Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy barada söhbet
Tebigatda baharyň demi duýulýar. Ýaz ýüzüni açýar. Tebigatyň jana, kalplaryň heýjana gelýän şeýle günlerinde Diýar giňişliklerine ýolagçy bolmagyň täsirini diýsene! Ine-de, biziň ýüzümiz Köýtendaga tarap. Her gezegem bu mekana nesibe çekende, ylla diýersiň, täsin rowaýatlaryňdyr ertekileriň jümmüşine barýan ýaly, birgeňsi duýgyny başdan geçirýärsiň. Eýse näme?! Ýylyň çar paslynda-da owadan öwsüp oturan dag jülgeleri, jennet kimin dereleri, täsin gowaklary, kölleridir çeşmeleri, şaglawuklary, dünýäde örän seýrek duş gelýän arnap tokaýlygy Köýtendagy gaýtalanmajak keşbe eýe edýär. Bu ýerler, bir barsaň, ýene barasyň, bir görseň, ýene göresiň gelýän mekan. Göwün onda täsin dünýäni özüçe açmaga telwas edýär. Diňe gözelliklerimi?! Gujagynda gizlän baýlyklarynyň reňkini özüne siňdirip, reňbe-reň öwsüp oturan bu daglaryň hazynalar mesgenidigi-de hemmä aýan. Onuň asty-da, üsti-de baýlyk.
Geologik-gözleg işleri Magdanly-Garlyk sebitinde minerallaryň 30-dan gowragynyň baý gorlarynyň bardygyny tassyklady. Elektronika senagatynda ulanylýan gaýa we kaliý duzunyň, gipsiň, angidridleriň, selestiniň iň uly ýataklary bu ýerde jemlenendir. Daglyk sebitlerde germaniý, seriý, tantal, rubidium ýaly seýrek metallar bar. Hek daşy, palçyk, gips, kwars çägesi ýaly çig mallaryň gazylyp alynýandygy bolsa bu ýerde sement önümçiligini ilerletmäge şert döredýär.
Biziň bu gezekki saparymyzyň maksady-da Lebap sement zawodynyň täze, ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşmakdan ybarat. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ulanyşa berilmegi niýetlenen iri desgalaryň açylyş dabaralarynyň başyny başlan taryhy waka dahylly bolmak tüýs döwletlilikden paý!
Toý mähellesini özünde jemläp, Türkmenabatdan Köýtendaga ugran otly uzyn gijäni öňüne salyp, menzil geçdi. “Ozallar Aşgabatdan Köýtendaga baryp-gelmek hyllallady. Amyderýadan geçmek kyndy. Indi nähili?! Joşly Jeýhuny jylawlap, kuwwatly köprüleriň gurulmagy bilen, onuň üstünden, ynha, otlulardyr awtoulaglar iki ýana biminnet gatnap dur. Kerki Halkara howa menziliniň açylmagy hem alys menzilleri ýakyna getirdi. Paýtagtdan başlanyp, Garagumuň jümmüşi bile, depe-gollary aşyp, Türkmenabada ümzük atyp gelýän awtobanyň gurluşygynyň ýakyn geljekde doly tamamlanmagy-da bu asylly işlere saldamly goşant bolar. Sebitiň, asyl, tutuş ýurdumyzyň senagatlaşmagynda, tebigy baýlyklaryň özleşdirilmeginde hem Gahryman Arkadagymyzyň uçursyz yhlasy siňen bu döwletli tutumlaryň bahasyna ýetme ýok” diýip, ýatlamalary bilen “ýol kesip” barýan halypa kärdeşimiz pikirini paýlaşdy.
Wagtyň tiz geçäýşini! 2013-nji ýylyň başlarynda Garlyk şäherçesinde kuwwatly sement zawodynyň açylyşyna gatnaşanymyz ýaňy ýaly. Kärhananyň täze tapgyry bolsa onuň üstüni ýetirip, özboluşly senagat şäherçesini emele getirip, hon-ha, uzaklardan yşyk saçyp görünýär. Adamlaryň ýüzünde-de, sözünde-de toý şatlygy. Dogup gelýän Günüň tylla çyrazlary bolsa bu senäni taryha sap altyndan ýazmaga howlugýana çalymdaş.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Gurmak we döretmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň esasy şygarydyr. Innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň özgerýän keşbi ykdysady ösüşimiziň aýdyň mysalydyr” diýip nygtaýar. Sebitde ilkinji “akylly” şäher — Arkadag şäheri bolsa döwrümiziň gurmak sungatynyň “şirwan perdä” çykandygyny alamatlandyran iri taslama boldy. Türkmenistanyň tutuşlygyna gurluşyk meýdançasyna öwrülmegi bu işde esasy zerurlyk bolan sementiň önümçiligine isleg-talaby hem artdyrýar. Şol talapdan ugur alnyp, Köpetdagyň, Uly Balkan dagynyň, Köýtendagyň eteklerinde döwrebap sement zawodlary guruldy we dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň tehnologik enjamlary, awtomatik ulgamlary, ulag hem-de ýükleýji-düşüriji tehnikalary bilen olaryň “dokuzy düzüwlendi”. Bu ýerde işleýän adamlar üçin oňaýly zähmet we durmuş şertleri döredildi. Şeýlelikde, kuwwatly toplumlarda ýola goýlan sazlaşykly işleriň netijesinde, ýurdumyzda giň gerim alan iri möçberli gurluşyklary sement bilen üpjün etmek meselesi çözüldi.
Bu zawodlarda sementiň uly isleg bildirilýän görnüşi — köp gatly binalardyr beýleki desgalar gurlanda, olaryň seýsmiki taýdan durnukly bolmagy üçin ulanylýan ýokary mäkämlikdäki portlandsement öndürilýär. Mundan başga-da, nebitgaz pudagy üçin zerur bolan tamponaž sementiniň, gidrotehniki desgalar gurlanda ulanylýan sulfata durnukly sementiň önümçiligi ýola goýuldy. Munuň üçin zerur bolan çig mallar — çagyl, laý, gips, kwars çägesi zawodyň golaýynda ýerleşýän känlerden alynýar.
Statistiki maglumatlara salgylansak, 2023-nji ýylda ýurdumyzda 3 million tonna golaý sement öndürilip, şunda ösüş depgini, 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 8 göterime barabar bolupdyr. Köýtendagdaky, Bäherdendäki sement zawodlarynyň ikinji tapgyrlarynyň işe girizilmegi netijesinde, ýakyn geljekde ýurdumyzda bu ähmiýetli önümçiligiň kuwwaty ýylda 4,5-5 million tonna çenli ýetiriler.
***
Adamzat ýaşaýşyny gurluşyksyz, gurluşygy bolsa sementsiz göz öňüne getirmek mümkin däl. Müsürliler we mesopotamiýalylar hek daşynyň hem toýnuň garyndysyny ulanyp, sement ýaly ýönekeý material öndüren bolsalar, Rim imperiýasynda “pozzolan” diýilýän wulkan küli we hek garyndysy ulanylyp, suwa çydamly gurluşyk materialy öndürilipdir. Müsür piramidalaryndan başlap, Kolizeý, Panteon ýaly gadymy ýadygärlikleriň şu günlere gelip ýetmesi hut şol önüm bilen aýrylmaz baglydyr. Sementiň häzirki zaman tehnologiýasy bolsa 1824-nji ýylda ýola goýulýar.
Görnüşi ýaly, zerurlyk sementiň oýlanyp tapylmagyna, sement bolsa jemgyýetiň has döwrebaplaşmagyna, siwilizasiýalaşmagyna getiripdir. Adamzadyň şäher-kentleri, portlary, suw akabalaryny, jemgyýetçilik binalaryny, gorag desgalaryny we tebigy apatlara döz gelip bilýän beýleki örän ähmiýetli desgalary gurup, oturymly, düzgün-nyzamly ýaşaýşa eýe bolmagynda, senagatyňdyr söwdanyň ilerlemeginde bu önümçiligiň aýgytly orun eýeländigine taryh şaýat.
Geçmişden şu güne çenli bu önümiň gymmaty yzygiderli artmak bilen. Maglumatlar soňky 10 ýylda dünýäde sementiň ýyllyk önümçiliginiň ortaça 4,1 milliard tonna barabar bolandygyny görkezýär. Ýer ýüzünde sementiň ýyllyk söwda dolanyşygy bolsa 12,5 milliard amerikan dollaryndan gowrakdyr.
Döwür bilen aýakdaş ösýän ýurdumyzda gurluşyk önümçiligi pudagyny sazlaşykly ösdürmäge, gurluşyk önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge, pudakda iri maýa goýum serişdelerini özleşdirmäge, ýerli çig mal serişdelerinden peýdalanmak arkaly, içerki hem daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan önümleri öndürýän täze senagat kärhanalaryny gurmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu barada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasynda sözlän sözünde giňişleýin nygtady.
***
Ýokary öndürijilik, tygşytlylyk, girdejililik, ekologik taýdan howpsuzlyk — ynha, Köýtendagyň etegindäki iri önümçilik desgasy hakda söz açylanda, oňa hut şu aýratynlyklaryň mahsusdygyny turuwbaşdan bellemeli. 37,5 gektar meýdana ýaýylyp gidýän bu möhüm taslama Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Türkmen enjam” hojalyk jemgyýeti tarapyndan amala aşyryldy. 2020-nji ýyldan bäri bu ýerde hünärmenleriň 650-den gowragy zähmet çekip, köp sanly gurluşyk we gurnama, şeýle hem tehnologik-kömekçi enjamlary sazlama işlerini, elektrik, suw, gaz üpjünçiliginiň, lagym ulgamlarynyň, demir ýoluň gurluşygyny ýerine ýetirdiler. Lebap sement zawodynyň täze tapgyry dürli maksatly binalardyr desgalaryň 38-sinden ybarat. Onuň ulanmaga berilmegi netijesinde, kärhananyň ýyllyk önümçilik kuwwaty 2 million tonna ýeter.
“Zawodyň birinji tapgyrynda-da işler ýyl-ýyldan kämilleşdirilip, geçen ýylda onuň önümçilik kuwwaty 1,1 million tonna ýetirildi. Hil derejesi babatda daşary ýurtlaryňkydan pes bolmadyk bu önümiň 107 müň 482 tonnasy geçen ýyl Özbegistana hem ugradyldy. Goňşy ýurduň wekilleri Lebap sementiniň hiliniň ýokarydygyny, bahasynyň amatlydygyny aýratyn nygtaýarlar” diýip, zawodyň hünärmenleri gürrüň berýärler. Ozal bu ýerde «PS-400» we «PS-500» görnüşli sement öndürilýän bolsa, täze tapgyryň işe girizilmegi bilen, Türkmenistan halkara giňişlikde has uly islege eýe bolan «PS-600» görnüşli sementi hem öndürýän döwletleriň hataryna goşular. Zawodda Germaniýanyň, Italiýanyň, Fransiýanyň we Türkiýäniň meşhur önüm öndürijileriniň iň kämil enjamlary ornaşdyrylyp, olar önümçiligiň ýokary derejede alnyp barylmagyna mümkinçilik berýär. Gurluşyk senagaty üçin gymmatly önüm bolan sement öndürýän täze zawodyň gurluşygynda ekologik howpsuzlyk kadalary-da göz öňünde tutulypdyr. Hasaplamalara görä, bu ýerde önümçilik wagtynda howa we suwa zyýanly maddalaryň bölünip çykýan mukdary rugsat edilýäninden hem ep-esli azdyr.
Çig mallaryň gazylyp alynýan känlerine golaýdygy, ýük daşamak boýunça çykdajylary tygşytlamaga uly mümkinçiligi bilen tapawutlanýan Lebap sement zawodynyň ikinji tapgyrynda 250-ä golaý işgäriň talabalaýyk zähmet çekmegi üçin ähli zerur şertler bar.
***
Tutumly dabarany sowup, birek-biregi bu uly waka bilen gutlap, Köýtendagdan ugradyk. Döwürler aýlanyp, heňňamlar özgerýär. Magtymguly Pyragynyň Ýeriň myhyna deňän, «Sorsaň habar berer Nuhdan» diýen daglary bolsa, hon-ha, şo-ol ýaradylmyş ruhy bilen seleňläp dur. Daglaryň beýikliginiň olardan uzaklaşdygyňça has aýdyň görünýändigi çyn. Bu diňe daglara däl, ähli beýikliklere-de mahsus häsiýet bolarly. Il-halkyň bähbidini araýan beýik işler hem uzak geljegi nazarlap, olaryň maksady, mazmuny nesilleriň abadan durmuşynda aýan-oraşan ýüze çykýar.
Kakamyrat REJEBOW.
“Türkmenistan”. Aşgabat — Köýtendag — Aşgabat.