Kuwwatly ykdysadyýet — ösüşleriň çeşmesi

Geçen ýyllarda durmuşa geçirilen giň gerimli ykdysady özgertmeler döwletiň kuwwatyny has artdyryp, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini görnetin ýokarlandyrdy. Türkmenistan maksatly tapgyrlar boýunça ösüşleriň ýoluna düşdi. Durnukly ykdysady ösüş, dünýä ýurtlary bilen bu ugurda hyzmatdaşlyk, goşulyşmak arkaly ägirt uly taslamalary amala aşyrmak, ilatyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, täze obalary, şäherleri gurmak we beýleki maksatlar boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Ýurduň ykdysady we durmuş derejesini ylmy taýdan öwrenmegiň çäklerinde milli ykdysadyýetiň geçen we häzirki döwürdäki derejesine ýokary baha berilýär. Bu bolsa geljekki ösüşlerimiziň binýadynyň mäkämdigine güwä geçýär. Sebäbi ykdysadyýet halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has öňe gitmegine itergi beriji güýç hasaplanýar. Kuwwatly ykdysadyýet islendik ýurtda durmuşyň we döwrüň esasy mazmunyny, bütin keşbini kesgitleýär.   

                                                                   

Lebap welaýatynda şäherleriň we obalaryň ilatyny ýylyň dowamynda ter gök önümler bilen üpjün edýän ýyladyşhanalar toplumy döredildi. Çärjew, Kerki, Dänew etraplaryndaky döwrebap ýyladyşhanalaryň uly toplumy öz önümini gyşyn-ýazyn ilata hödürleýär. Olarda pomidor, hyýar, burç, badam, kömelek, gök otlar we beýlekiler ýetişdirilýär. Gaplanan gök önümleriň, şireli suwlaryň, içgileriň, unaş, çörek we süýji-köke önümleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Çärjew etrabyndaky «Altyn bürgüt» hususy kärhanasy gök önümleriň uly möçberini eksport hem edýär. Etrabyň çäginde döredilen «Tebigy ekin» daýhan hojalygynda ýeralma ýetişdirmekde baý iş tejribesi toplandy. Bu ýerde her ýylda 400 gektardan gowrak meýdanda ýeralmanyň bol hasyly ýygnalýar.  

                                                                   

Oba hojalyk ekinleriniň hasyl berijiligini ýokarlandyrmak maksady bilen, ýerleriň hususyýetçilere paýlanyp berilmegi-de ykdysady ösüşlere giň ýol açdy. «Ömür ýoly», «Nurly hasyl», «Dag topragy» ýaly daýhan hojalyklary soňky 4-5 ýylyň dowamynda bugdaýdan, gowaçadan ýokary hasyl alýarlar. Şeýle gowy görkezijileri gazanýanlaryň arasynda Dänew etrabyndaky «Gözel zemin» hojalygy-da bar. Amyderýanyň edil alkymynda diýen ýaly ýerleşýän «Gözel zemin» 2021-nji ýyldan bäri oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça meýilnamalaryny yzygiderli ýerine ýetirip gelýär. Daýhan hojalygynda kuwwatly tehnikalaryň 5-si bar. Bu işiň çalt we sazlaşykly alnyp barylmagyna ýardam edýär. Goşmaça tehnikalar zerur mahalynda şertnamalaýyn esasda-da işe çekilýär. Bu ýerde 550 gektar meýdanda gowaçadan, 455 gektar meýdanda bugdaýdan her ýylda bol hasyl ýygnalýar. Daýhan hojalygynda ýüpek gurçugy-da idedilýär. Netijede, her ýylda senagat üçin gymmatly çig malyň 1,7-1,8 tonna golaýy welaýatyň «kümüş çäjine» goşulýar. 

                                                                   

Welaýatda döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän senagat düzümi hereket edýär. Il-ýurt bähbitli maksatnamalary durmuşa geçirmäge ägirt uly maýa serişdeleri bölünip berilýär. Kärhanalaryň hususylaşdyrylmagy bilen, olaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, senagat önümçiliginiň netijeliligini artdyrmaga, hususy telekeçiligi depginli ösdürmäge giň mümkinçilik döredi. Senagat taýdan täze önümçilikleriň sany barha artýar. Welaýatyň çäginde täze zawod-fabrikler gurulýar. Sebitdäki çig mal gorlaryny peýdalanmaga gönükdirilen işler giň gerim alýar. Kuwwatlylygy ýylda 1 million tonna önüm öndürmäge ukyply «Lebap» sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe giriziljek günleri hem indi daşda däl. Işler tamamlaýjy tapgyrda. Keramiki-bezeg plitalaryny öndürmäge niýetlenilen hususy eýeçilikdäki kiçi zawodlaryň we beýleki ownukly-irili kärhanalaryň birnäçesi öz önümleri bilen ilaty begendirýär.  

                                                                   

Amala aşyrylýan işler döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň has gowy ýaşamagyny üpjün edýär. Welaýatyň oba-şäherleriniň, şol sanda Türkmenabat şäheriniň tanalmaz derejede özgerýändigi, gözelleşýändigi aýdylanlary doly tassyklaýar. Şäherde owadan binalaryň hatary ýylsaýyn artýar. Döwrebap binagärlik usullarynda gurlan desgalardyr jaýlar biri-biriniň üstüni ýetirýär. Olar şäheriň gözelligine gözellik, ýaşaýjylaryň ruhuna ruh goşýar. Türkmenabat halkara howa menziline tarap uzap gidýän owadan we giň ýoluň iki ýanyndaky kottejleriň 170-si, iri panelli ýaşaýyş jaýlarynyň ýüzlerçesi, söwda merkezleridir çagalar bagy bary-ýogy sanlyja ýylyň içinde gurlup ulanmaga berildi. Munuň özi her bir maşgalany amatly, iň ýokary ülňülere laýyk gelýän öý bilen üpjün etmäge niýetlenen ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki durmuş maksatly binalary gurmak işleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň dekabrynda geçirilen ilat ýazuwynyň jemlerine görä, welaýat boýunça ortaça bir ýaşaýja düşýän ýaşaýyş jaýynyň umumy meýdany 25,2 inedördül metre deňdir. Bu bolsa döwlet Baştutanymyzyň «Her bir maşgalany häzirki zaman öýi ýa-da jaýy bilen üpjün etmek meniň esasy aladalarymyň biri bolar» diýip aýdanlarynyň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini aýdyň görkezýär.  

                                                                                                           

Baýram TAGANOW,

                       

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.