Maglumatlar eýýamynda olaryň peýdalanylyşy tehnologiýalar bilen berk baglydyr. Indi özümize gerek islendik maglumaty tapmak üçin gat-gat kitap dörmegiň hajaty ýok. Kompýuter klawiaturasynda ýa-da öýjükli el telefonlarynda sanlyja düwmä basmak bilen, gözleýän maglumatymyzyň ýüzlerçe çeşmelerine eýe bolup bilýäris. Onsoň, şolaryň haýsysyny açsaň, maglumatlar bilen birlikde giden amatlyklar peýda bolýar. Munuň ýönekeýjesi hem amatlysy maglumatlaryň içinden maglumat gözlemegiň «gözleg» penjiresi bolup durýar. Garaz, maglumat hemmä gerek. Olaryň «saklanýan tekjesiniň» — bulut tehnologiýasynyň bolsa maglumatdan ýüki ýetik.
«Google» ýa-da «Opera» ýaly brauzerler hakynda bilmeýänimiz az bolsa gerek. Sebäbi köpimiz gündelik internet toruna «Google»-niň üsti bilen girýäris. Maglumat okasagam, surat alsagam, wideo görsegem, iň bärkisi, tanyş-bilşlere hat ibersegem, brauzerleriň mümkinçiliklerinden peýdalanýarys.
Häzirki wagtda ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda ençeme döwrebap tehnikalardyr tehnologiýalar bilen birlikde, şol enjamlary işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýän programmalar hem ornaşdyrylýar. Programmanyň saý-sebäp bilen açylmazlygy işleri bökdeýär. Kuwwatly önümçilik bilen meşgullanýan islendik kärhanada ornaşdyrylýan tehnika ýa-da tehnologiýa hökmany suratda degişli programmany talap edýär. Elbetde, programmalar hem iň kämil kompýuterlerde toplanan maglumatlaryň esasynda taýýarlanylýar.
Maglumatlaryň saklanylyşy we peýdalanylyşy «online» we «offline» görnüşinde bolýar. Ýaňy belleýşimiz ýaly, senagat kärhanalarynda hem aglaba işler «offline» maglumatlaryň esasynda alnyp barylýar. Bu enjamyň internet bilen arabaglanyşygynyň ýokdugyny aňladýar. Baglanyşyk diňe tehnika bilen ony dolandyryjynyň kompýuteriniň arasynda bolýar.
«Online» görnüşdäki ähli amallar diňe internet torunyň üsti bilen ýerine ýetirilýär. Bu görnüşe her gün diýen ýaly «baglanmaýan» adam ýok bolsa gerek. Iň bärkisi, hat ýazylyşyk penjireleri, ýagny «Chatlar» hem «online» tertipde geçýär. Internet söwdalarynda, bank hyzmatlarynda nagt däl hasaplaşyklaryň ählisi üçin «online» birikmesi bolmasa, amaly ýerine ýetirip bolanok. Internet barmy, hyzmatlaram, hasaplaşyklaram bökdençsizdir.
Hormatly Prezidentimiz bu ýeňilliklerde hem-de wagtyň tygşytlanmagynda milli ykdysadyýetimiziň ösüş tizliginiň has-da çaltlanmagyny görýär. Sebäbi bazar ykdysadyýetine geçilýän döwürde hyzmatdaşlygyň ähli ugurlarynda sanly ulgamyň üsti bilen özara bähbitli ädimler ädilýär. Çünki döwür we dünýä bilen sazlaşykly bolmak döwletimiziň baş maksadydyr.
Hormatly Prezidentimiz «IT» hünärmenleriniň taýýarlanylmagy hem-de kiberhowpsuzlyk boýunça toparyň döredilmegi babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe tabşyryklary beripdi. Munuň aňyrsynda öňdengörüjilik, parasatlylyk bar. Şeýle-de şu ýerde köptaraplaýyn, oýlanyşykly çözgüdiň bardygyny nygtamak gerek.
Işiň gidişi durnukly, bökdençsiz ýagdaýda bolsa-da, onuň goraglylygyny hemişe üpjün etmek möhüm we gaýragoýulmasyz ýagdaýdyr. Baş maksat, mysal üçin, bank hyzmatlarynda kiberhüjümleriň, söwdada, nagt däl hasaplaşyklarda serişdäniň ýitmeginiň, internet sahypalarynda şahsy maglumatlaryň elýeterliliginiň öňüni almakdan, netijede, ulanyjynyň ynamyny gazanmakdan, hyzmatlara bolan islegi artdyrmakdan ybaratdyr. Sebäbi hyzmatlara goşulyşýan ulanyjylaryň sany millionlarça bolmak bilen, olaryň ýerine ýetirýän elektron amallary çäksizdir. Banklarda elektron pul serişdelerini saklamak, ibermek, kabul etmek, zerur wagty durmuş hajatlarynda ulanmak, nagt däl hasaplaşyklary geçirmek, şahsy internet sahypasyna goşmaça maglumatlary girizmek ýaly işlerde goraglylyk we ygtybarlylyk nukdaýnazaryndan ulanyjylar elektron hyzmatlara bil baglaýarlar.
Bu gün işleriň ilerlemegi, wagtyň tygşytlanmagy, ösüş ugrundaky habarlardyr maglumatlaryň salgysyna tiz gowuşmagy tehnologiýalar bilen amala aşyrylýar. Döwletimizde bolsa häzirki zamanyň iň kämil enjamlary halkymyzyň ygtyýarynda. Şeýle tehnologiýalaryň üsti bilen biz gündelik durmuşymyzy «maglumatlar tekjesi», ýagny «online» dünýäsi bilen baglaýarys. Onuň howpsuzlygyndan peýdalanyp, bökdençsiz elektron amallary ýerine ýetirýäris, sanly ulgamy işjeň ulanýarys. Şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli ulgamlaryny sanlylaşdyrmak baradaky syýasatyna tüýs ýürekden guwanýarys.
Azat JEPBAROW,
«Bereketli toprak» gazetiniň baş redaktory.
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/48995