Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda ilatyň abadançylygyny we durnuklylygy gorap saklamagy üpjün edýän düýpli özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmen ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygynyň derejesini artdyrmak, önümçiligi diwersifikasiýalaşdyrmak hem-de bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmek ýurdumyzyň ösüşiniň möhüm wezipeleri bolup durýar. Ykdysadyýetiň netijeli hususy ulgamyny döretmek hem-de bäsdeşlik esasynda döwlet-hususy gatnaşyklary ösdürmek hem öz oňyn netijesini berýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň» esasy maksady ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine çykarmak üçin Watanymyzyň serişdeler, senagat, zähmet we intellektual kuwwatyny işjeňleşdirmek bolup durýar. Bu babatda welaýatlary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Welaýatlary ösdürmek boýunça uly möçberli maksatnamalary durmuşa geçirmek milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan oňyn özgertmeleriň aýrylmaz bölegidir.
Häzirki wagtda Ahal welaýatyny ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn wezipeler durmuşyň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Innowasiýa esaslanýan, döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegiň mukdar we hil görkezijilerine baha bermäge mümkinçilik berýän bir bitewi nusganyň kemala getirilmegi sebitiň durnukly ykdysady ösüşini gazanmagyň ugurlarynyň biri bolup durýar. Maksatnamada bellenilen wezipeler içerki bazaryň hem, eksportyň hem anyk talaplaryna laýyk gelýän önümçiligi ösdürmegi, sebitde maýa goýum işleňligini ýokarlandyrmagy, iş orunlaryny saklap galmagy we artdyrmagy nazara almak bilen amala aşyrylýar.
Milli ykdysadyýetimiziň möhüm bölegi bolan telekeçiligi ösdürmek döwletimiziň alyp barýan ugrunyň möhüm taraplarynyň biridir. Milli Liderimiziň kiçi we orta telekeçiligi höweslendirmäge gönükdirilen hemmetaraplaýyn goldawy we başlangyçlary netijesinde, bu ulgam soňky ýyllarda kuwwatly ösüşe eýe boldy. Prezident Maksatnamasynda eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki önüm öndürijileri hemmetaraplaýyn goldamak göz öňünde tutuldy, şoňa laýyklykda, dürli ugurdaky kiçi we orta senagat kärhanalaryny döretmek boýunça işler işjeňleşdi. Häzirki wagtda ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz ulgamynyň wekilleri gurluşyk ulgamynda we gurluşyk materiallaryny öndürmekde taslamalary durmuşa geçirmäge gatnaşýarlar, azyk bolçulygyny pugtalandyrmagyň wezipelerini çözýärler. Mundan başga-da, türkmen telekeçileri gazanan serişdelerini öňdebaryjy tehnologiýalary peýdalanmaga esaslanan önümçilige maýa goýýarlar, bazardaky ýagdaýdan öz wagtynda netije çykarýarlar, täze pudaklarda üstünlik bilen zähmet çekýärler.
Ykdysadyýetiň döwlete degişli bolmadyk bölegini ösdürmekde, bazar gatnaşyklaryny giňeltmekde telekeçilere ýeňillikli karzlary bermek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi möhüm orun eýeleýär. Şonuň netijesinde, üstünlikli işleýän hususy kärhanalar üçin döwlet goldawyndan giňden peýdalanmaga mümkinçilikler döredildi. Munuň özi öndürilýän önümleriň möçberlerini artdyrmaga, hilini ýokarlandyrmaga we nyrhyny elýeterli etmäge, şeýle hem durmuşy meseleleri çözmäge, ilkinji nobatda, ilaty täze iş orunlary bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň önümleriniň sergisi hem bu ulgamda gazanylan üstünlikleri aýdyň görkezýär.
Halkymyzyň durmuş-ykdysady derejesini ýokarlandyrmak ugrunda ýadawsyz zähmet çekýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Perman HALMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.