Lebap sement zawodynyň täze tapgyry: aýratynlyklar, mümkinçilikler

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Köýtendag etrabynda şu gün işe girizilen Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyry ýurdumyzda şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen iri taslamalaryň biridir. Gurluşygyna 2020-nji ýylyň iýunynda badalga berlen bu desganyň gurluşygyny Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň buýurmasy esasynda «Türkmen enjam» hojalyk jemgyýeti amala aşyrdy.

Milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da berkitmek, Diýarymyzy ýerli gurluşyk harytlary bilen ýeterlik derejede üpjün etmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek hem-de olaryň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak maksady bilen gurlan Lebap sement zawodynyň täze tapgyry dürli maksatly binalardyr desgalaryň 38-sinden ybarat. Onuň ulanmaga berilmegi netijesinde, kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 2 million tonna ýeter. Munuň üçin zawodyň ýerleşýän ýeri bolan Köýtendag sebitinde çig mal gorlary näçe diýseň bar.

Ýeri gelende bellesek, zawodyň birinji tapgyrynda-da işler ýyl-ýyldan kämilleşdirilip, geçen ýylda onuň önümçilik mümkinçiligi 1,1 million tonna ýetirildi. Ozal bu ýerde «PS-400» we «PS-500» görnüşli sement öndürilýän bolsa, täze tapgyryň işe girizilmegi bilen, Türkmenistan halkara giňişlikde has uly islege eýe bolan «PS-600» görnüşli sementi hem öndürýän döwletleriň hataryna goşular. Zawodda Germaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň we Türkiýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylyp, olar önümçiligiň ýokary derejede alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär. Gurluşyk senagaty üçin gymmatly önüm bolan sement öndürýän täze zawodyň gurluşygynda ekologik howpsuzlyk kadalary hem göz öňünde tutulandyr. Hasaplamalara görä, bu ýerde önümçilik wagtynda howa we suwa zyýanly maddalaryň bölünip çykýan mukdary rugsat edilýäninden hem ep-esli azdyr.

Çig mallaryň gazylyp alynýan känlerine golaýdygy, ýük daşamak boýunça çykdajylary tygşytlamaga uly mümkinçiligi bilen tapawutlanýan Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynda 250-ä golaý işgäriň talabalaýyk zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertler bar.

«Türkmenistan»

Köýtendag etraby.