Etrabymyzyň edermen ýüpekçileri «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýärler. Olar her ýylda ýüpek gurçuklaryna bellenilen kadalara laýyklykda ideg edip, piläniň bol hasylyny ýygnamagy başarýarlar. Şu ýyl tejribeli ýüpekçileriň 4000-den gowragy bu möhüm iş bilen meşgullanýar. Olaryň yhlasly zähmeti bilen gymmatly çig malyň 173 tonnasy ýygnalyp, kümüşsöw çäje goşant ediler.
— Nesip bolsa, ýüpekçilerimiz maý aýynyň ikinji ongünlüginde pile hasylyny ýygnamaga girişerler. Şu günlerde ýüpek gurçuklaryny göwnejaý idetmek ugrunda yhlasly zähmet çekilýär — diýip, etrabyň çäginde bar bolan pile kabul ediş we guradyş bölümleriniň 4-siniň biriniň 1-nji bölümiň müdiri Galimjan Borjakow aýdýar.
Şu bölüme Hudaýnazar Hajyýew adyndaky, «Amyderýa», «Parahat» daýhan birleşikleriniň ýüpekçileri pile hasyllaryny getirerler. Etrabyň daýhan birleşikleriniň 11-sinde hem ýüpek gurçuklaryny idetmek işi göwnejaý ýola goýuldy. Olaryň ählisinde hem hasyly kabul etmek üçin birkemsiz taýýarlyk görüldi: gapanlar we ammarlar taýýar. Işiň bökdelmejekdigini aýdyp bolar. Üstümizdäki ýylda ýüpek gurçuklarynyň iýmit gorunyň hem geçen ýyllardakydan hem has gowy üpjün edilendigini aýtmak gerek. Etrap boýunça 289 gektar meýdandaky tut daragtlary bol iýmit gory bolup hyzmat etdi. Olardan başga hem bar bolan tut daragtlarynyň 333 müňden gowragy ýüpek gurçuklarynyň iýmitini yzygiderli üpjün edýär.
Döwlete tabşyrylýan piläniň mukdarynyň we hiliniň ýylsaýyn gowulanmagyna «Amyderýa», Hudaýnazar Hajyýew adyndaky, «Lebap» daýhan birleşikleriniň ýüpekçileri uly goşant goşýarlar. Etrabyň zähmetsöýer adamlary pagtaçylyk, däneçilik bilen bir hatarda goşmaça girdeji getirýän pudagyň işine hem höwes bilen ýapyşýarlar. Bir aýdan sähelçe gowrak dowam edýän möwsümde olar netijeli zähmet çekmegiň nusga alarlyk göreldesini görkezýärler. Şol bir wagtyň özünde oba hojalyk ekinlerine-de göwnejaý ideg etmäge ýetişýärler. Ýüpek gurçuklaryna agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edip, piläniň bol hasylyny ýygnamagy başarýarlar. Bu asylly zähmet däbiniň bu ýyl hem üstünlikli dowam edýändigini ynam bilen aýtsa bolar.
Orunaý BABAKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Çärjew etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.