Makroykdysady syýasatyň ileri tutulýan ugurlary

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän maýa goýum syýasaty milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilýär. Munuň şeýledigine 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberiniň 24,6 göterim artandygy we jemi içerki önümiň ösüşiniň 16 göterimine deň bolandygy, özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,4 göteriminiň önümçilik, 50,6 göteriminiň durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirilendigi, Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzda degişli döwürde 1 milliard 400 million manatdan gowrak möçberde düýpli maýa goýumlaryň özleşdirilendigi hem şaýatlyk edýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 14-nji iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlarda beýan edildi.  

                                                                   

Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän maliýe syýasatynyň esasy maksady milli ykdysadyýetde makroykdysady deňagramlylygy üpjün etmek, maliýe ulgamynyň durnuklylygyny saklamak arkaly hojalyk işine goşulyşýan ähli taraplar üçin gyradeň iş şertlerini döretmek bilen aýrylmaz baglydyr. Karzlaryň we pul dolanyşygynyň işini sazlaşdyrmak arkaly, bazaryň düzümini hem şertlerini düzgünleşdirmek, harytlaryň we hyzmatlaryň öndürilişiniň durnukly artmagy üçin hemmetaraplaýyn amatlyklary döretmek, bahalary bellemekde kesgitli ýörelgelerden ugur almak, ilatyň iş orunlary bilen üpjünçiligini artdyrmak, daşary ykdysady gatnaşyklaryň gerimini giňeltmek ýaly çäreler bu ykdysady strategiýanyň barha rowaçlanmagyny üpjün edýär. 

                                                                   

Milli ykdysadyýetimiziň ösüşini ýokary depginlere ýetirmek ähli pudaklary sazlaşykly ösdürmegi, ýurduň salgyt-býujet ulgamyny hil taýdan kämilleşdirmegi, bazar ykdysadyýetiniň netijeli nusgasyny döretmegi, maýa goýmak üçin amatly şertleri talap edýär. Onuň ösüş zerurlyklaryndan hem-de durmuşa geçirilýän pul-karz syýasatynyň many-mazmunyndan ugur almak bilen, milli kanunçylygyň binýadynyň yzygiderli pugtalandyrylmagy hem şu maksatlara gönükdirilendir. Salgyt-býujet syýasaty ykdysady işjeňligi artdyrmak işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini aňladýar. Berýän netijesi boýunça bu syýasat makroykdysady taýdan düzgünleşdirmek işiniň esasy serişdeleriniň biri bolmak bilen, döwlet gatnaşyklarynyň, salgytlarynyň, subsidiýalaryň we transfert tölegleriniň ykdysady netijeliliginiň esasy görkezijilerine düýpli täsir etmek ukybyna daýanýar. 

                                                                   

Türkmenistanda emele gelen häzirki maliýe ýagdaýy ykdysady işjeňligiň subýektleriniň durnukly ösmegine ýardam edýär we durmuş ulgamynyň ilat üçin has amatly bolmagyna netijeli täsirini ýetirýär. Salgyt salmak ulgamy ykdysadyýetiň ileri tutulýan ugurlary üçin uly ýeňillikleri göz öňünde tutýar, önüm öndürijileri eksporta niýetlenen, bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli harytlary öndürmäge höweslendirýär, hyzmatlaryň aýry-aýry ugurlarynyň hiliniň ýokarlanmagyna hem innowasion başlangyçlaryň geriminiň giňemegine ýol açýar.  

                                                                   

Türkmenistanda bazar ykdysadyýetine geçmek tapgyrlaýyn esasda amala aşyrylýar. Munuň özi emläkleri hususy eýeçilige bermek işiniň, ilkinji nobatda, bazar şertlerine çalt uýgunlaşýan pudaklarda we ugurlarda amala aşyrylmagy bilen baglanyşyklydyr. Olara gurluşyk, söwda, hyzmatlar, oba hojalygynyň köp pudaklary degişlidir. Türkmenistanda döwlet eýeçiligini ösdürmäge we ony netijeli dolandyrmaga maksatnamalaýyn esasda çemeleşilýär. Döwlet eýeçiliginde işleýän her bir ministrlik, pudak edarasy ýa-da gaýry bir düzüm birligi boýunça gysga, orta we uzak möhletli meýilnamalardyr maksatnamalar işlenip düzülýär. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda döwlet emlägini dolandyrmak işi yzygiderli kämilleşdirilýär. Döwlet kärhanalaryny özgertmek we olaryň gurluşyny üýtgetmek ykdysadyýetiň döwlete degişli bölegini dolandyrmagy kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda döwlet emlägini dolandyrmak häzirki wagtda köp görnüşleri we gurallary öz içine alýar. Olaryň giň ýaýranlarynyň hataryna paýdarlar, hojalyk jemgyýetleri, kärende toparlary, ynançly dolandyrmak ýaly görnüşler girýär. Şeýle-de bolsa, bu görnüşleriň heniz doly kämilleşdirilmedik we makroykdysady netije bermeýänleri hem bar. Şunuň bilen baglylykda, aýry-aýry kärhanalary ynançly dolandyrmaga bermek ýa-da özüni ödemeýän kärhanalary hususy eýeçilige satmak usullaryny ulanmak hem ýola goýuldy. Bu bolsa döwlete dahylsyz pudagyň girdejilerini kanunlaşdyrmagyň hasabyna döwletiň maýa goýum mümkinçiliklerini giňeldýär.  

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüşinde hususyýetçileriň tutýan paýy hem örän uly. Şeýle bolansoň, bazar gatnaşyklarynyň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda giňden ýaýbaňlanmagy esasynda, hususy eýeçilikdäki kärhanalaryň sany ýyl-ýyldan artýar, öndürilýän önümleriň we hyzmatlaryň aglaba bölegi döwlet eýeçiligine degişli bolmadyk kärhanalaryň paýyna düşýär.  

                                                                   

Türkmenistanda hususy telekeçiligiň ösmegine giň mümkinçilikleriň döredilmegi bu pudagyň düzümini kämilleşdirmäge, pudaga innowasiýalary ornaşdyrmaga, maýa goýum serişdelerini netijeli ulanmaga we zähmet bölünişigine, netijede bolsa, iş orunlaryny artdyrmaga uly itergi berdi. Hususy pudaga we döwlet üpjünçilik ulgamlaryna goýulýan maýa goýumlar yzygiderli artdyrylýar. Ortaça zähmet haklary ýokarlandyrylyp, manadyň hümmeti durnukly saklanýar. 

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnama telekeçilik işini goldaýan halkara guramalaryň işi bilen utgaşdyrylyp amala aşyrylýar. Muňa mysal edip, hyzmat etmek ulgamynda işleýän telekeçiligiň işjeňliginiň ösüşini höweslendirmek üçin (auditor, konsalting, inžiniring, lizing we şulara meňzeş beýleki hyzmatlar) ýeňillikli karz bermek, salgyt salmakda has oňaýly şertleri döretmek ýaly ýeňillikleri belläp geçmek bolar. Telekeçiler üçin döredilýän ýeňillikler bolsa olaryň umumy ykdysadyýetimizde tutýan ornunyň ýyl-ýyldan artmagyna ýardam berýär. 

                                                                   

Döwlet tarapyndan ägirt uly goldawyň berilmegi, maýa goýum taslamalaryny karz serişdeleri bilen üpjün etmek ulgamynyň ösdürilmegi, döredilen hukuk binýady ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz pudagynyň çalt depginler bilen ösmegini üpjün edýär. Häzirki döwürde işewürlere öz ukyplaryny doly açmak üçin ähli şertler döredilýär. Döwletimiziň senagat önümçiligini mundan beýläk-de ösdürmek üçin hususy telekeçileriň mümkinçiliklerini çekmeklige ilkinji wezipeleriň biri hökmünde garalýar. 

                                                                   

Döwletimiz telekeçilik bilen meşgul bolýan fermerlere ýerleri eýeçilige bermek, ýer eýelerini zerur bolan oba hojalyk tehnikalary bilen üpjün etmek, erkin telekeçiligiň ykdysady zolagyny ösdürmek babatda salgyt we beýleki ýeňillikleri belleýär. Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Bütindünýä banky ýaly maliýe institutlary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň oba hojalyk, ulag, dokma, nebit-gaz pudaklarynda kiçi hem-de orta kärhanalary döretmek, şeýle-de goldamak üçin karz ugurlaryny açdylar. 

                                                                   

Ykdysadyýetiň hususy pudagy bilen döwletiň netijeli hyzmatdaşlyk etmegine gönükdirilen, ýurdumyzyň dürli kärhanalarynyň maýa goýum işini goldamaga niýetlenen kanunçylygy kämilleşdirmek, hususy telekeçiligi ösdürmegiň pudaklaýyn ugurlarynyň gerimini giňeltmek örän möhüm wezipeleriň biridir. Bu wezipeleriň çözülmegi ykdysadyýetimiziň önümçilik pudagyna has köp möçberde maýa goýumlary çekmäge we durmuş ugurly maksatnamalary amala aşyrmaga gönükdirilýän serişdeleriň möçberlerini has-da artdyrmaga mümkinçilik döreder.  

                                                                                                           

Bazargeldi BAÝRAMOW,

                       

Aşgabat şäherindäki Mehaniki-tehnologik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.