Maliýe ulgamy ösdürilýär

Taryhy maglumatlar we arheologik tapyndylar ýeri işläp bejermek bilen bagly buhgalterçilik hasaba alnyşynyň has irki döwürde ýüze çykandygyny tassyklaýar. Bu iş öndürilen önümiň möçberini we gymmatyny kesgitlemekde, şeýle hem jemgyýetiň maliýe ulgamyny dolandyrmakda uly orun eýeläpdir. Parfiýa döwletiniň Rim imperiýasy bilen Beýik Ýüpek ýoly arkaly hyzmatdaşlygynyň gülläp ösen döwründe buhgalterçilik hasaba alnyşynyň hukuk esaslary kemala gelipdir. Giçki Orta asyrlarda bolsa bu iş has-da kämilleşdirilipdir.

XX asyrda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň ylmy esaslaryny ösdürmekde we onuň tejribe işlerini kämilleşdirmekde dürli ýurtlarda giň gerimli işler durmuşa geçirilipdir. Hasap görkezijileriniň täze görnüşleriniň işlenip düzülmegi we şonuň esasynda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň emläklerini hasaba almakda hem-de bahalandyrmakda täze ylmy nazaryýetleriň işlenip düzülmegi, harajatlary hasaba almagyň, önümiň özüne düşýän gymmatyny hasaplamagyň kämil görnüşleriniň döredilmegi we beýlekiler buhgalterçilik hasaba alnyşynyň halkara derejesinde ösdürilmegi ugrunda durmuşa geçirilen işleriň esasylarydyr.

Garaşsyz Türkmenistanda hem milli ykdysadyýetiň ösüşini üpjün etmekde buhgalterçilik hasaba alnyşynyň halkara ülňülerine laýyklykda guralmagyna uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Öňümizde maliýe hasabatlylygyny halkara ölçeglerine laýyk getirmek bilen baglanyşykly örän çylşyrymly wezipeler dur. Şol wezipeleriň amala aşyrylmagy bolsa, maliýe amallaryny geçirmegiň äşgärligini üpjün edip, daşary ýurtly maýadarlaryň maýa goýmaga höwesini artdyrar» diýip bellemegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary esasynda, ýurdumyzda buhgalterçilik hasaba alnyşynyň hukuk binýadyny kesgitleýän birnäçe kanunlar we kadalaşdyryjy namalar kabul edildi. Hormatly Prezidentimiz 2010-njy ýylda «Türkmenistanda buhgalterçilik hasaba alnyşy we auditi özgertmek maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky» Karara gol çekdi. Bu resminama ýurdumyzyň maliýe-ykdysady we bank ulgamynda durmuşa geçirilýän hem-de bazar ykdysadyýeti şertlerinde halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösmegini üpjün etmäge gönükdirilen düýpli özgertmeler ýolunda möhüm ädim boldy. Degişli resminama Türkmenistanda kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň maliýe hasabatlylygyny kämilleşdirmek hem-de dünýäniň dürli döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmak ugrunda möhüm utgaşdyryjy gural bolup, daşary ýurt maýalarynyň möçberleriniň artmagyna ýardam edýär.

2012-nji ýylda Täjirçilik kärhanalary, Döwlet býujet edaralary, Kiçi we orta telekeçilik kärhanalary üçin maliýe hasabatlylygynyň milli standartlarynyň sanawynyň hem-de halkara ülňülerine laýyk gelýän täze hasaplaryň meýilnamalarynyň kabul edilmegi hem ýurdumyzda buhgalterçilik hasaba alnyşyny kämilleşdirmegiň nobatdaky möhüm tapgyryna öwrüldi. 2017-nji ýylyň 22-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiz 2019-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, karz edaralaryndan başga ähli kärhanalara, edaralara we guramalara, buhgalterçilik hasaba alnyşynyň we maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlaryna geçmegi hakyndaky Karara gol çekdi. Munuň özi ýurdumyzyň edara-kärhanalarynyň we guramalarynyň maliýe işini kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Milli ykdysadyýetimiziň ähli düzümleriniň sazlaşykly ösmegini üpjün edip, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.

Bägül ORAZGELDIÝEWA,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/47928