Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW: — Biz doganlyk halklaryň abadançylygyň ýoly bilen öňe gitmegi üçin tagallalarymyzy birleşdirip, has-da kuwwatly bolduk

Milli Liderimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy

12.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär, ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýýar. Ýurdumyz ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, köptaraplaýyn oňyn hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça tagallalaryň birleşdirilmegine uly goşant goşýar.

Türki dilli döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlyk hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu döwletleriň halklary bilen türkmen halkyny müňýyllyklara uzaýan taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy baglanyşdyrýar. Bu gün gadymy däp-dessurlar täze many-mazmuna eýe bolup, halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin giň mümkinçilikleri açýar. Şonuň esasynda hoşniýetli erk-isleg, rowaçlyga hem-de gülläp ösüşe tarap ägirt uly kuwwat we umumy gyzyklanmalar durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki geňeşiň döwlet Baştutanlarynyň bu gezekki sammitine gatnaşmaga çagyrylmagy hem-de bu guramanyň ýokary derejede geçirilýän maslahatlaryna birnäçe gezek gatnaşmagy sebit we halkara düzümler bilen hyzmatdaşlyk meselelerinde Türkmenistanyň başlangyçlar bilen çykyş etmek ýörelgesiniň subutnamasydyr. Biziň ýurdumyz türki dilli döwletleriň Ýewraziýa yklymynda eýeleýän çäk taýdan uly giňişliginde netijeli söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin bar bolan mümkinçilikleri doly peýdalanmagy maksat edinýär.

2009-njy ýylyň oktýabrynda döredilen we gatnaşyjy ýurtlaryň özara ýakynlaşmagynda möhüm orny eýeleýän Türki geňeş bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine Türkmenistan daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýar.

Munuň şeýledigini Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çagyrmagy boýunça döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hormatly myhman hökmünde bu guramanyň şu ýylyň 31-nji martynda sanly ulgam arkaly geçirilen resmi däl sammitine gatnaşmagy hem tassyklaýar. Milli Liderimiziň şonda eden çykyşynda dünýäniň gün tertibiniň käbir meselelerine ýokary derejeli duşuşyga gatnaşyjylaryň ünsüni çekendigi bellärliklidir.

Döwlet Baştutanymyz ählumumy energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmegini, döwrebap ulag-aragatnaşyk ulgamynyň kämilleşdirilmegini hem-de halkara we sebit derejesindäki üstaşyr ulag geçelgeleriniň kemala getirilmegini, ekologiýany we daşky gurşawyň goralmagyny häzirki döwrüň wajyp wezipeleriniň hatarynda kesgitläp, birnäçe oňyn başlangyçlary öňe sürdi. Şunda bu strategik ugurlarda alnyp barylýan bilelikdäki işleriň maksadynyň türki dilli ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen resminamalarda öz beýanyny tapjakdygyna pugta ynam bildirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejedäki şol duşuşygyň barşynda sammite gatnaşyjy ýurtlaryň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynda medeniýetiň, ylmyň hem-de bilimiň eýeleýän örän uly ornuny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz TÜRKSOÝ-nyň çäklerinde amala aşyrylýan maksatnamalaryň we taslamalaryň gerimini giňeltmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýdyp, foruma gatnaşyjy döwletleriň şahyrlarynyň hem-de ýazyjylarynyň, medeniýet we sungat işgärleriniň eserlerini ýaýratmak, dünýäde wagyz etmek üçin degişli işleri geçirmegi teklip etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýeňil bolmadyk synaga öwrülen we bütin dünýä üçin çynlakaý howp bolan täze görnüşli koronawirus ýokanjy bilen bagly meselelere daşary ýurtly kärdeşleriniň ünsüni çekip, COVID-19-y ýeňip geçmek üçin tutuş halkara jemgyýetçiligiň örän uly işleriniň zerurdygyny belläp, pandemiýa garşy göreşmekde sammite gatnaşyjy ýurtlaryň saglygy goraýyş edaralarynyň hem-de ylmy-barlag institutlarynyň dünýä jemgyýetçiligi bilen tagallalaryny birleşdirmeginiň wajypdygyny nygtady.

Resmi däl sammite gatnaşyjylaryň Merkezi Aziýada çäk taýdan amatly ýerleşen, özüni ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde tanadan Türkmenistan bilen köpugurly gatnaşyklary giňeltmäge türki dilli döwletleriň gyzyklanma bildirýändiklerini tassyklandygyny bellemek gerek. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän oňyn daşary syýasat strategiýasynyň netijesidir hem-de bütin adamzadyň bähbidine döredijilikli başlangyçlary öňe sürýän döwletimiziň dünýä derejesindäki belent abraýynyň subutnamasydyr.

...Hormatly Prezidentimiziň uçary Stambulyň “Atatürk” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Döwlet baýdaklary belende galdyryldy. Ýokary derejeli myhmanyň gelmegi mynasybetli uçaryň ýanyndan düşelen haly ýodajygyň iki tarapynda-da Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Howa menzilinde türkmen Liderini türk tarapynyň resmi adamlary garşyladylar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni howa menzilinden “Çiragan” köşgünde ýerleşdirilen kabulhanasyna ugrady.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türki geňeşiň Baş edarasyna geldi. Esasy girelgäniň öňünde milli Liderimizi geňeşiň Baş sekretary mähirli garşylady.

Soňra bu ýerde guramanyň Baş edara binasynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çäräniň çäklerinde Türki geňeşe gatnaşyjy döwletleriň Liderleri türki dilli ýurtlaryň Döwlet baýdaklaryny galdyrmak dabarasyna gatnaşdylar.

Ýokary derejeli myhmanlar ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesip, binanyň içine girýärler we türki dilli ýurtlaryň taryhy barada gürrüň berýän fotosergi bilen tanyşýarlar.

Soňra hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni «Barbaros Haýrettin Paşa» gämi duralgasyna tarap ugrady. Şol ýerden türki dilli ýurtlaryň wekiliýetleriniň Baştutanlary bilen bilelikde, gämide Mermer deňzindäki şazadalaryň adalarynyň birine, Stambuldan günorta-gündogara uzaýan «Demokratiýa we azatlyk adasyna» ýol aldylar.

Milli Liderimiz ada gelmek bilen, ýörite ulagda (golfkar) sammitiň geçiriljek ýerine — «Katre Island» myhmanhanasyna ugrady. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Prezident Rejep Taýyp Ärdogan doganlarça mähirli garşylady.

Ikitaraplaýyn duşuşyklar otagynda Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Liderleriniň arasynda ýokary derejede duşuşyk geçirildi.

Sammit başlamazdan ozal, myhmanhananyň eýwanynda döwlet Baştutanlarynyň hem-de wekiliýetleriň agzalarynyň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy boldy.

Häzirki duşuşyk Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň, şeýle hem Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň we Türki geňeşiň Baş sekretary Bagdad Amreýewiň gatnaşmagynda geçirildi. Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti — Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýew sammite sanly ulgam arkaly goşuldy.

Bilelikde resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soň, “Katre Island” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sammiti geçirildi. Ýokary derejeli duşuşykda oňa gatnaşyjy ýurtlaryň Liderleri “Sanlylaşdyrma döwründe «ýaşyl» tehnologiýalar we «akylly» şäherler” diýen mesele babatda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de guramanyň geljegine degişli, şol sanda onuň adyny üýtgetmek baradaky birnäçe wajyp meseleler boýunça çözgütleri kabul etdiler. Üçünji ýurtlar we edaralar bilen hyzmatdaşlyk etmegiň şertlerini kesgitlemek, Türki maýa goýum gaznasyny döretmek we 2040-njy ýyla çenli türki dünýäniň maksatnamasyny tassyklamak esasy meseleleriň hatarynda boldy. Şonda guramanyň orta we uzak möhletli maksatlary hem-de wezipeleri beýan edildi.

Türkmenistanyň Türki geňeşe synçy derejede girmegi häzirki sammitiň ähmiýetli wakalarynyň biri boldy.

Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan duşuşygy açyp we bu ýere ýygnananlary mähirli mübärekläp, maslahata gatnaşyjylara söz berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sammitde çykyş edip, ilki bilen, bu möhüm hem-de wekilçilikli sammite gatnaşmaga çakylyk we bildirilen myhmansöýerlik, mähirli kabul edişlik, göwnaçyklyk, çäräniň ajaýyp guralandygy üçin Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana minnetdarlyk bildirdi.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, bu duşuşygyň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýetiniň bardygyny, sebäbi şu gün biziň ýurdumyzyň Türki geňeşe synçy hökmünde girmegi barada çözgüdiň kabul edilýändigini aýtdy. Bu bolsa ulaldyp aýtmanyňda, Türkmenistanyň türki dünýäniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygynda hil taýdan täze tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrýan örän möhüm taryhy wakadyr.

Mümkinçilikden peýdalanyp, men Türkmenistanyň bu gurama şeýle derejede gatnaşmagy baradaky öz garaýyşlarymy aýtmak hem-de biziň bilelikdäki işimiziň ileri tutulýan ugurlaryny beýan etmek isleýärin diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Ýurdumyz halkara bileleşige jogapkärli gatnaşyjy hökmünde dünýäniň köp ýurtlary bilen ikitaraplaýyn görnüşde hem, halkara guramalaryň çäklerinde hem işjeň we netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy daşary syýasatymyzyň esasy bolup durýar. Bu dereje Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky degişli Rezolýusiýasy hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky täzeden goldanan Rezolýusiýasy bilen biragyzdan ykrar edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek barada degişli resminamany kabul etdi. Bu bolsa ählumumy parahatçylygy saklamakda Bitaraplyk syýasatynyň möhümdigini ýene-de bir gezek tassyklady.

Milli Liderimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny yzygiderli goldaýandyklary üçin Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine agza döwletleriň wekiliýetleriniň Baştutanlaryna minnetdarlyk bildirdi.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň işine hemişe uly hormat goýmak we gyzyklanma bilen garandygyny bellemek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we geňeşiň işini gowulandyrmak maksady bilen, birnäçe teklipleri beýan etdi.

Ýer ýüzünde çylşyrymly ýagdaýlar, düýpli özgermeler bolup geçýän häzirki döwürde doganlyk halklaryň we döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmak, dünýä bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge agzybirlikde çemeleşmek aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Sebäbi munuň özi aýdyň we jogapkärli garaýyşlary işläp taýýarlamagy talap edýär diýip, milli Liderimiz nygtady.

Türki dilli ýurtlaryň öz at-abraýyna we möhüm syýasy-diplomatik ýagdaýyna daýanýan ylalaşylan, işjeň garaýşy halkara hem-de sebit işlerinde, ilkinji nobatda bolsa, Merkezi Aziýada, Hazar we Gara deňzi sebitlerinde, Günorta Kawkazda, Orta we Ýakyn Gündogarda durnukly ösüşi üpjün etmekde hem-de gorap saklamakda möhüm orny eýelemäge ukyplydyr.

Häzirki şertlerde-de biziň ýurtlarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, beýleki halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerinde gatnaşyklaryny giňeltmegiň zerurdygyna ynam bildirip, döwlet Baştutanymyz şeýle hyzmatdaşlygy doly anyklaşdyrmak, bilelikde diplomatik we beýleki tagallalar edýän ileri tutýan ugurlarymyzy kesgitlemek has netijeli bolar diýip hasap edýändigini belledi.

Sebit gapma-garşylyklarynyň güýçlenmegi sebäpli, olaryň aradan aýrylmagy we öňüniň alynmagy üçin biziň ylalaşylan garaýyşlarymyz aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolýar diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi hem-de dawalaryň güýçlenmeginiň öňüni almakda, olary gepleşikler arkaly çözmek üçin amatly şertleri döretmekde halkara tagallalary goldamak maksady bilen, diplomatik hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Bitaraplygyna, ýurdumyzyň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça toplan tejribesine möhüm şert hökmünde garaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we özara düşünişmegi berkitmek boýunça halkara gün tertibi amala aşyrylanda şu şertden peýdalanmagy teklip etdi.

Türki geňeşiň Birleşen Milletler Guramasynyň işine has işjeň we netijeli gatnaşmak syýasatyny işläp düzmäge girişmegini maksadalaýyk hasaplaýarys diýip, milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasy bilen biziň birleşigimiziň hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýörite halkara resminamada berkidilse, bu ugurda ädilen yzygiderli ädim boljakdygyny nygtady.

Şu teklip bilen doly ylalaşylan halatynda, ýakyn wagtda Baş Assambleýada deslapky diplomatik işe başlap, soňra degişli Rezolýusiýanyň umumy taslamasy bilen çykyş edip bolardy. Sebäbi türki dilli döwletleriň Birleşen Milletler Guramasy bilen yzygiderli hyzmatdaşlygyny ýola goýmak boýunça netijeli hem-de umumy garaýşy halkara bileleşikde düşünmek bilen kabul ediler we goldawa eýe bolar, umumy bähbitler üçin tagallalary birleşdirmegiň täsirli guralyna öwrüler diýip pikir edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türki dilli döwletleriň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga sammite gatnaşyjylaryň ünsüni çekip, bu iki guramanyň ykdysadyýet, söwda, maýa goýumlar, ekologiýa we ylym-bilim ýaly ugurlarda bilelikde işlemek üçin giň mümkinçilikleriniň bardygyna ynam bildirdi. Şeýle hem uly mümkinçiligi bolan ýurtlarymyzyň ony diňe öz ösüşi üçin däl-de, eýsem, tutuş dünýäniň, halkara işleriň durnukly we döredijilikli bolmagynyň bähbidine-de mynasyp hem-de netijeli ulanmaga ukyplydygy aýdyldy.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, bu ynamyň köpasyrlyk tejribä, biziň ganybir kowumdaşlygymyza, ruhy we ahlak gymmatlyklarymyzyň, daýançlarymyzyň mäkämdigine hem-de synmazdygyna esaslanýandygyny nygtady.

Türki dünýäsi uzak taryhyň dowamynda örän kuwwatly medeniýetiň hem-de siwilizasiýanyň dörän we ösen özboluşly mekany hasaplanýar. Bu bolsa dünýä taryhynyň, medeniýetiniň hem-de siwilizasiýasynyň barşyna we ösüşine ägirt uly täsirini ýetirdi.

Türki halklaryň görnükli wekilleri bolan Magtymguly Pyragynyň, Ýunus Emräniň, Muhammet Fizulynyň, Abaýyňdyr Ýusup Balasagunlynyň, Muhammet Ulugbegiň atlarydyr eden işleri häzirki döwürde bizi täze belentliklere ruhlandyrýar. Häzirki düýpli wehimler bilen ýüzbe-ýüz bolýan döwrümizde biz doganlyk halklarymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ynsanperwer garaýyşlary, hoşniýetli goňşuçylygy we agzybirligi wesýet edip giden beýik döwlet işgärleriniňdir akyldarlaryň taryhy mirasyna daýanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu mirasa eýermegiň biziň döwletlerimiz üçin hemmetaraplaýyn ösüşiň örän giň mümkinçiliklerini açýandygyny nygtady.

Türkmenistan ykdysady we söwda gatnaşyklaryny yzygiderli hem-de belli bir maksada gönükdirip pugtalandyrmagy hyzmatdaşlyk etmegiň örän möhüm ileri tutulýan ugry hökmünde garaýar.

Şunda milli Liderimiz bu ugurda mümkinçiliklerimiz örän uly diýsem, ulaldyp aýtdygym bolmaz. Sebäbi biziň döwletlerimiziň kuwwatyny birleşdirmek, serişde, geografik, önümçilik we tehnologik mümkinçiliklerimizi peýdalanmak diňe bir milli ykdysadyýetlerimizi ösdürmäge güýçli ýardam bermän, eýsem, Ýewraziýada tutuş geoykdysady düzüme hem düýbünden başga mazmun we häsiýet berer diýip pikir edýändigini belledi.

Gürrüň, ozaly bilen, energetika we ulag ulgamlary ýaly strategik ugurlar barada barýar.

Çünki türki dilli döwletler Aziýany hem-de Ýewropany berk we durnukly ulagdyr energetika ulgamlary arkaly birleşdirjek Ýewraziýa giňişliginde tebigy halkany emele getirýär. Şeýle ulgamlary döretmekde biziň ýurtlarymyz möhüm orny eýelemäge ukyplydyr. Bu Gündogar — Günbatar hem-de Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça iri Aziýa, Ýewropa we Ýakyn Gündogar bazarlaryna energiýa serişdelerini, harytlary ibermegiňdir hyzmatlary etmegiň gysga, ygtybarly, howpsuz ýoly bolup durýar.

Şu babatda Hazar sebitinden Türkiýä, ondan aňryk Ýewropa energiýa ulgamlaryny, Beýik Ýüpek ýoluny dikeldýän üstaşyr logistik geçelgeleri gurmagyň taslamalary göz öňünde tutulýar. Şonuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň şu ugruny güýçlendirmegiň, türki dilli döwletleriň oýlanyşykly bitewi strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegiň, şonuň esasynda ylalaşylan ulag we energetika diplomatiýasyny alyp barmagyň zerurdygyny belledi.

Milli Liderimiz bu ugurda ýöriteleşdirilen halkara düzümler, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy, Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş komissiýalary bilen bilelikdäki işleri güýçlendirmegi hem-de Yslam ösüş banky we Aziýanyň ösüş banky ýaly maliýe edaralaryny çekmek bilen, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmäge başlamagy teklip etdi.

Munuň üçin bize degişli hukuk we guramaçylyk şertlerini, halkara giňişlikde tagallalarymyza düşünmäge hem-de olary goldamaga gönükdirilen amatly syýasy, diplomatik, maglumat şertlerini döretmegiň üstünde oýlanyşykly işlemek gerek diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Türki dünýäniň ýurtlary häzir ählumumy ösüşiň belentliginde bolup, täze garaýyşlary, onuň amala aşyrylyşy hem-de geljegi baradaky düşünjeleri öňe sürmelidir. Ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda, tehnologiýalarda we innowasion çözgütlerde öňdebaryjy döwletleriň hatarynda bolmalydyr.

Bu ekologiýa meselesine hem doly derejede degişlidir. Türkmenistan häzirki düýpli ekologik howplara garşy halkara tagallalary birleşdirmäge berk ygrarlydygyny tassyklap, «ýaşyl» gün tertibi bilen bagly ençeme anyk we zerur ädimleri ätmegi teklip edýär diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Biz az uglerodly önümçilikleri ösdürmek çärelerini amala aşyrmaga gönükdirilen Ählumumy strategiýany işläp taýýarlamaga girişmegi zerur hasaplaýarys. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda energetika pudagynda ileri tutulýan wezipeleriň biri hökmünde wodorody ösdürmegiň halkara «Ýol kartasyny» döretmegiň möhümdigini nygtaýarys diýip, döwlet Baştutanymyz bu başlangyçlary amala aşyrmakda türki dünýäniň raýdaşlygynyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.

Biziň pikirimizçe, türki dilli döwletleriň birleşiginiň halkara hyzmatdaşlygynyň ugurlaryny we geografiýasyny giňeltmegini onuň guramaçylyk düzümini berkitmek hem-de kämilleşdirmek zerurlygy talap edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de biziň ýurtlarymyzyň ykdysady, ekologiýa, ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygyny berkitmek bilen meşgullanjak ýörite komitetleri döretmek barada hem pikirlenip boljakdygyny belledi.

Milli Liderimiz Türki geňeşiň Baş sekretarynyň möhüm ornuny ykrar edip, onuň geografik ýagdaý boýunça orunbasarlarynyň wezipelerini girizmek barada oýlanmagy teklip etdi. Olar bu ýokary derejesini peýdalanyp, Aziýa we Ýewropa yklymlaryndaky dürli döwletleriň gatnaşyklary bilen jikme-jik meşgullanarlar.

Ýokary derejedäki şu duşuşyk Türkmenistanyň doganlyk döwletler bilen özara gatnaşyklarynda täze sahypany açýar. Ýurdumyzyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşine synçy hökmünde girmegi hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegine buýsanýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de şu gün biz doganlyk halklaryň ilerlemegiň, gülläp ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen öňe gitmegi üçin tagallalarymyzy hem-de hyjuwymyzy birleşdirip, bilelikde has-da kuwwatly bolduk diýip aýtdy.

Biziň bu hyzmatdaşlygymyzyň esasynda hoşniýetli erk-islegimiz, maksatlarymyzyň umumylygyna düşünmek, şöhratly taryhy mirasymyza daýanmak, kuwwatly bitewi köklerimiz durýar. Şu köklerden bolsa Ýer ýüzüniň adamlarynyň millionlarçasyny saýalaýan türki dünýäniň beýik daragty ösüp ýetişdi.

Milli Liderimiz doly özara düşünişmek, ynanyşmak we açyklyk ýagdaýynda geçýän ýokary derejedäki duşuşygyň geçirilişine we netijelerine ýokary baha berip, oňa gatnaşýan döwlet Baştutanlaryna netijeli goldawy we meýilleri, olaryň her biriniň Türkmenistan bilen doganlyk gatnaşyklary ösdürmäge üýtgewsiz taýýardygy hem-de berýän uly şahsy ünsi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşyny tamamlap, guramanyň işini başarnykly utgaşdyrýandygy we şu duşuşygy üstünlikli geçirmäge goşan goşandy üçin Baş sekretar Bagdad Amreýewe hem minnetdarlyk bildirdi.

Ýokary derejeli duşuşykda häzirki sebit hem-de halkara derejedäki syýasy we ykdysady ýagdaýlar boýunça pikir alyşmalar boldy.

Gurama başlyklyk etmek Azerbaýjandan Türkiýä geçen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitiniň netijeleri boýunça Stambul jarnamasyna hem-de birnäçe kararnamalara gol çekildi.

Şeýle hem şu gün sammitiň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň duşuşygy boldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejeli myhmanlaryň hormatyna Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň adyndan berlen resmi agşamlyk naharyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz Türkiýe Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasyny tamamlap, Stambul şäheriniň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.

www.tdh.gov.tm



https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/46722?type=feed