Köýtendag ýerasty we ýerüsti baýlyklary bilen hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Alymlaryň geçiren barlaglaryna görä, bu sebitde köp sanly himiki elementleriň uly gorlary bar diýlip çaklanylýar. Olary gazyp alyp, özleşdirmek we harytlyk derejesine ýetirmek üçin bu ýerde senagat kärhanalarynyň birnäçesi guruldy. Türkmen işewürleri tarapyndan gurlup, 2013-nji ýylyň fewral aýynda işe girizilen Lebabyň sement zawody hem şol kärhanalaryň biridir.
Önümçilik kuwwaty ýylda bir million tonna sement öndürmäge niýetlenen kärhana öndürýän önümleri bilen diňe bir ýurdumyzda däl, onuň çäklerinden daşarda hem uly meşhurlyga eýe. Bu ýerde öndürilýän M-400, M-500 kysymly portland sementi öz hili babatda ýokary derejede bolmak bilen, halkara ülňülere doly laýyk gelýär. Gurluşykda örän möhüm ähmiýete eýe bolan, berkligi bilen tanalýan bu önümiň ýokary hil derejesinde öndürilmegi üç zada — çig mal serişdesine, olary üwäp, ýokary gyzgynlykda bişirýän kämil tehnologiýalara we hünärmenleriň ukyp-başarnyklaryna bagly. Ine, şu üç talap üpjün bolan ýerinde ýokary hilli önüm hem önýär.
«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar — iýul aýlarynda zawodda portland sementiniň M-400, M-500 görnüşleriniň 470 müň 924 tonnasy öndürilip, sarp edijilere ugradyldy. Netijede, zawodyň bu babatdaky ösüş depgini 107,79 göterime deň boldy.
Önümiň satuwynda, ilki bilen, ýurduň içindäki gurluşyklar göz öňünde tutulýar, ondan galany eksport edilýär. Daşary ýurtlara iberilýän önümiň möçberiniň ýylyň aýagyna çenli ep-esli ýokarlanmagyna garaşylýar. Sebäbi bu zawod bilen şertnama baglaşmaga höwesli daşary ýurt firmalarynyň sany barha artýar. Şeýle ösen talaby ödemek üçin kärhananyň agzybir işgärleri tagalla baryny edýärler. Bu ýerde kärhananyň çig mal käninden başlanýan gyzgalaňly iş zawodyň gije-gündizleýin işleýän önümçilik ulgamyna ýeterlik möçberdäki çig maly berip durýar. Kärhananyň golaýynda ýerleşýän çig mal käninde hek daşynyň, kwars çägesiniň, gipsiň we toýnuň uly gory bar. Kuwwatly daş owradyjy we ýükleýji tehnikalaryň kömegi bilen çig mal zawodyň owradyp, üweýji bölümine getirilýär. «Mersedes», «KAMAZ» kysymly ýük awtoulaglarynyň yzygiderli daşamagy bilen, tejribeli hünärmen Şanazar Gurbanowyň ýolbaşçylyk edýän üweýji bölüminde owradylan daşlar kemsiz üwelip, külke görnüşine getirilýär. Şundan soňky işler has-da jogapkärçiligi talap edýär, sebäbi üwelen çig mal 1 müň 500 gradus gyzgynlykda bişirilýär. Şu ýerde goýberilen sähelçe säwlik hem önümiň hiline zeper ýetirip bilýär. Hut şonuň üçin-de bu ulgama jogap berýän hünärmenler işiň gidişine berk gözegçilik edýärler. Peçden çykan krinkerler soňra degirmende üwelýär we oňa 5 göterim gips goşulýar. Ine, şundan soň ol taýýar önüm görnüşine getirilip, ammarlara geçirilýär.
Kärhanada işledilýän ähli enjamlar, maşynlar ýokary innowasiýalara, öňdebaryjy tejribä daýanýar. Enjamlary bejeriş we ulanyş sehiniň mehanika ussahanasynyň başlygy Meýlis Şabekow özüniň ýolbaşçylyk edýän hünärmenler topary bilen işiň täze usullarynyň gözleginde. Munuň üçin ol ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlary bilen yzygiderli tanşyp, daşary ýurtly kärdeşleri bilen pikir alyşýar. Häzirki döwürde kärhanada hünärmenleriň ýüzlerçesi zähmet çekýär. Olaryň aglabasy Köýtendag etrabynyň ýaşaýjylary bolup, şu ýerde işlemek üçin daşary ýurtlaryň ýörite orta we ýokary okuw mekdeplerinde okap gelen ýaşlar. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barylýan günlerde Lebabyň sement zawodynyň hünärmenleri iş öndürijiligini has-da ýokarlandyrmak bilen, baş baýramymyza mynasyp sowgatlaryny taýýarlaýarlar. Her gün kärhananyň derwezesinden ugraýan üsti sement ýükli awtoulag kerwenleri ýurdumyzyň gurluşyklary üçin zerur sementi sarp edijilere günübirin ýetirýärler. Oňa isleg bolsa barha artýar.
Hudaýberen ABRAÝEW.
«Türkmenistan».
https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/2/articles/38357