Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyz geljege tarap ynamly öňe barýar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan ähli işleriň gözbaşynda döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz zähmeti, öz halkyna, onuň şöhratly taryhyna bolan beýik söýgüsi, halkymyzyň şu güni hem-de geljegi ugrundaky düýpli aladalary durýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda uly özgertmeler durmuşa geçirilip, üstünlikli netijeler gazanylýar. Şonuň ýaly elektroenergetika pudagy hem bu ösüşlere mynasyp paýyny goşýar. Milli Liderimiziň bu ulgamy ösdürmekde alyp barýan syýasaty we öňe sürýän başlangyçlary, ilkinji nobatda, energetika ulgamynyň kuwwatyny düýpli artdyrmaga, milli ykdysadyýetimiziň ösüşiniň durnukly depginini gazanmak bilen bir hatarda, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Elektrik energetikasy ykdysadyýetimiziň ösmeginiň we ýaşaýyş üpjünçiliginiň esasy bolup durýar. Elektrik energetikasy – elektrik energiýasyny öndürmek we ibermek bilen bagly pudak bolup, milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biri hasaplanýar. Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamy ýurduň içine we daşyna iberilmegi üçin niýetlenen harytlyk önümi bolan elektrik (ýylylyk) energiýasynyň öndürilmegini, geçirilmegini, ýerlenilmegini we sarp edilmegini üpjün edýär. Onuň önümçilik-tehnologik toplumyny özünde jemleýän kärhanalary bar. Aýratynlykda her bir elektroenergetika kärhanasy tamamlanylmadyk önümçilik dolanyşygy bolup, olar beýleki bir kärhana bilen baglydyr. Energetikanyň ähli kärhanalary senagat derejeli kärhanalara degişli bolup durýar.
Energiýa çeşmeleriniň ekologiýa taýdan arassa görnüşleriniň öndürilmegine döwlet derejesinde üns berilmegi diýseň ähmiýetlidir. Mälim bolşy ýaly, «Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurtda elektrik stansiýalary döwrebaplaşdyrmaga we gurmaga gönükdirilen giň gerimli taslamalar amala aşyryldy, elektrik geçiriji ulgamlar, onlarça paýlaýjy desgalar işe girizildi, ýurdumyzyň şäherleridir etraplarynda energoüpjünçilik ulgamy täzelendi. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bu pudagy ösdürmek boýunça birnäçe işler amala aşyrylýar. Konsepsiýada göz öňünde tutulyşy ýaly, Lebap welaýatynda ýene-de bir iri maýa goýum taslamasy – Çärjew etrabynda gaz turbinaly elektrik stansiýasy gurlup, ulanylmaga berildi. Ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen üpjün edilen, kuwwaty 432 megawatt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasy «Sumitomo Corporation» kompaniýasy tarapyndan gurlup, işe girizildi. Täze gurlan elektrik stansiýasynda her biriniň kuwwatlylygy 144 megawatt bolan gaz turbinaly üç enjam oturdylandyr. Bu enjamlar Ýaponiýanyň «Mitsubishi Power Ltd» kompaniýasynyň önümi bolup, olar ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynda ilkinji gezek ulanylýar.
Desganyň çäklerinde esasy enjamlardan üç gaz turbina generatory bilen üpjün edilendir. Stansiýanyň kadaly işlemegine ýardam berýän açyk paýlaýjy gurluş we beýleki kömekçi binalar hem gurlup, hünärmenleriň öndürijilikli işlemegi üçin ähli amatly şertler döredildi. Döwrebap sanly ulgamlar hem ornaşdyryldy. Bu gaz turbinaly elektrik stansiýasynyň ulanylyşa girizilmegi ýurdumyzyň energoulgamynyň bellenen kuwwatlylygyny artdyrmaga, Lebap welaýatynyň sarp edijileriniň elektrik üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga, goňşy ýurtlara — Eýran we Owganystan Yslam Respublikalaryna, Özbegistan we Gazagystan Respublikalaryna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmaga, täze iş orunlarynyň döredilmegine we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan energetika syýasatynyň dünýä ýüzünde dabaralanmagyna ýardam edýär.
2016-njy ýylda Arkadag Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Energiýany tygşytlamagyň 2018 — 2024-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» esasy wezipesi ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek üçin energetika pudagynyň mümkinçilikleriniň we tebigy energetiki serişdeleriniň ýokary derejede netijeli peýdalanylmagyny hem-de daşky gurşawyň howpsuzlygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Hut şonuň üçin hem ýurdumyzyň energetika kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanmak, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we bu ugurda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek ugrunda döwlet derejesinde zerur şertler döredilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň içerki sarp edijileriniň elektrik energiýasy bilen bökdençsiz hem-de ygtybarly üpjün edilmegini, pudagyň eksport mümkinçiliginiň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Hormatly Prezidentimiz energetika pudagyna maýa goýumlarynyň möçberini yzygiderli artdyrmagyň zerurdygyny hem belläp geçýär. Çünki bu pudagyň kuwwatynyň ýokarlandyrylmagy elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberiniň has-da artmagyna ýardam edýär.
Ýurdumyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilige, ynsanperwerlige esaslanýan daşary syýasaty milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, maýa goýumlaryny çekmäge amatly şertler döredýär. Ykdysady we ekologik bähbitleri nazarda tutup, maýa goýumlarynyň has netijeli ugurlaryny ýurdumyzyň ykdysadyýetine ornaşdyrmak möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. Türkmenistanyň elektroenergetika pudagyny ykdysady taýdan ösdürmegiň mümkinçiliklerini derňemekde pudaga goýulýan düýpli maýa goýumlaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin innowasion tehnologiýalaryň täsirini seljermek, önümçilikde önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmegiň mümkinçiliklerini hem-de elektroenergiýany has tygşytly ulanmagyň ugurlaryny derňemek wajyp meseleleriň biridir. Bu mesele boýunça daşary ýurt ylmy-barlag merkezlerinde hem işler alnyp barylýar. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Ýewropa Bileleşiginde, Russiýa Federasiýasynda, Gazagystanda energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny we hilini ýokarlandyrmak arkaly elek-troenergiýanyň ösüşi gazanyldy.
Milli Liderimiz Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan energetika hyzmatdaşlygy baradaky meseleleri üns merkezinde saklap, elektrik energiýasyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň ileri tutulýan strategik ugur bolup durýandygyny yzygiderli belleýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň senagatyny ösdürmek boýunça elektrik energetika pudagynda kabul edilen maksatnamanyň orny örän uludyr. Sebäbi Türkmenistan döwletimiziň energetika pudagy jemgyýetiň ösüşini kesgitleýän kuwwatly güýçdür. Şol maksat bilen hem elektrik energiýasynyň iberilýän ugurlaryny artdyrmak döwletimizde alnyp barylýan energetika syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Ýurdumyzda elektrik energetikasy pudagyny geljekde-de ösdürmäge, döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýär. Bu ugurda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmeginde, ilkinji nobatda, ýerli hünärmenlerimiziň, şonuň bilen birlikde, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň tejribesine daýanylýar.
Ýurdumyzyň energetika ulgamyny ösdürmek, onuň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak maksatly inžener hünärmenleri taýýarlamak Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň esasy wezipesi bolup durýar. Ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamakda bilim ulgamy sanly esasda ösdürilýär we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary netijeli ornaşdyrylýar. Institutda okadylýan ähli dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar yzygiderli işlenilip taýýarlanylýar. Bu serişdeler okuw sapaklarynda professor-mugallymlar we talyp ýaşlar tarapyndan giňden peýdalanylýar. Institutda ýokary derejeli, hünärine ussat kämil ýaşlaryň kemala gelmeginde sanly bilim ulgamyny we maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny netijeli peýdalanmak maksatlaýyn netijelere alyp barýar. Bu möhüm wezipäni berjaý etmek bilen, ýokary okuw mekdebimiziň professor-mugallymlary häzirki zaman elektroenergetika desgalarynda işlejek ýokary bilimli energetik hünärmenleridir inžener-tehniki işgärleri taýýarlamakda hem ykdysadyýetimizi ösdürmekde, energetika pudagynyň ähmiýetini barha artdyrmakda yhlasly zähmet çekýärler.
Elektrik energiýasyny eksport etmek, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen üpjün etmek ýaly möhüm ähmiýetli işler pudagyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrýar. Bu bolsa öz gezeginde ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, ilatyň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.
Serdar ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw bölüminiň hünärmeni.