Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde maliýe usullarynyň görnüşlerini giňeltmegiň hasabyna serişdeleri amatly peýdalanmak, şeýle hem durnukly esasda uzak möhlete maýa goýumlary çekmek maksady bilen, gymmatly kagyzlar bazaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Gymmatly kagyzlar bazary baha emele getirilişiniň maliýe taýdan adalatly bolmagyna ýardam berýär.
«Gymmatly kagyzlar bazary hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda gymmatly kagyzlar bazary fiziki we ýuridik şahslaryň gymmatly kagyzlarynyň emissiýasy (çykarylyşy) we dolanyşygy bilen baglanyşykly gatnaşyklaryň jemi hökmünde kesgitlenilýär. Paýnamalaryň (aksiýalaryň) we obligasiýalaryň çykarylmagy arkaly gymmatly kagyzlar bazarynyň emele gelmegi haryt önümçiligini giňeltmek zerurlygy bilen baglydyr.
Ýurdumyzda gymmatly kagyzlar bazarynyň ösdürilmegini gazanmak maksady bilen, «Aşgabat» gazna biržasy ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti döredildi. Munuň özi gazna biržasynyň işiniň halkara tejribesiniň talaplaryna laýyklykda guralmagyny üpjün edip, döwlete dahylly gymmatly kagyzlaryň ýerlenilmegine hem-de hususy taraplaryň paýnamalaryny (aksiýalaryny) dolanyşyga çekmegiň ýola goýulmagyna itergi berýär.
Milli ykdysadyýetimizde sanly ulgamy ösdürmek boýunça öňdebaryjy dünýä tejribesiniň ornaşdyrylmagy halk hojalygynyň ösüşinde öňegidişlikleriň gazanylýandygyny görkezýär. Döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ösmegine gönükdirilýän maýa goýumlarynyň möçberiniň artmagy netijesinde maliýe ulgamynyň we onuň esasy düzüm bölegi hökmünde çykyş edýän gazna bazarynyň halkara ülňülerine laýyk gelmegi üpjün edilýär. Şu nukdaýnazardan garanyňda, gazna bazary maliýe bazarynyň esasy düzüm bölegi bolmak bilen, döwletiň maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde hem çykyş edýär.
Gazna bazarynyň ösüş derejesi bilen ykdysady ösüşiň arasyndaky özara baglanyşyk maliýe araçylarynyň (banklaryň) işiniň maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmäge serişdeleri çekmekden ybaratdygyny aýdyňlygy bilen subut edýär. Munuň özi milli ykdysadyýetimizde geleşikleriň möçberini artdyrmak arkaly, sanly innowasiýalara we ykdysady ösüşe oňyn täsirini ýetirýär.
Ýurdumyzda gazna bazarynyň herekete getirilmegi eýeçiligiň dürli görnüşleriniň, şol sanda telekeçilik işiniň kämilleşýän döwründe örän wajyp gurallaryň birine öwrüldi. Gymmatly kagyzlaryň ýerlenilmegi arkaly gelip gowuşýan şahsy we edara görnüşli taraplaryň pul süýşürintgileri hakyky önümçilik obýektlerine we dürli ugurly döwrebap tehnologiýalara öwrülýär.
Milli ykdysadyýetimizde döwrüň ösen tejribesiniň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi bilen bagly alyp barýan işleri üçin hormatly Prezidentimize jan saglyk, uzak ömür, asylly işlerinde elmydama rowaçlyklary arzuw edýäris!
Hurmagözel GELDIÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.