Sanly ulgam — döwrebap özgertmeler

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar. Bu babatda kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilip, olar esasynda häzirki zaman şertlerine laýyklykda täzeçe çemeleşmeler hem kemala gelýär. Munuň özi ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi köpugurly ösdürmek we sanlylaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Halk hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak ýurt Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň strategik ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty has-da artyp, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edilýär. Hususan-da, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny sanlylaşdyrmak işi hem üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu bolsa halk hojalygynyň ulgamlarynda uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda degişli ugurda alnyp barylýan özgertmeler maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Bu babatda «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny» görkezmek bolar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde bu ugruň kanunçylyk binýady döwrebaplaşdyrylyp, agzalan resminamanyň üsti ýetirilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy doly güwä geçýär.

Bu maksatnama «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňüne tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek we ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen kabul edildi. Ol Prezident Maksatnamasyna, sanly ykdysadyýeti we bilimi ösdürmegiň konsepsiýasyna, Türkmenistanyň Kanunlaryna hem-de beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalara laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Bu resminamanyň baş maksady jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornuny artdyrmakdan, sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmakdan ybaratdyr. Onda döwlet dolandyryşyny we hyzmatlar ulgamyny sanlylaşdyrmak, «Elektron hökümeti» döretmek, ýerli elektron söwdany ösdürmek, sanly serişdeleriň hasabyna ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak wezipeleri bar. Maksatnamada ilatyň sanly ulgam babatda sowatlylygyny artdyrmak ugrunda degişli çäreleri geçirmek, sanly lukmançylygyň hyzmatlaryny hödürlemek we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak ýaly wezipeler hem göz öňünde tutulýar. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň parasatly döwlet baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň üstünlikli sanlylaşdyrylýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.

Tyllagözel ORAZMÄMMEDOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby.