Mary, 12-nji noýabr (TDH). Şu gün Mary welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň ýagdaýy, kärendeçi daýhanlaryň netijeli zähmetiniň üpjün edilmegi ugrunda döredilýän mümkinçilikler bilen tanyşdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Mary welaýatynda hem, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda, obasenagat toplumynyň ähli düzümleriniň sazlaşykly ösüşine gönükdirilen giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Kärendeçi daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi üçin amatly şertleri döretmek meselelerine döwlet derejesinde ähmiýet berilmegi ekerançylygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine giň ýol açýar.
...Ir bilen hormatly Arkadagymyz welaýatyň Mary etrabynyň “Milli goşun” daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryna geldi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçisi Döwletgeldi Rejebowyň kärende ýeriniň ýanynda saklandy. Bu ýerde hormatly Arkadagymyzy sahawatly topraga hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşaýan kärendeçi daýhan D.Rejebow mähirli garşylady.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, ilki bilen, kärendeçiniň pagta meýdanlaryny synlady. Hormatly Arkadagymyz mazaly açylan gozalary synlap, pagtanyň hasyllylyk derejesi bilen gyzyklandy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz pagtaçy-kärendeçiniň hal-ýagdaýy, iş netijeleri we onuň maşgala ýagdaýlary bilen gyzyklanyp, bu ýerde yhlasly zähmet çekýän daýhanlaryň armasyny ýetirmek maksady bilen gelendigini aýtdy.
Pagtaçy kärendeçi Gahryman Arkadagymyzy özüniň kärende ýerinde görmegini tutuş daýhanlara bildirilýän hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini aýdyp, tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Şeýle hem ol häzirki döwürde ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak ugrunda arman-ýadaman işleýändiklerini nygtady. Kärendeçi pagta ýygymynda goňşulary bilen arkalaşyp, birek-birege kömek berýändiklerini aýtdy. Bellenilişi ýaly, agzybirlikde çekilýän zähmet özüniň oňyn netijesini berýär.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy häzirki döwürde ýurdumyzyň daýhanlarynyň netijeli zähmeti ugrunda döwlet derejesinde ägirt uly tagallalaryň edilýändigini belläp, ykdysadyýetiň toplumlaýyn esasda senagatlaşdyrylmagy netijesinde uly ösüşiň gazanylýandygyny aýtdy. Şeýlelikde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler ösdürilýär. Aýratyn-da, ýurdumyzyň dokma senagaty üçin zerur bolan ekologik taýdan arassa pagtanyň ýeterlik möçberiniň üpjün edilmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär.
D.Rejebow özüniň 12 ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýandygyny we kärende ýerinde gowaça, bugdaý, beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirýändigini, häzirki güne çenli 12 gektar kärende ýerinden 12 tonna pagta hasylyny döwlete tabşyrandygyny, ýene-de bu ýerden 15 tonna hasyl almagy meýilleşdirýändigini gürrüň berdi. Gürrüňdeşligiň dowamynda daýhan Arkadagly Serdarymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde daýhanlara ýokary derejeli mümkinçilikleriň döredilýändigini, ekerançylyk meýdanlaryna zerur bolan mineral dökünleriň, himiki serişdeleriň, suw we tehniki hyzmatlaryň ýeňillikli şertlerde üpjün edilýändigini aýdyp, munuň üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ähli oba hojalykçylaryň adyndan hoşallyk bildirdi.
Pagtaçy kärendeçi özüniň mellek ýerinde ýeralma, gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýändigini we hojalygynda bar bolan mallara ideg edýändigini hem aýtdy. Ol özüniň iki oglunyň, bir gyzynyň bardygyny, ýanýoldaşy we uly ogly bilen bilelikde kärende ýerinde zähmet çekýändiklerini gürrüň berdi. Şeýle hem ol hormatly Arkadagymyzyň daýhanlaryň ýanyna gelip, olaryň armasyny ýetirmeginiň döwletli işe goşant hökmünde görülýändigini aýratyn nygtady.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy ýekşenbe güni ýurdumyzda Hasyl toýunyň giňden bellenilýändigini aýdyp, daýhany oba hojalykçylaryň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly sene bilen gutlady. Şeýle-de hormatly Arkadagymyz “Hasyl baýlygy — bereket baýlygy” diýen paýhasly jümläniň daýhanlaryň zähmetine goýulýan sarpadygyny aýtdy we oňa alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi.
D.Rejebow Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip, bu pursatlaryň özi hem-de tutuş maşgala agzalary üçin ýatdan çykmajak waka öwrülendigini we özlerine bildirilýän uly hormatdygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamagyň ynsan üçin bagtdygyny belläp, daýhan yhlasy bilen ýurdumyzda bereket bolçulygynyň döreýändigine guwanýandygyny nygtady we kärendeçi daýhana Arkadagly Serdarymyzyň adyndan sowgatlary gowşurdy. Bu ýerde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy kärendeçi daýhanyň haýyşy boýunça onuň bilen ýadygärlik surata düşdi.
Soňra hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden etrabyň “Zarpçy” daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlaryna tarap ugrady. Häzirki döwürde tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Mary welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda hem öndürijilikli zähmet çekilýär. Ýetişdirilen pagta hasylyny ýygnamak işleri batly depginde dowam edýär. Gögeriş gazanylan ak ekin meýdanlarynda degişli ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar. Munuň özi bol hasyl ugrundaky göreşiň hemmetaraplaýyn we netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär.
Hormatly Arkadagymyz daýhan birleşiginiň çäginde gallaçy kärendeçi Muhammetmyrat Ýaşarowyň kärende ýeriniň ýanynda saklandy. M.Ýaşarow hormatly Arkadagymyzy kärende ýerinde görýändigine şatdygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek ugrunda başyny başlan giň gerimli özgertmeleriniň döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan netijeli dowam etdirilýändigini nygtady we munuň üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz kärende ýerinde endigan gögerişiň gazanylandygyny belläp, daýhanyň häzirki döwürde alyp barýan işleri bilen tanyşdy.
Daýhan özüniň 4 gektar kärende ýerinde bugdaý ösdürip ýetişdirýändigi, şu günler ak ekinlere ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýandygy barada gürrüň berdi. Daýhanyň belleýşi ýaly, oba zähmetkeşleriniň öndürijilikli işlemekleri ugrunda döwlet tarapyndan zerur goldawlar berilýär. Aýratyn-da, kärendeçi döwlete tabşyrylan pagta hasylyndan öndürilýän sarunyň we künjaranyň 50 göteriminiň ýeňillikli bahalardan berilmeginiň daýhanlaryň ruhuny göterip, olaryň işe bolan höwesini has-da artdyrandygyny nygtady.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kärendeçiniň işi, oňa döwlet tarapyndan berilýän kömek-goldawlaryň netijeleri, onuň maşgala durmuşy bilen gyzyklandy.
Kärendeçi ýurdumyzda oba hojalyk önümlerini öndürmek we ýer eýeleriniň ýokary öndürijilikli zähmet çekmekleri ugrunda ýeňillikli şertleriň döredilýändigini belläp, munuň üçin Arkadagly Serdarymyza ähli daýhanlaryň adyndan sagbolsun aýtdy. Şeýle hem ol özüniň 22 ýyl bäri daýhançylyk bilen meşgullanýandygyny, bir oglunyň we bir gyzynyň bardygyny, mellek ýerinde gök ekinleri, miweli baglary ösdürip ýetişdirýändigini gürrüň berdi.
Hormatly Arkadagymyz ýeriň hasyllylygyny artdyrmak ugrunda ylmyň gazananlarynyň we täzeçil usullaryň milli daýhançylyk däpleri bilen utgaşdyrylýandygyny aýdyp, ýerlerde ekin çalşygynyň ylmy esasda alnyp barylmagynyň ähmiýeti barada belledi.
Gallaçy kärendeçi ekin çalşygyna möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, bu usulyň ýeriň gurpuny saklamakda we ondan bol hasyl almakda zerur ugur hasaplanýandygyny nygtady. Şeýle hem ol özüniň kärende ýeriniň her gektaryndan 60 — 70 sentnere golaý hasyl almagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Soňra ol hormatly Arkadagymyza öz aralaryna gelip, gymmatly maslahatlaryny berendigi üçin sagbolsun aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynyň toprak-howa şertlerine laýyklykda, beýleki ekinler bilen bir hatarda, bugdaýyň hem-de gant şugundyrynyň bol hasylynyň ýetişdirilýändigini, munuň bolsa ekerançylyk meýdanlarynda ekin çalşygyny kada laýyk alyp barmaga zerur mümkinçilik döredýändigini aýdyp, bu işleri mundan beýläk-de ylmy esasda amala aşyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu barada aýtmak bilen, ýerden bol hasyl öndürýän daýhanlara döwlet tarapyndan zerur goldawlaryň yzygiderli beriljekdigini belledi we daýhany hem-de onuň maşgala agzalaryny ýurdumyzda giňden dabaralandyrylýan Hasyl toýy bilen gutlap, oňa Arkadagly Serdarymyzyň adyndan toý sowgatlaryny gowşurdy.
Bu ýerde-de hormatly Arkadagymyz gallaçy kärendeçiniň haýyşy boýunça onuň bilen ýadygärlik surata düşdi.
Gahryman Arkadagymyz ýaşyl öwüsýän ak ekinleri synlap, oba hojalygynda täzeçil usullaryň we ylmyň gazananlarynyň işjeň ulanylmagynyň ähmiýeti barada aýtdy. Şunda seçgiçi alymlaryň işine möhüm üns berilmelidir. Tohumlar, dökünler her sebitiň toprak-howa şertlerine laýyklykda seçilip alynmalydyr. Munuň özi islendik görnüşdäki topragyň hasyllylygynyň artmagynyň baş şertini emele getirýär. Oba hojalygynda ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler we toplanan tejribe boýunça alnyp barylýan işleriň ähmiýeti barada düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň zerurdygy barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu işde syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň agzalaryna möhüm ornuň degişlidigini belledi we bu babatda özüniň gymmatly maslahatlaryny berdi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerden “Marygallaönümleri” önümçilik birleşiginiň Mary galla önümleri kärhanasyna tarap ýola düşdi. Häzirki zamanyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilen önümçilik toplumynyň çäginde ýylda 50 müň tonna bugdaýy saklamaga niýetlenen elewator bar. Toplumyň önümçilik kärhanalarynda önüm öndürijilerden kabul edilen bugdaý hasyly häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede arassalanylýar. Şeýlelikde, elewatorda saklanýan bugdaýyň hil görkezijileriniň degişli derejede saklanmagy ugrunda zerur bolan işler yzygiderli alnyp barylýar.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň bölüm müdiri, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty Gurbandurdy Nowruzow bilen söhbetdeş boldy.
Alym agronom hormatly Arkadagymyza önümçilik toplumynda alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, bu ýerde ýokary ekologik talaplara doly laýyk gelýän unuň ýylda 50 müň tonnasy öndürilýär we olar 50 kilogram möçberi bolan haltalara gaplanyp, sarp edijilere ýetirilýär. Bu ýerde 2 müň tonna tohumlyk bugdaýy saklamaga niýetlenen ammar hem bar.
Hormatly Arkadagymyz obasenagat toplumynyň ähli düzümlerine häzirki zamanyň ösen tejribesiniň we ylmyň gazananlarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunda ýurdumyzyň seçgiçi alymlarynyň ylmy esasda alyp barýan işlerine möhüm orun degişli bolmalydyr. Ekerançylykda ýokary hilli tohumlaryň taýýarlanylmagynyň wajypdygy barada aýdyp, Gahryman Arkadagymyz bu işleriň netijeli ýola goýulmagyna, bu ugurda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz bugdaý tohumynyň häsiýetli aýratynlyklary bilen gyzyklanyp, tohumlaryň her sebitiň ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelmegi bilen, olaryň hasyllylygy, kesele durnuklylygy hem-de däneleriniň doklugy bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli üns merkezinde saklanmalydygyny nygtady. Hormatly Arkadagymyz soňky ýyllarda ösüp gelýän ýaş nesilleriň halal zähmete bolan höwesini artdyrmak, olaryň mähriban topraga söýgüsini ýokarlandyrmak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Şeýle hem önümçilik toplumynyň çäginde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilýän dürli gök-bakja önümlerinden, ir-iýmişlerden we gaýtadan işleýän senagatyň önümlerinden ybarat bolan sergi ýaýbaňlandyryldy. Oba hojalyk pudagynyň gazananlaryny şöhlelendirýän sergide sahawatly toprakdan öndürilýän, güneşli Diýarymyzda ýetişen gök we miwe, bakja önümleriniň dürli görnüşleri, pagtaçylyga, däneçilige degişli ýokary hilli tohumlar görkezildi.
Häzirki döwürde ykbalyny topraga baglan daýhanlaryň yhlasly we halal zähmeti bilen ýurdumyzda önüm bolçulygy üpjün edilýär. Sahawatly türkmen topragynda ýetişdirilýän önümleriň hil, ekologik we ýokumlylyk babatda ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýändigini aýratyn bellemeli. Oba zähmetkeşleriniň ýerden bol hasyl almaklary ugrunda döwlet tarapyndan zerur goldawlaryň berilmegi, daýhanlar üçin häzirki zamanyň kuwwatly tehnikalarynyň we enjamlarynyň satyn alynmagy, kärendeçileriň mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar hem-de ekiniň zyýankeşlerine garşy göreşmek üçin himiki serişdeler bilen üpjün edilmegi, önüm öndürijiler bilen tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegi ýerine ýetirilýän işleriň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün edýär.
Soňra hormatly Arkadagymyz ammaryň içine girip gördi. Bu ýerde häzirki zaman önümçilik düzümi sazlaşykly hereket edýär. Ammarda goýlan unly haltalary synlap, Gahryman Arkadagymyz onuň halkymyzyň rysgal çeşmesidigini, bereket-bolçulygydygyny aýtdy. Daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylynyň bereketli ununyň gadyr-gymmaty bilinmelidir. Munuň özi ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmekde aýratyn ähmiýetlidir.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şöhratly pederlerimiziň taryhyň dowamynda döreden milli gymmatlyklarynyň hatarynda halal zähmete, daýhan yhlasyna möhüm ornuň degişlidigini belläp, bu ýörelgeleriň häzirki döwrüň ruhuna we talaplaryna laýyk derejede dowam etdirilmeginiň zerurdygyna, şunda ýaşlaryň zähmetine bil baglanmalydygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzda amala aşyrylýan asylly işler, döwletimiziň ýeten derejesi halkymyzyň gündelik durmuşynda öz beýanyny tapmalydyr.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerde ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň ýolbaşçylarynyň we Mary welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, oba hojalyk işlerini talabalaýyk alyp barmak we pudaga häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň we halkymyzyň, aýratyn-da, oba hojalykçylaryň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan Hasyl toýunyň öňüsyrasynda daýhanlaryň arasyna gelip, armasynyň ýetirilmeginiň asylly işleri rowaçlyklara atarjakdygyna ynam bildirdi. Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda zähmet çekýän kärendeçileriň ýokary öndürijilikli işi, bereketli hasyl almagy ugrunda mundan beýläk-de ähli zerur şertleriň dörediljekdigini nygtap, hemmeleri ajaýyp sene — Hasyl toýy bilen gutlady we oba zähmetkeşlerine alyp barýan asylly işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda suwaryşyň, topragy dökün bilen gurplandyrmagyň kämil usullary, şol sanda iň täze tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Bu bolsa hormatly Arkadagymyzyň durmuşyň ähli ugurlarynda häzirki zaman ylmynyň ýokary gazananlaryny ornaşdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýandigini äşgär edýär.
Ýurdumyzda ekologik taýdan arassa önümçiligiň artdyrylmagy saçaklarymyzyň ýylyň ähli paslynda bereketli bolmagyny şertlendirýär. Şunda ekerançylyga häzirki zamanyň ösen tejribesiniň ornaşdyrylmagyna, suw tygşytlaýjy usullaryň netijeli peýdalanylmagyna zerur üns berilmelidir. Munuň özi ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň sazlaşykly ösüşini üpjün eder.
Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda toprakdan bol hasyl almak ugrunda zerur şertleriň döredilýändigini, pagta hasylyndan öndürilýän sarunyň we künjaranyň 50 göteriminiň ýeňillikli bahalardan berilýändigini aýdyp, bu usulyň daýhanlaryň höwesini artdyrandygyny we ýaşlary halal zähmete ruhlandyrandygyny belledi.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynyň netijelerini jemläp, häzirki wagtda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde hemmelere üstünlikleri arzuw etdi.
Mary şäheriniň Halkara howa menziline ýygnananlar Gahryman Arkadagymyzy Özbegistan Respublikasyna iş saparynyň uly üstünliklere beslenmegi we türki döwletleriň ýakynlaşmagy, gülläp ösmegi ugrundaky işde goşan ägirt uly goşandy nazara alnyp, Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirdi we hemmelere alyp barýan işlerinde üstünlik arzuw edip, paýtagtymyza ugrady.