Kuwwatly ykdysadyýetiň berk binýady

Türkmenistanyň ykdysady syýasaty ýurdumyzy innowasion esasda ösdürmäge, güýçli senagat kuwwatyny döretmäge, onuň pudaklaýyn düzümlerini giňeltmäge gönükdirilendir. Häzirki zaman bazar düzümi bar bolan we durnukly ösüş depginini gazanmagy nazarlaýan ykdysadyýeti ýokary hilli, tapgyrlaýyn kemala getirmek bu syýasatyň esasy maksady bolup durýar. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» döwletimizi ählitaraplaýyn ösdürmegiň esasy ugurlary kesgitlenip, ykdysady depgini hil taýdan täze derejä çykarmak we onuň ähli pudagynyň bäsleşige ukyplylygyny artdyrmak, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça anyk wezipeler öňde goýuldy. 

                                                                   

Geljek ýedi ýylda döwletimizi ösdürmekde, obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmekde strategik ähmiýete eýe bolan Prezident Maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň sebitlerinde senagat toplumynyň ähli ulgamyna iri maýa goýumlary çekmegiň hasabyna gazhimiýa, energetika, dokma, senagat we gurluşyk serişdeleri pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak, sebitleriň ykdysadyýetine innowasion, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, gaýtadan işleýän senagaty mundan beýläk-de işjeňleşdirmek göz öňünde tutulýar. Ulag-logistika ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak, üstaşyr, şol sanda multimodal ýük gatnawlarynyň möçberlerini artdyrmak, welaýatlaryň çäklerinde oba hojalyk maksatly ýer gaznalaryny dolandyrmagy kämilleşdirmek, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen, oba hojalygyny we onuň bilen baglanyşykly pudaklary, maldarçylygy ösdürmek, öri meýdanlaryny giňeltmek, azyk harytlaryň önümçiligini ýokarlandyrmak ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda durýar.  

                                                                   

Maksatnama laýyklykda, ilatyň girdejilerini yzygiderli ýokarlandyrmak, durmuş pudaklarynda täze iş orunlaryny döretmek, obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatyna edilýän hyzmatlaryň görnüşini hem-de hilini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň sebitlerinde saglygy goraýyş edaralarynyň, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň, umumybilim edaralarynyň maddy üpjünçiligini berkitmek, suw, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjünçilik ulgamlaryny düýpli abatlamak, täzelerini gurmak ýaly wezipeler ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezilýär. Şoňa görä-de, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň sentýabrynda geçirilen Döwlet Maslahatynda eden taryhy çykyşynda: «Geljek ýedi ýylda 278,9 milliard manatdan gowrak maýa goýumlary özleşdirip, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny has-da pugtalandyrarys. Bu döwürde zähmet haklarynyň möçberlerini 1,8 esse artdyrarys. Ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda 30 müňe golaý goşmaça iş orunlaryny dörederis. Adam başyna düşýän ýaşaýyş jaýlarynyň umumy meýdanyny 102,2 göterim artdyrarys. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň 40-syny, orta mekdepleriň 54-sini, täze 4 sany ýokary hünär bilim edarasyny, 10 sany döwrebap hassahanany, 7 sany medeniýet öýüni, şol sanda 500-den gowrak täze önümçilik we durmuş maksatly binalardyr desgalary gurarys» diýip belledi. Bularyň ählisi bolsa, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna, ýurdumyzyň kuwwatynyň has-da artdyrylmagyna gönükdirilendir. 

                                                                   

Ýeri gelende, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwary ýagdaýyna görä, ýurdumyzda 74 sany hassahananyň, 148 saglyk öýüniň, 264 sany mekdebe çenli ýaşly çagalar edarasynyň, 258 sany umumybilim berýän orta mekdebiň, 76 medeniýet öýüniň, 115 sport mekdebiniň, 73 sany sport desgasynyň, Türkmenistan boýunça jemi dürli maksatly desgalaryň 1008-siniň gurlandygyny bellemek gerek. Bu ugurdaky işler sebitleriň öndüriji güýçleriniň ösüşine ýokary derejede täsirini ýetirip, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädimler boldy. 

                                                                   

Häzirki wagtda ýurdumyzda iň täze tehnologiýalary peýdalanmagyň, ykdysadyýetiň ähli pudagyny sanlylaşdyrmagyň we innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň esasynda täze ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigini şu ýylyň geçen alty aýynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda gazanylan netijeleriň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar. Şu ýylyň 14-nji iýulynda geçirilen Hökümetiň giňişleýin mejlisinde berlen hasabatlardan mälim bolşy ýaly, ýanwar — iýun aýlarynda jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini üpjün edilip, bu görkeziji 6,2 göterim ýokarlandy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,2 göterim artdy. Şu ýylyň birinji ýarymy boýunça bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,3 göterim, daşary söwda dolanyşygy bolsa 8 göterim köpeldi. Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,9 göterim ýokarlandy. Aýlyk zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly maliýeleşdirildi. 

                                                                   

2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň birinji ýarymynyň jemleri boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi 24,6 göterim artdy we jemi içerki önümiň 16 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň 49,4 göterimi önümçilik, 50,6 göterimi durmuş we medeni maksatly binalaryň gurluşygyna gönükdirildi. 2023-nji ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde inženerçilik ulgamlarynyň we desgalarynyň 82,3 kilometriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň 244,4 müň inedördül metriniň, aragatnaşyk ulgamynyň 360,3 kilometriniň gurluşygy tamamlandy. Häzirki wagtda-da dürli medeni-durmuş, önümçilik we düzümleýin maksatly desgalaryň gurluşygynda işler güýçli depginde dowam edýär. 

                                                                   

Oýlanyşykly ykdysady strategiýa laýyklykda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň ählisi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň geljekki ösüşlere we halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga tarap ýolda ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär. Döwlet maksatnamalarynda bellenen ähli çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagy ýakyn geljekde ýurdumyzda ýeterlik derejede ösen bazar amatlyklaryny kemala getirmäge, ählumumy ykdysady giňişlige doly goşulyşmaga, daşary söwda dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer. 

                                                                                                           

Kakadurdy GAÝYPGULYÝEW,

                       

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň geňeşçisi.