Kuwwatly tehnikalar gelip gowuşdy

Golaýda «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň merkezindäki «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestine Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan ýöriteleşdirilen kuwwatly göteriji tehnikalaryň nobatdaky tapgyry gelip gowuşdy. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da artmagyna goşant goşmagy maksat edinip, nebitgaz pudagynda yhlasly zähmet çekýän hünärmenler kämil «XJ — 450» hem-de «XJ — 650» kysymly göteriji tehnikalaryň 9-syny ýokary ruhubelentlikde kabul etdiler. 

                                                                   

Önümçilikde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan bu döwrebap enjamlar milli däplerimize eýerilip, garşy alyndy. «Türkmennebit» döwlet konserniniň ozal baglaşan şertnamasyna laýyklykda, Hytaýdan gelip gowşan bu köpugurly we kuwwatly göterijiler önüm bermesini kemelden ýa-da bütinleý bes eden guýularda düýpli abatlaýyş işlerini ýokary hilli amala aşyrmaga giň mümkinçilik berýär. Olaryň kömegi arkaly wagtlaýyn hereketsiz duran we guýynyň içinde gaýry zatlaryň galmagy netijesinde emele gelen çylşyrymly bökdençlikleri aradan aýyrmak işi ygtybarly ýerine ýetirilýär. Şeýle-de kuwwatly göterijileriň ýardamy bilen, bökdençsiz we hereket edýän nebitgaz guýularynda çylşyrymly abatlaýyş işlerini ýokary hilli amala aşyrmak, düýpli abatlanylmaga degişli guýulary bolsa öz wagtynda dikeldip, ulanyşa tabşyrmak ýaly wezipeler ýerine ýetiriler.  

                                                                   

Bu täze göteriji enjamlar konserniň uglewodorod çig mallaryna baý ýataklaryna dabaraly ýagdaýda ugradyldy. Dessine işe girizilen tehnikalarda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabatdaky bölüminiň talyplarynyň tomusky önümçilik tejribelerini geçmekleriniň ýola goýulmagy hem aýratyn bellärliklidir. Şeýlelikde, bagtyýar talyp ýaşlar täze kuwwatly tehnikalar hem-de bu ugurda alnyp barylýan işler bilen dolulygyna tanyşmaga mümkinçilik aldylar.