Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmek, halkymyzyň eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan netijeli işler Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem uly üstünliklere beslenýär. Biz muny ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny batly depginlerde ösdürmekde geçen 9 aýyň dowamynda alnyp barlan maksatnamalaryň guwandyryjy netijelerinde hem aýdyň görýäris.
Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 5-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda bellenilişi ýaly, dokuz aýyň dowamynda maksatnamalaýyn çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi netijesinde, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi üpjün edildi. Bu görkeziji 6,3 göterime barabar boldy. 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 6,3 göterim artdy. Dokuz aýyň dowamynda bölek-satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 9,6 göterim köpeldi. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 111,7 göterim, çykdajy bölegi 97,8 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde üstünlikli alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Görkezijilerden hem mälim bolşy ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşi üpjün edilip, ýokary netijeler gazanylýar. Şeýle belent maksatlaryň gözbaşynda «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň raýatlarymyzyň bagtyýar geljegi ugrunda edýän taýsyz tagallalarynyň, durmuşa geçirýän netijeli işleriniň durandygy bolsa ähli halkymyzy guwandyrýar, buýsandyrýar.
Maral RÖWŞENOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.