Hormatly Prezidentimiziň durmuş ugurly ykdysady syýasatynyň möhüm ugry bolan sebitleýin syýasat ýurdumyzyň sebitlerini gyradeň ösdürmäge, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Şunuň bilen baglylykda, welaýatlaryň durmuş-ykdysady ösüşi ýokary depginlere eýe bolýar.
Üstünliki amala aşyrylýan «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynda» kesgitlenen wezipelerden ugur alnyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Diýarymyzyň ähli sebitlerinde, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda belent sepgitlere ýetmek maksat edinilýär.
Sebitleýin syýasatyň esasy maksatlary ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan, sebitleriň ykdysady taýdan ösmegi üçin amatly şertleri döretmekden hem-de öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan, durmuş-ykdysady ösüşiň ýokary depginini üpjün etmekden, eksport mümkinçiligini artdyrmakdan ybaratdyr. Sebitleriň oba hojalygyny ösdürmekde, toprak, howa we beýleki aýratynlyklary hasaba almak bilen, zolaklaýyn ekerançylygy ornaşdyrmak, maldarçylygyň ot-iým binýadyny pugtalandyrmak, ýurduň azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýokary hilli oba hojalyk önümçiligini döretmek ileri tutulýan ugurlardyr.
Mary welaýaty gazylyp alynýan tebigy çig mala baý sebitleriň biridir. Welaýatyň durnukly ösüşinde ykdysadyýetiň özenini elektroenergetika, gaz, himiýa, maşyngurluşyk, metal işläp bejeriş, oba hojalyk, dokma we azyk senagaty düzýär. «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» Mary welaýatynda elektrik energiýasyny 14 606,6 million kWt sagat möçberinde öndürmek göz öňünde tutulýar. Welaýat uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolup, ýakyn geljekde olaryň gazylyp alnyşynyň möçberi artdyrylar. Munuň özi olary halkara bazarlara çykarmagyň mümkinçiligini ýokarlandyrar. Sebitiň nebitgaz çykaryjy kuwwatlyklaryny pugtalandyrmagyň hasabyna, gaz kondensatly nebitiň 52,7 müň tonnasyny we tebigy gazyň 34,8 milliard kub metrini öndürmek bellenilýär. Şu ýyl welaýatda kuwwaty ýylda 33 milliard kub metr harytlyk gazy çykarmak boýunça «Galkynyş» gaz käniniň üçünji tapgyryny özleşdirmek meýilleşdirilýär. Himiýa senagatynyň ösüşine uly itergi berýän kuwwatlyklaryň işe girizilmegi bilen, öndürilýän önümleriň görnüşleri we möçberleri artdyrylýar. Şu ýyl mineral dökünleriň 520 müň tonnasy we tehniki uglerodyň 1 800 tonnasy öndüriler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýatda jemi 12,2 milliard manada barabar maýa goýumlary goýmak we onuň 10,9 milliard manadyny önümçilige gönükdirmek göz öňünde tutulýar.
Ykdysadyýetiň ýokary maýa goýum işjeňligi gurluşygyň we gurluşyk materiallary senagatynyň güýçli depginler bilen ösmegine getirýär. 2024-nji ýylda magdan däl gurluşyk materiallarynyň 1 365 müň kub metrini, gurluşyk üçin beton gurnawlarynyň ýygnalan bölekleriniň 52,9 müň kub metrini, diwar materiallaryndan 219,8 million sany şertli kerpiji, 24,2 müň kub metr keramziti we 220,4 müň tonna asfaltbetony öndürmek bellenilýär.
Mary welaýaty gowaça ösdürip ýetişdirmek boýunça Türkmenistanyň iň iri sebitidir. Şunuň bilen baglylykda, Garaşsyzlyk ýyllarynda welaýatda köp sanly iri hem-de orta ululykdaky dokma toplumlary, fabriklerdir kärhanalar işe girizildi. Olar çig mal binýadyna gönüden-göni golaýda ýerleşmek bilen, pagta süýümini gaýtadan işlemekden başlap, taýýar önümi çykarmaga çenli önümçiligiň yzygiderliligini doly üpjün edýär. Şu ýyl 109,5 müň tonna pagta süýümini, 18 müň tonna nah ýüplügi, 53,5 million inedördül metr nah matalary (sütüklini goşmak bilen), 2 848,2 million manatlyk örülen we tikin önümlerini, 1 537,6 tonna pamygydyr ondan öndürilen önümleri, 113,9 müň inedördül metr haly hem-de haly önümlerini, 2,8 müň tonna ýagy aýrylyp ýuwlan ýüňi, 466,2 müň inedördül metr ýüpek matalary, 11 422,6 müň jübüt jorap önümlerini, 6 241,7 müň jübüt aýakgaby we 23,5 million inedördül desimetr eýlenen derini öndürmek göz öňünde tutulýar.
Welaýat ýurduň agrar taýdan ösen sebitleriniň hataryna degişlidir. Sebitde bugdaý, pagta, gök-bakja ekin önümleri, miweler we ir-iýmişler, üzüm uly möçberde öndürilýär.
Şu ýyl oba hojalyk önümlerini öndürmek üçin suwarymly ýerleriň meýdany 433,7 müň gektara barabardyr. Şonda 345 müň tonna bugdaý, 359 müň tonna pagta, 180,7 müň tonna ýeralma, 194,8 müň tonna gök önümler, 86,4 müň tonna bakja önümleri, 30,5 müň tonna üzüm, 33 müň tonna miweler we ir-iýmişler, 224 müň tonna gant şugundyry öndüriler.
Maldarçylyk oba hojalygynyň öňdebaryjy pudagy bolup, maýa goýumlaryň köp bölegi bu pudagy ösdürmäge gönükdirilýär. Gara mallaryň, dowarlaryň, guşlaryň baş sanyny köpeltmek, etiň we süýdüň öndürilişiniň möçberini artdyrmak boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, maldarçylyk önümleriniň öndürilişini artdyrmakda önümçilige öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrýan telekeçilere aýratyn üns berilýär. Hojalyklaryň ähli toparynda mallaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmak göz öňünde tutulýar.
Azyk senagaty önümleriň görnüşini we mukdaryny artdyrmagyň hasabyna giň gerimli ösüşe eýe bolýar. Döwlet tarapyndan kiçi we orta telekeçilige berilýän goldawlaryň netijesinde, çalt ösýän hususy kärhanalar miwe hem-de gök önümlerini, ösümlik ýagyny, et, süýt, süýji-köke önümlerini öndürýän esasy öndürijilere öwrülýär.
Sebitde azyk senagatynyň eýeçiliginiň ähli görnüşindäki kärhanalar tarapyndan 23,9 müň tonna et we et önümleri (ete geçirilip hasaplananda, guşuňkydan başgasy), 947,4 müň şertli bankalara gaplanan et, 122 müň tonna süýt we süýt önümleri (süýde geçirilip hasaplananda), 109,4 million sany şertli banka gaplanan miwe we gök önümleri, 30,7 müň tonna arassalanmadyk ösümlik ýagy, 23,2 müň tonna süýji-köke önümleri, 110,7 müň tonna un, 9,8 müň tonna ýarma, 6,8 müň tonna unaş önümleri, 11,4 müň tonna şeker, 283,5 tonna balyk we beýleki balyk önümleri, 274,1 tonna gaplanan hem-de gaýtadan işlenen balyk we balyk önümleri öndüriler.
Ulag-kommunikasiýa ulgamy welaýatyň ykdysadyýetiniň möhüm bölegini düzýär. Şu ýyl ulaglaryň ähli görnüşleri bilen daşalýan ýükleriň möçberini 116,1 million tonna we gatnadylýan ýolagçylaryň sanyny 204 million adama ýetirmek meýilleşdirilendir.
Ilaty aragatnaşyk hyzmatlary bilen has doly üpjün etmek üçin esasy telefon belgileriniň sanyny 123,4 müň belgä, TMCELL ykjam aragatnaşyk ulgamynyň abonentleriniň sanyny 1 011,5 müň birlige ýetirmek göz öňünde tutulýar. Sebitiň durmuş ulgamyny ösdürmäge-de uly üns berilýär. Şu ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, welaýatda 26 sany hassahana, 196 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary, 405 sany umumybilim berýän we 7 sany orta hünär bilimi, 1 sany ýokary hünär berýän mekdepler, 23 sany sport mekdebi, 44 kitaphana, 1 teatr we 8 muzeý hereket edýär.
Köp sanly önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalar, oba we şäher ilaty üçin amatly ýaşaýyş şertlerini döretmäge mümkinçilik berýän, hemme amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary hem-de desgalar guruldy we gurulmagy dowam etdirilýär. Şeýlelikde, «Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynyň» amala aşyrylmagy üstümizdäki ýylda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini pugtalandyrmaga, pudaklaryň, sebitleriň kuwwatyny berkitmäge, bazar gatnaşyklaryna esaslanyp, durnukly ösüşi, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge hem-de hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmaga, abadan, bagtyýar ýaşaýşynyň bähbidine gönükdirilendir.
Orazmuhammet AŞYROW,
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we durnukly ösüş müdirliginiň başlygynyň orunbasary.