Maglumat giňişligi we sanly medeniýet

Ýurdumyzda ösüşiň häzirki tapgyry hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan, durmuşy nazarlaýan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde döwlet dolandyryşynyň we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda halkara standartlara laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalardyr maglumat-aragatnaşyk enjamlarynyň yzygiderli ornaşdyrylmagy sanly dolandyryş, sanly ykdysadyýet, sanly resminama dolanyşygy ýaly täze ugurlary döredýändigi bilen häsiýetlenýär.

Milli Liderimiziň 2018-nji ýylyň 30-njy noýabryndaky degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagy sanly giňişlikde emele gelýän jemgyýetçilik gatnaşyklarynda sanly medeniýetiň döremegini şertlendirdi. Bu resminamanyň kabul edilmegi bilen, köpugurly özgertmeleri durmuşa geçirmekde halk hojalygynyň pudaklaryny hem-de döwlet dolandyryşynyň ähli ulgamlaryny tapgyrlaýyn sanlylaşdyrmak işine badalga berildi. Konsepsiýanyň durmuşa geçirilmegi önümçiligiň ösüşini ýokary sepgitlere çykarmaga mümkinçilik döredýär.

Döwlet Baştutanymyzyň sanly bilimi, sanly aragatnaşygy, sanly hyzmatlary ösdürmek barada berýän tabşyryklarynyň üstünlikli amala aşyrylmagy internet torundan peýdalanyjylar üçin täze mümkinçilikleri açýar. Häzirki wagtda internet döwrebap ösüşiň aýrylmaz bölegi, ykdysady amallaryň, aragatnaşygyň has tiz hem netijeli guraly hökmünde çykyş edýär. Internet arkaly ýola goýulýan gatnaşyklarda emele gelýän dil adaty sözleýişden gysgalygy ýa-da belli bir aňlatmalar, şekiller, suratlar arkaly beýan edilmegi bilen tapawutlanýar. Bu bolsa internet ulanyjylaryň bilim, etika derejesiniň ýokary bolmagyny, sanly gurşawda özüňi alyp baryş medeniýetiniň kadalarynyň berjaý edilmegini talap edýär.

Türkmenistanda sanly giňişlikde guralýan webinar duşuşyklaryň, onlaýn usuldaky halkara maslahatlardyr teleköpri arkaly geçirilýän okuwlaryň, elektron hatlar esasyndaky aragatnaşygyň netijeli häsiýete eýe bolmagy bu ugurdaky göz öňünde tutulan maksatlaryň üstünlikli amala aşýandygyny görkezýär. Internet ulgamynda döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, paýdarlar jemgyýetleriniň we telekeçileriň web-saýtlary, elektron gazetler, maglumat beriji web-sahypalar işjeň hereket edýär. Sanly giňişlikde ýerine ýetirilýän bu amallar elektron görnüşde bolsa-da, hereketiň bir tarapynda şahsyýetiň gatnaşygy bar. Şonuň üçin internet ulanyjylaryň sanly aragatnaşyga jemgyýetçilik gatnaşygy hökmünde seredip, sözleýiş, beýan ediş endiklerini etikanyň, aýratyn-da, milli medeniýetimiziň, edep kadalarymyzyň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirmegi zerurdyr.

XXI asyrda bütindünýä internet tory arkaly maglumat tehnologiýalarynyň ösüşi we giňden ýaýramagy jemgyýetde adamlaryň aragatnaşygyny täze derejä çykardy. Işewür gatnaşyklaryň, hatda adamlaryň öz arasyndaky gündelik aragatnaşygynyň hem aglaba böleginiň wirtual giňişlikde amala aşyrylmaga başlanmagy bilen, jemgyýetde «sanly medeniýet» düşünjesi ýüze çykyp ugrady. Biz, öz gezegimizde, sanly aragatnaşygyň ähli ugurlary boýunça internet ulanyjylar hökmünde ýaş nesliň milli ýörelgelerimize, dil medeniýetimize hormat goýýan şahsyýetler bolup ýetişmegini gazanmaga çalyşmalydyrys.

Şirin ŞIRLIÝEWA,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň diňleýjisi.


https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/20402