Aşgabat, 20-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Maslahat köşgünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani bilen duşuşyk geçirdi.
Soňky ýyllarda türkmen-katar gatnaşyklary ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde yzygiderli ösdürilýär. Munuň özi döwletara hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygynyň we netijeli baýlaşdyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Myhman türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik hem-de duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda katar tarapynyň sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň berkidilmegine ägirt uly goşant goşýan Türkmenistan bilen köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýändigi nygtaldy.
Hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň Emirine we ähli halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi, Türkmenistanyň Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, şol sanda Katar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge hemişe taýýardygyny belledi. Hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlary bilen birlikde parlamentara gatnaşyklaryň ilerledilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öz adyndan we hormatly Prezidentimiziň adyndan 2022-nji ýylda Katarda Futbol boýunça dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi bilen gutlady hem-de bu sport baýramçylygynyň guramaçylykly geçirilmeginiň tutuş yslam dünýäsi üçin ähmiýetli bolandygyny belledi.
Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani gutlaglar üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň dünýä çempionatynyň geçirilýän döwründe Doha şäherine saparynyň hem-de oýunlaryň birine baryp görmeginiň Katar Döwletine bildirilýän belent hormatyň nyşany hökmünde kabul edilendigini aýtdy. Şeýle-de munuň özi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda sport ulgamynda gatnaşyklaryň mundan beýläk-de işjeňleşdirilmegine uly itergi berdi.
Duşuşygyň dowamynda energetika, ulag we kommunikasiýa, senagat, oba hojalygy, ýokary tehnologiýalar ýaly ugurlarda türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigi bellenildi. Aýratyn-da, maýa goýum ugry boýunça hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygy bellenildi. Ýangyç-energetika toplumy hyzmatdaşlygyň geljegi has uly ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Şeýle-de medeni-ynsanperwer ulgamyň däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy nygtaldy.
Şeýh Faýsal bin Nasser bin Hamad Al Tani Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin islendik amatly wagtda Katar Döwletine gelip görmäge çagyrdy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.
Oňyn ýagdaýda geçen duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň abadançylygynyň bähbidine laýyk gelýän türkmen-katar hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.