadagly Serdarymyzy ynandyrdy. 

                                                                   

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür arzuw edip: “Goý, onuň alyp barýan beýik we taryhy işleri hemişe üstünliklere beslensin!” diýen sözler bilen çykyşyny tamamlady. 

                                                                   

Şunuň bilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň şu günki mejlisini geçirip gutarýarys diýip, hormatly Arkadagymyz aýtdy hem-de ony ýapyk diýip yglan etdi. 

                                                                   

 Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.